-
«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
23. Rut näme barada pikir edýär we garyplaryň aladasyny etmek üçin Ýehowanyň nähili kanuny bardy? (Şeýle-de çykgyda seret).
23 Rut Nagomy bilen Beýtlahamda ornaşansoň, özüni we gaýyn enesini eklemek barada pikir edýär. Ol garyplaryň aladasyny etmek üçin Ýehowanyň ysraýyllylara kanun berendigini bildi. Garyplar orak döwri ekin meýdanlaryna baryp, orakçylaryň yzyndan galan-gaçan hoşalary çöpläp, atyzlaryň gyrasynda galan hasyly orup bilýärdic (Lew. 19:9, 10; Kan. tag. 24:19—21).
24, 25. Rut Bowazyň ekin meýdanyna gelende, ilki bilen, näme etdi we hoşa çöplemek nähili işdi?
24 Arpa orulýan döwür, ýagny aprel aýy Rut arpanyň hoşalaryny çöplemäge ekin meýdanlaryna çykýar. Şonda ol tötänden Bowaz atly baý adamyň ekin meýdanyna barýar. Ol Nagomynyň ýoldaşy Elimelegiň garyndaşydy. Musanyň kanunyny boýunça, Rut hoşalary soramanam çöpläp bilerdi, emma ol orakçylaryň ýolbaşçysyndan rugsat soraýar. Ol rugsat berensoň, Rut derrew işe girişýär (Rut 1:22—2:3, 7).
-
-
«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»Olaryň imanyndan görelde alyň
-
-
c Şonuň ýaly kanun Rutuň önüp-ösen ýurdunda ýokdy. Şol döwür Gündogar ýurtlarynda dul aýallar äsgerilmeýärdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Dul aýalyň aladasyny köplenç ogullary edýärdi. Eger onuň ogullary bolmasa, ol özüni gulçulyga satýardy ýa-da ahlaksyzlyga baş goşup, kemçin bolýardy ýa ölýärdi».
-