-
«Wadaňy berjaý et»Garawul diňi — 2017 | Aprel
-
-
7. a) Hanna Hudaýa näme söz berdi we näme üçin? Netijede näme boldy? b) Hannanyň beren sözi ogly Şamuwele nähili täsir edip bilerdi? (Çykgyda serediň).
7 Hanna hem Ýehowa beren sözünde durýar. Ol «ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan» ýaňa halys bolanda, Hudaýa söz beripdi. Sebäbi onuň çagasy bolmaýardy we gündeşi ony hemişe kemsidýärdi (1 Şam. 1:4—7, 10, 16). Hanna Ýehowa ýüregini döküp, şeýle kasam edýär: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyrb edeýin, onuň kellesine päki degmez» (1 Şam. 1:11). Ýehowa Hannanyň dilegini eşidip, oňa bir ogul berýär. Şonda Hanna, gör, nähili begenendir! Ýöne ol Hudaýa beren wadasyny unutmaýar. Ol ogly bolanda: «Men muny Rebden diläp aldym» diýýär (1 Şam. 1:20).
-