Dostlugyňyza howp abananda näme edersiňiz?
Jonni bilen Maurisio takmynan 50 ýyldan bäri ýakyn dost. Emma bir gezek olaryň dostlugyna howp abanýar. Maurisio muny şeýle düşündirýär: «Men agyr günä edip, dostlugyma uly zyýan ýetirdim». Jonni bolsa şeýle diýýär: «Maurisio meniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçipdi. Men ondan kömek we maslahat soraýardym. Şonuň üçin onuň agyr günä edendigini eşidenimde, öz gulagyma ynanmadym. Dünýäm daralan ýaly boldy, sebäbi indi ikimiziň bir ýoldan ýöräp bilmejekdigimizi bilýärdim. Men özümi terk edilen ýaly duýdum».
DOSTLUGY hazyna meňzetse bolýar. Hazynany bir günde ýygnap bolmaýşy ýaly, hakyky dostlugy hem bir günde gazanyp bolmaýar. Dostlugymyza howp abananda näme edip bileris? Mukaddes Ýazgylarda ýakyn dost bolan adamlar hakda gürrüň berilýär. Geliň, olaryň dostlugyna howp abananda näme edendiklerine seredeliň.
DOSTUŇYZ ÝALŇYŞANDA...
Ýaş wagty çopançylyk eden Dawut patyşanyň gowy dostlary bardy. Belki-de, siziň ýadyňyza derrew Ýonatan düşendir (1 Şam. 18:1). Ýöne Dawudyň başga-da dostlary bardy. Olaryň biri Natan pygamber. Mukaddes Ýazgylarda olaryň haçan dost bolandygy barada aýdylmaýar. Ýöne Dawut patyşa bolanda, Natan ikisi jana-jan dostdular. Meselem, Dawut Ýehowa üçin ybadathana gurmakçy bolanda, ol dosty Natanyň pikirini bilmek isleýär. Sebäbi onda Ýehowanyň ruhy bardy (2 Şam. 7:2, 3).
Emma bir gezek olaryň dostlugyna howp abanýar. Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edýär, soňra onuň adamsy Uryýany öldürýär (2 Şam. 11:2—21). Dawut Ýehowanyň wepaly gullukçysy we adalaty söýýän adam bolsa-da, gör, nähili agyr günä etdi! Şeýle gowy patyşanyň günä etmegine näme sebäp bolduka? Ol eden işiniň agyr günädigini bilmeýärdimi? Ýa-da ol eden etmişini Hudaýdan gizlärin öýtdümi?
Natan näme edip bilerdi? Ol bu meseläni çözmegi başga birine tabşyryp bilermidi? Käbir adamlar Dawudyň Uryýany öldürdendigini bilýärdi. Natan bu işe goşularmy ýa-da Dawut bilen dostlugyna zyýan ýetirmejek bolup çetde durar? Eger ol Dawuda baryp aýtsa, janyny-da ýitirip bilerdi. Sebäbi Dawudyň buýrugy bilen bigünä Uryýa öldürilipdi.
Emma Natan Hudaýyň wekilidi. Eger ol Dawudyň etmişini aýtmasa, Dawut bilen dostlugynyň öňküsi ýaly bolmajakdygyny we ynsabynyň hem ezýet berjekdigini bilýärdi. Sebäbi Dawut agyr günä edip, Ýehowany gynandyrypdy. Dawut haýal etmän yzyna dolanar ýaly, oňa kömek gerekdi. Hawa, ol Natan ýaly hakyky dostuň kömegine mätäçdi. Natan pygamber öň çopan bolan Dawudyň ýüregine täsir edäýjek bir mysaly saýlap, oňa Hudaýyň habaryny aýdýar. Bu bolsa Dawudy eden etmişini boýun alyp, toba etmäge höweslendirýär (2 Şam. 12:1—14).
Eger dostuňyz agyr günä etse, siz näme edersiňiz? Mümkin, siz: «Oňa ýalňyşyny aýtsam, dostlugymyza zyýan ýeter» diýýänsiňiz. Ýa-da: «Ruhy taýdan kömek eder ýaly ýaşululara aýtsam, dostuma dönüklik ederin» diýip pikir edýänsiňiz. Siz näme edersiňiz?
Makalanyň başynda agzalan Jonni şeýle ýatlaýar: «Men bir zadyň bolandygyny bilýärdim, sebäbi Maurisionyň öňküligi ýokdy. Men nähili kyn bolsa-da, Maurisio bilen gepleşmegi ýüregime düwdüm. Ýöne men: „Oňa nädip aýtsamkam? Näme etmelidigini onuň özi gowy bilýär-ä. Birden gahary geläýse?“ diýip aladalanýardym. Şonda okuw geçen günlerimizi ýatladym. Bu maňa onuň bilen gepleşmäge güýç berdi. Maňa kömek gerek bolanda, Maurisio hemişe meni goldardy. Men Maurisio bilen dostlugymy ýitirmek islemeýärdim. Şonuň üçin oňa ýürekden kömek edesim gelýärdi».
Maurisio şeýle gürrüň berýär: «Jonniniň, dogrudanam, maňa kömek edesi gelýärdi. Men eden etmişime onuňam, Ýehowanyňam günäkär däldigini bilýärdim. Şonuň üçin men ýaşulularyň beren maslahatyny kabul edip, wagtyň geçmegi bilen ruhy taýdan dikeldim».
DOSTUŇYZ KYN GÜNE DÜŞENDE...
Kyn gününde Dawuda başga-da wepaly dostlary kömek etdi. Mukaddes Ýazgylarda Huşaýyň «Dawudyň dosty» bolandygy aýdylýar (2 Şam. 16:16; 1 Ýyl. 27:33). Ol köşk emeldary bolup gulluk eden bolmaly we patyşanyň ýakyn dostlarynyň biridi. Şonuň üçin käte patyşa oňa wajyp ýumuşlary tabşyrýardy.
Abşalom kakasynyň tagtyny eýelände, ysraýyllaryň köpüsi ýaly Huşaý onuň tarapyna geçmedi. Dawut ogly Abşalomdan gaçyp barýarka, Huşaý onuň yzyndan gidýär. Oglunyň we käbir ynamdar dostlarynyň dönüklik edendigi üçin, Dawut özüni gaty erbet duýýardy. Emma Huşaý oňa wepaly boldy. Ol hatda Abşalomyň dildüwşügini bozmak üçin janyny howp astyna salýar. Huşaý muny köşk emeldary hökmünde özüni borçly hasaplap däl-de, dosty Dawuda wepaly bolandygy üçin etdi (2 Şam. 15:13—17, 32—37; 16:15—17:16).
Şu günlerem agzybir gulluk edýän dogan-uýalary görmek diýseň begendirýär. Olar özlerine tabşyrylan işdenem has köp zatlary edýärler. Şeýle etmek bilen, olar göýä: «Men muny diňe bir dostlugymyzyň hatyrasyna däl, eýsem, seni juda gowy görýändigim üçin edýärin» diýýärler.
Federiko doganymyz bu sözleriň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Kyn gününde oňa ýakyn dosty Antonio kömek edipdi. Federiko şeýle ýatlaýar: «Antonio ýygnagymyza geçende, biz onuň bilen derrew dostlaşdyk. Ikimizem hyzmatçy dogandyk we bile gulluk etmekden şatlyk tapýardyk. Biraz wagtdan ony ýaşuly edip bellediler. Ol diňe bir meniň dostum däldi, men ondan görelde alýardym». Soňra Federiko günä edýär. Ol berlen kömegi derrew kabul etse-de, indi pioner we hyzmatçy bolup gulluk edip bilmeýärdi. Bu ýagdaý Antonio doganymyza nähili täsir etdikä?
Federiko kyn güne düşende, dosty Antonio ony diňledi we ruhlandyrdy
Federiko şeýle gürrüň berýär: «Antonio meniň derdimi çekişdi we duýgy taýdan goldaýardy. Ruhy taýdan dikelmegim üçin elinde baryny etdi we meni hiç haçan taşlamady. Ol hemişe meni ruhy taýdan dikelmäge höweslendirýärdi». Antonio şeýle diýýär: «Men köp wagtymy Federiko bilen geçirýärdim. Derdini çekinmän aýdar ýaly, ýanymda özüni arkaýyn duýmagyny isleýärdim». Tizden Federiko ruhy taýdan dikeldi we ýene-de pioner hem-de hyzmatçy dogan edip bellendi. Antonio: «Biz häzir aýry ýygnakda gulluk etsek-de, öňkimiz ýaly jana-jan dost» diýýär.
ÖZÜŇIZI ALDANAN ÝALY DUÝUPDYŇYZMY?
Dostuňyz iň gerekli wagty sizden ýüz öwürse, özüňizi nähili duýardyňyz? Siz ony bagyşlap bilerdiňizmi? Eýsem, siz onuň bilen öňkiňiz ýaly ýakyn dost bolup bilersiňizmi?
Geliň, Isanyň ölümine birnäçe gün galanda bolan wakalary ýada salalyň. Ol köp wagtyny wepaly resullary bilen geçirip, olar bilen has-da ysnyşýar. Şonuň üçin Isanyň olara «dostlarym» diýmegi örän ýerliklidi (Ýah. 15:15). Emma Isany tussag edenlerinde, olaryň näme edendikleri ýadyňyzdamy? Olar Isany taşlap, gaçyp gitdiler. Petrus hemmeleriň öňünde Halypasyny hiç haçan terk etmejekdigini aýtsa-da, hut şol gijäniň özünde ony tanamaýandygyny aýdýar! (Mat. 26:31—33, 56, 69—75).
Isa soňky synagda ýeke galjakdygyny bilýärdi. Ýöne şonda-da bu oňa juda agyr degdi. Isa direlenden birnäçe gün geçensoň, şägirtleri bilen gürrüňdeş bolýar. Bu onuň tamasyny ödemedik resullaryndan öýkelemändigini görkezýär. Ol şägirtlerine kemçiliklerini, şol sanda tussag edilen gijesi eden işlerini aýtmak barada asla pikirem etmedi.
Gaýtam, Isa Petrusa we beýleki resullaryna ynanýandygyny görkezdi. Ol adamzat taryhynda iň wajyp bolan tälim bermek işini tabşyryp, olara gerekli görkezmeleri berdi. Hawa, Isa resullaryny hemişekisi ýaly ýakyn dosty hasaplaýardy. Onuň söýgüsi şägirtlerine güýçli täsir etdi. Bu bolsa olara mundan beýläk Halypasyna wepaly bolmaga ýardam etdi. Bilşimiz ýaly, şägirtler özlerine tabşyrylan işi üstünlikli amala aşyrdylar (Res. iş. 1:8; Kol. 1:23).
Elwira atly uýamyz jana-jan jorasy Juliana bilen bolan düşünişmezligi ýatlap, şeýle diýýär: «Joram maňa eden işimiň oňa agyr degendigini aýdanda, men gaty geň galdym. Ýöne onuň aýdýanlary dogrudy. Meniň özüm günäkär bolsam-da, ol men barada ýürekden alada edýärdi. Bu maňa güýçli täsir etdi. Ol meniň eden etmişime üns bermän, gaýtam, maňa ýalňyşyma düşünmäge kömek etdi. Men muny hiç haçan unutmaryn. Meniň peýdam üçin hatda öz duýgularyndan hem geçmäge taýyn ýürekdeş joramyň bardygyna Ýehowa diýseň minnetdardyryn».
Diýmek, siz dostlugyňyza howp abananda näme edersiňiz? Dostuňyz ýa joraňyz bilen mähirli, ýöne aç-açan gepleşiň. Kyn gününde oňa Natan we Huşaý ýaly wepaly boluň. Isa ýaly ýürekden bagyşlaň. Size şeýle dost diýse bolarmy?