-
Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?Maşgala bagtynyň syry
-
-
16, 17. a) Ýehowanyň beren haýsy kanuny ysraýyllylary käbir keselden goraýardy? b) Kanun taglymaty 23:12, 13-nji aýatlardaky prinsipi ähli maşgalalar nädip ulanyp biler?
16 Geliň, başga bir mysala seredeliň. Ysraýyllylaryň sežde edişini we gündelik durmuşyny tertip-düzgüne salmak üçin, Hudaý olara takmynan 3 500 ýyl mundan ozal Kanun berdi. Kanundaky gigiýenanyň esasy düzgünleri halky keselçilikden goraýardy. Şol düzgünleriň biri boýunça adamlaryň ýaşaýan ýerini arassa saklamak üçin nejasadyňy düşelgeden daşarda ýere gömmelidi (Kanun taglymaty 23:12, 13). Bu gadymy düzgün şu günlerem peýdaly. Bu düzgüne eýermeýän adamlar şu günlerem keselleýärler we ölýärler.a
-
-
Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?Maşgala bagtynyň syry
-
-
a Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy çagalaryň ölümine sebäp bolýan, giňden ýaýran içgeçme keselinden goramak üçin şeýle maslahat berýär: «Eger hajathana bolmasa, onda ýaşalýan ýerden, çagalaryň oýnaýan ýerinden we suw alynýan ýerden azyndan 10 metr uzaklykda meýdan etmeli, nejasadyňy ýere gömmeli».
-