Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 10—14
  • Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine eýerýärmiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine eýerýärmiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Köpçüligiň yzyna düşme»
  • «Ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmaň»
  • «Dereksiz butlaryň» yzyna düşmäň
  • Ine, uly märeke!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýehowanyň tagtynyň öňünde duran uly märeke
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Paýhasly karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 10—14

Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine eýerýärmiň?

«Her hili galp ýoly ýigrenýärin» (ZEB. 119:128).

1, 2. a) Dostuňdan gitjek ýoluňy sorap, nähili duýduryşlary höwes bilen diňlärsiň we näme üçin? b) Ýehowa bize näme barada duýdurýar we näme üçin?

AÝDALY, sen bir ýere barmaly, ýöne ýoluny bilmeýärsiň. Emma sen şol ýoly bilýän ynamdar dostuňdan kömek soraýarsyň. Ol saňa ýoly salgy berip, ýoluň ugrunda duş gelýän käbir howplar barada maslahat hem berýär. Meselem, ol bir düşnüksiz ýol belgisi barada duýduryş berýär. Köp adamlar şol belgä görä gidip, azaşdylar. Sen şol duýduryşlary höwes bilen diňläp, olara ünsli bolmazmyň? Göçme manyda biz hem ýola çykdyk. Biz ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýäris. Ýehowa biziň Dostumyz hökmünde ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly görkezýär. Şeýle-de Ýehowa bize oňa gulak asmaga päsgel berýän howplar barada duýdurýar (Kan. tag. 5:32; Iş. 30:21).

2 Biz şu we indiki makalada şol howplar barada gürrüň ederis. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Hudaý bizi söýýändigi üçin dostumyz hökmünde şeýle howplar barada duýdurýar. Ol biziň ebedi ýaşamagymyzy isleýär. Adamlar nädogry karara gelip, gulluk etmegini goýsa, ol gynanýar (Ezek. 33:11). Biz şu makalada üç howpa serederis. Birinjiden, köpçüligiň yzyna düşmek. Ikinjiden, ýüregiňe eýermek. Üçünjiden bolsa, dereksiz zatlara eýermek. Biz şol howplar we Ýehowanyň olardan nädip gaça durmaga kömek edýändigi barada bilmeli. Bir mezmurçy şol howplar barada bilip, şeýle diýýär: «Her hili galp ýoly ýigrenýärin» (Zeb. 119:128). Ol Ýehowa gulak asmaga päsgel berýän ähli zady ýigrenýärdi. Sen hem şeýle zatlary ýigrenýärmiň? Geliň, her hili «galp ýollardan» nädip gaça durup bolýandygyna seredeliň.

«Köpçüligiň yzyna düşme»

3. a) Ýola düşenimizde, haýsy ýoldan gitmelidigini bilmesek, köpçüligiň yzyna düşmek näme üçin howply? b) Müsürden çykyş 23:2-de nähili prinsip bar?

3 Aýdaly, sen uzak ýola düşdüň, birdenkä haýsy ýoldan gitmelidigini bilmeýärsiň. Sen köp adamlaryň başga ýoldan ýöreýänini göreniňde, aňsatlyk bilen olaryň yzyna düşmegiň mümkin. Emma köpçüligiň yzyna düşüp gitmek howply. Belki, olar seniň gitjek ýeriňe barýan däldir. Ýa-da olar hem sen ýaly azaşyp ýörendir. Bu mysal bize Ýehowanyň ysraýyllylara beren bir kanunyna, ýa-da prinsipine düşünmäge kömek edýär. Ýehowa kazyýetdäki kazylara we şaýatlara ýüzlenýär. Hudaý olara adamlara ýaranmak üçin köpçüligiň yzyna düşüp, nädogry karara gelmegiň howpludygy barada duýdurdy (Müsürden çykyş 23:2-ni okaň)a. Bikämil adamlar adatça köpçüligiň yzyna düşýär. Emma «köpçüligiň yzyna düşme» diýen prinsip diňe bir kazyýetdäki kazylara we şaýatlara degişli däl.

4, 5. Ýeşuw bilen Kalep haçan köpçüligiň yzyna düşäýmegi ahmaldy? Näme üçin olar batyrgaýdy?

4 Durmuşda ähli ýagdaýlarda köpçüligiň yzyna düşmäge isleg döräp biler. Şeýle ýagdaýlaryň duýdansyz ýüze çykmagy sebäpli, köpçüligiň yzyna düşmezlik has-da kyn bolup biler. Geliň, Ýeşuw we Kalep bilen bolan waka seredeliň. Bu iki ysraýylly we başga-da on adam Wada edilen diýary synlamaga iberilýär. Olar yzyna dolanyp gelende, onusy gürrüňleri bilen ysraýyllylary gorkuzýar. Olaryň aýtmagyna görä, şol ýurtda nefilleriň neslinden bolan haýbatly hem güýçli adamlar ýaşaýar (Gel. çyk. 6:4). Ýöne nefiller ýüzlerçe ýyl öň, ýagny Nuhuň tupanynda ýok edilipdi. Olaryň çagalary-da galmandy. Emma ysraýyllylaryň imany gowşakdygy sebäpli, şol on adamyň sözlerine ynanýarlar. Imany gowşak adam Hudaýa bil baglaman, adamlaryň ýalan sözlerine ynanyp başlaýar. Tizden ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowanyň Wada edilen diýara girmeli diýen görkezmesine eýermeli däldir öýdýärler. Şol kyn ýagdaýda Ýeşuw bilen Kalep näme etdi? (San. 13:25—33).

5 Ýeşuw bilen Kalep «köpçüligiň yzyna düşmedi». Ysraýyllylar hakykaty eşitmek islemese-de, olaryň ikisi-de gorkman hakykaty aýtdy. Ysraýyllylar Ýeşuw bilen Kalebi öldürjek bolsa-da, olar ýalan sözlemedi! Olar näme üçin şeýle batyrgaýdy? Sebäbi olar Ýehowa iman edýärdi. Hudaýa berk iman edýänler adamlaryň ýalan sözlerine däl-de, Ýehowanyň aýdýan sözlerine ynanýar. Soň-soňlar hem Ýeşuw bilen Kalep Ýehowa imany barada gürrüň berende, Hudaý wadalaryny hemişe ýerine ýetirýändigini aýtdy (Ýeşuw 23:14-i okaň)b. Ýeşuw bilen Kalep Hudaýy söýýärdi we oňa bil baglaýardy. Olar adamlaryň göwnünden turjak bolup, Ýehowany gynandyrmak islemeýärdi. Şonuň üçin olar köpçüligiň yzyna düşmän, bize ajaýyp görelde galdyrdy (San. 14:1—10).

6. Haýsy ýagdaýlarda köpçüligiň yzyna düşmäge isleg döremegi mümkin?

6 Käte sen hem köpçüligiň yzyna düşmek isleýärmiň? Adamlaryň köpüsi Ýehowany sylamaýar. Olar Hudaýyň ýagşylyk we ýamanlyk barada aýdýan sözlerini äsgermezlik edýärler. Olar nämäniň dogrudygyny we nämäniň erbetdigini özleri çözüp, bizi-de şol ýalan düşünjelerine ynandyrjak bolýarlar. Meselem, olar ahlaksyzlyk, zorluk-sütem we jadygöýlik görkezilýän telegepleşikleri, kinolary görmegiň hem kompýuter oýunlaryny oýnamagyň hiç hili erbetligi ýok diýýärler (2 Tim. 3:1—5). Sen maşgalaň bilen nädip dynç alýaň? Sen nämäniň ýagşydygyny ýa-da ýamandygyny adamlaryň aýdýan we edýän zatlary esasynda çözýärmiň? Eger şeýle edýän bolsaň, onda sen köpçüligiň yzyna düşýärsiň.

7, 8. a) Biz nädip «saýgarma ukyplarymyza» terbiýe berýäris we bu näme üçin belli bir spisoga eýereniňden has gowy? b) Sen näme üçin köp ýaş mesihçileriň gowy göreldesine begenýärsiň?

7 Ýehowa bize karara gelmäge kömek edýän ajaýyp sowgat berdi. Biz çuňňur oýlanyp, ýagşyny we ýamany saýgaryp bilýäris. Injilde bu sowgada «saýgarma ukyplary» diýilýär. Biz saýgarma ukyplarymyza terbiýe bermeli (Ýew. 5:14). Biz başga adamlaryň edýänini etsek ýa-da olaryň gepine gitsek, saýgarma ukyplarymyzy terbiýeläp bilmeris. Köp ýagdaýlarda ynsabymyza görä karara gelmeli. Meselem, Ýehowanyň gullukçylary başga biri olara derek karara gelip, zyýanly filmleriň, kitaplaryň we Internet sahypalarynyň spisogyny berer öýtmeli däl. Şeýle spisok düzülse, onda ony hemişe täzeläp durmaly bolardyk (1 Kor. 7:31). Emma başgalaryň bize derek karara gelmeli däl diýip pikir etmegimiziň esasy sebäbi, biz Ýehowanyň beren ukybyny ulanyp, karara gelmek isleýäris. Ýehowa biziň Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlar barada çuňňur oýlanyp, görkezme barada doga edip, soňra oňa ýaraýan karara gelmegimizi isleýär (Efes. 5:10).

8 Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanýan karara gelsek, käbir adamlar halamaz. Meselem, mekdepde okaýan ýaş mesihçilere has kyn bolýar, sebäbi deň-duşlary olara öz edýän işlerini etdirjek bolýarlar (1 Pet. 4:4). Ýöne ýaş mesihçileriň aglabasy köpçüligiň yzyna düşmeýär. Hawa, ýaş hem gartaşan mesihçileriň Ýeşuw hem Kalep ýaly berk iman edýändigine çäksiz begenýäris.

«Ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmaň»

9. a) Ýola düşeniňde, gowy görnen ýoly saýlamak näme üçin howply? b) Hudaýyň Sanlar 15:38, 39-njy aýatlarda beren kanuny halkyna näme üçin wajypdy?

9 Ikinjiden, bize ýüregimiz howp salýar. Aýdaly, sen bir ýere barmak üçin ýola düşdüň we eliňde kartaň bar. Eger-de sen kartaňy ulanman, gözüňe ýakymly görnen ýoldan gitseň, nähili bolar? Onda sen barmaly ýeriňe hiç haçan barmarsyň. Biz bu mysal arkaly Ýehowanyň ysraýyllylara öwreden başga bir prinsipine düşünýäris. Hudaý şol prinsipe esaslanyp, bir kanun berdi. Bu barada Sanlar 15:38, 39-njy aýatlarda aýdylýar (Okaň)c. Şu günler adamlaryň köpüsi gotazjyk we gök ýüplük baradaky kanuna düşünmeýärler. Sen bu kanunyň näme üçin wajyp bolandygyna düşünýärmiň? Munuň bir sebäbi Hudaýyň halky daş-töweregindäki ýaşaýan halklardan tapawutlanmalydy. Olar Ýehowanyň göwnünden turmak isleýän bolsalar, başga halklardan tapawutlanmak üçin tagalla etmelidiler (Lew. 18:24, 25). Ýöne bu kanunyň berilmeginiň başga-da bir sebäbi bardy. Geliň, bu barada gürrüň edip, Ýehowa gulak asmaga päsgel berýän ikinji howp barada köpräk bileliň.

10. Näme üçin Ýehowa adamlary örän gowy bilýär diýse bolar?

10 Ýehowa halkyna kanunyny berende: «Ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmaň» diýip, sebäbini düşündirdi. Ýehowa adamlary örän gowy bilýändigi sebäpli şeýle diýdi. Ol gözümiziň görýän zatlaryny ýüregimiziň isleýändigini bilýär. Ýehowa ýüregimiziň howpludygyny we erbet işe iterýändigini bilip, şeýle duýduryş berdi: «Ynsan ýüregi gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýar. Ony kim biler?» (Ýerem. 17:9). Ine, şonuň üçin Ýehowa ysraýyllylara ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmaň diýdi. Ysraýyllylaryň Ýehowa sežde etmeýän halklara seredip, olara meňzejek bolmagy mümkindi. Ýehowa-da muny bilýärdi. Belki, ysraýyllylar başda olara öýkünip geýinmek islärdi, soňra bolsa olar ýaly pikir edip we hereket edip başlardy (Sül. tym. 13:20).

11. Haçan ýüregimiziň we gözümiziň islegine kowalaşmagymyz mümkin?

11 Şu günler mekir ýüregimiz gözümiziň görýän zatlaryna has-da köp höwes edýär. Häzirki dünýäde günäli höwesleriňe garşy durmak aňsat däl. Eýsem, Sanlar 15:39-daky prinsip bize haýsy ýagdaýlarda kömek edip biler? Egin-eşik meselesinde ýüregimiziň we gözlerimiziň islegine kowalaşmaga höwes döräp biler. Adamlar egin-eşigi bilen başgalarda ahlaksyz pikirleri döretmek isleýär. Biz mekdepde, işde we ýaşaýan ýerimizde şeýle geýinýän adamlary hemişe görýäris. Şol sebäpli olara meňzemäge güýçli isleg döremegi mümkin. Şeýdip, biz kem-kemden mesihçi ýaly däl-de, olaryňky ýaly geýnip başlamagymyz mümkin (Rim. 12:1, 2).

12, 13. a) Käte erbet zada seredesimiz gelse, näme etmeli? b) Biz näme üçin adamlarda erbet höwes döretmeli däl?

12 Höweslerimize erk etmek örän wajyp. Biz erbet zatlardan gözümizi sowmaly. Bu babatda Eýýup pygamberiň göreldesi bize kömek edýär. Ol gözi bilen äht baglaşypdy. Ol aýalyndan başga zenanlara näzli göz bilen bakmaýardy (Eýýup 31:1). Dawut pygamber hem şeýle karara gelip: «Erbet zady gözümiň öňünde tutmaryn» diýdi (Zeb. 101:3). Biz hem Dawut ýaly, «erbet zada» seretmezligi ýüregimize düwmeli. Ähli erbet zatlar Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar. Muňa ähli görýän we ýüregimizde ýaramaz höwes döredip biljek, soňra günä iterjek zatlar degişli.

13 Biz adamlarda erbet höwes döretsek, özümiz hem «erbet zat» bolup bileris. Biz geýnişimiz bilen adamlarda erbet höwes döretmegimiz mümkin. Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahata gulak asmaly. Onda bize «ýaraşykly egin-eşikleri» «salykatly» geýmeli diýilýär (1 Tim. 2:9). Eger biz «salykatly» geýinsek, diňe özümize ýaraýan zatlary geýmeris. Biz daş-töweregimizdäki adamlaryň pikirini hem göz öňünde tutarys. Bu babatda özümiziň däl-de, ýakynymyzyň göwnünden turmak isleýäris (Rim. 15:1, 2). Häzir mesihçiler ýygnagyndaky müňlerçe ýaşlar geýnişi bilen ajaýyp görelde görkezýär. Olaryň ýüreginiň we gözüniň islegine kowalaşmaýanyna çäksiz begenýäris. Olar ähli zatda Ýehowany razy etmek isleýärler.

«Dereksiz butlaryň» yzyna düşmäň

14. Samuel «dereksiz butlar» barada nähili duýduryş berdi?

14 Aýdaly, seniň barýan ýoluň uly çölüň içinden geçýär. Birdenem, gözüňe salgym, ýagny suw görünýär. Ol hakyky suw däl. Bu ýöne bir hyýal! Sen ýoldan çykyp, şoňa tarap ýöreseň, näme bolar? Elbetde, azaşyp, çölde heläk bolarsyň. Şonuň ýaly Ýehowa hem hakyky däl zada bil baglamagyň howpludygyny bilýär. Bir gezek ol ysraýyllylara şeýle howp barada duýdurdy. Özge milletleriň ählisinde ynsan patyşa bolandygy sebäpli, ysraýyllylar hem ynsan patyşasynyň bolmagyny islediler. Olar Ýehowanyň Patyşa bolmagyny islemeýärdi, bu bolsa agyr günä hasaplanýardy. Ahyrsoňy, Ýehowa olaryň ynsan patyşa saýlamagyna razy bolsa-da, Samuel pygamber arkaly duýduryş berdi. Samuel pygamber «dereksiz butlara», ýagny kömek edip bilmejek zatlara bil baglamagyň howpludygyny aýtdy (1 Samuel 12:21-i okaň)d.

15. Ysraýyllylaryň «dereksiz butlara» bil baglandygy nämeden görünýär?

15 Megerem, ysraýyllylar Ýehowa däl-de, ynsan patyşa bil baglamak has aňsat bolar öýdendirler. Olar şeýle pikir etseler, «dereksiz butlara» bil baglydygy bolardy. Sebäbi bir «dereksiz buta» eýerip, olar Şeýtanyň başga-da «dereksiz butlaryna» bil baglap başlardy. Meselem, ynsan patyşa olary butlara sežde etdirip bilerdi. Buta sežde edýän adamlar agaçdan ýa daşdan ýasalan taňrylary görüp hem elläp bilýändigi üçin bil baglaýarlar. Olar ähli zady ýaradan, göze görünmeýän Ýehowa Hudaýa bolsa, bil baglamaýar. Ýöne Pawlus resul şol butlaryň «hiçdigini» aýtdy (1 Kor. 8:4). Butlar görenogam, eşidenogam, geplänogam, başga-da zatlary edip hem bilenok. Butlary görüp ýa elläp bilýändigimiz üçin sežde etmek akylsyzlykdyr. Butlar hiç kime kömek edip bilmeýär. Olar «hiç bir derde ýaramaýar» we «olara bil baglaýanlaryň ählisi olaryň özi ýaly bolar» (Zeb. 115:4—8).

16. a) Şeýtan häzirem nädip adamlary «dereksiz butlara» sežde etdirýär? b) Ýehowadan tapawutlykda, näme üçin pul we maddy zatlar «hiç bir derde ýaramaz» diýip bolar?

16 Şeýtan örän hilegär. Ol häzirem adamlary «dereksiz butlara» sežde etdirýär. Meselem, ol bagtly hem rahat ýaşamak üçin puluň, gowy işiň we köp owadan zatlaryň bolmalydygyna ynandyrjak bolýar. Adamlar hem kynçylyklaryny çözmek üçin şol zatlara bil baglaýarlar. Eýsem, olar syrkawlasa, ykdysady çökgünlik ýa-da tebigy betbagtçylyk bolsa, şol zatlar adamlara kömek edermi? Şol zatlar adamyň durmuşyny has manyly edip bilermi? Olar durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglara jogap berermi? Ölüm ýassygynda ýatan adamyň dadyna ýetişermi? Eger biz pula we maddy zatlara bil baglasak, lapykeç bolarys. Pul we maddy zatlar bizi bagtly edip bilmez, olar bizi keselçilikden, ölümden hem gorap bilmez. Olar «hiç bir derde ýaramaýar» (Sül. tym. 23:4, 5). Ýöne Ýehowa diri we hakyky Hudaý! Hakykatdan-da, bagtly we rahat ýaşamak üçin Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmeli. Diňe Ýehowa biziň kynçylyklarymyzy çözüp biler. Biz Hudaýyň dostudygymyza begenýäris. Biz ony terk edip, «dereksiz butlaryň» yzyna düşmek islemeýäris.

17. Sen şu makalada berlen duýduryşlara görä, näme edersiň?

17 Biz Ýehowa ýaly dostumyzyň bardygyna we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoly görkezýändigine begenýäris. Eger biz onuň berýän duýduryşlaryna ünsli bolsak, onda ebedi ýaşap bileris. Biz şu makalada köp adamlary nädogry ýoldan ýöremäge iterýän üç howpa seretdik. Olar köpçülik, ýüregimiz we «dereksiz butlar». Indiki makalada Ýehowanyň beren ýene-de üç duýduryşyna seredip, «galp ýoly» ýigrenmegi we ondan gaça durmagy öwreneris (Zeb. 119:128).

a Müsürden çykyş 23:2. Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.

b Ýeşuw 23:14. Hudaýyňyz Ýehowanyň siz barada aýdan ähli ýagşy sözleriniň ýerine ýetendigini bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz, siziň üçin bary ýerine ýetdi. Olaryň hiç biri berjaý bolman galmady».

c Sanlar 15:38. Ysraýyllylara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar. 39 Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.

d 1 Samuel 12:21. Ýoldan çykyp, dereksiz butlaryň yzyna düşmäň. Olar halas edip bilmez, hiç bir derde ýaramaz.

Siz nähili pikir edýärsiňiz?

Sen şu aýatlardaky prinsiplere nädip eýerip bilersiň?

• Müsürden çykyş 23:2

• Sanlar 15:37—39

• 1 Samuel 12:21

• Zebur 119:128

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş