Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ol oýa bolup garaşdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
    • 17, 18. a) Ýizregele barýan ýolda Ylýas pygambere näme boldy? b) Ylýas pygamberiň Karmelden Ýizregele çenli yglap gitmegi näme üçin geňdi? (Şeýle-de çykgyda seret).

      17 Ylýas pygamber Ahap patyşanyň giden ýoluna düşýär. Oňa uzak ýol garaşýardy, ýagyş ýagyp, asmany bulutlar büräpdi we garaňky düşüpdi. Soňra bir täsin zat bolýar.

      18 «Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi» (1 Pat. 18:46). Ýehowa gudrat arkaly Ylýas pygambere güýç berýär. Sebäbi Ýizregel Karmel dagyndan 30 km uzaklykda ýerleşýärdi, Ylýas pygamberem ýaş däldib. Göz öňüne getir, ol uzyn dony päsgel bermez ýaly, biline guşap, suwly ýoldan ylgap barýar. Ol şeýle çalt ylgaýar welin, Ahabyň arabasynyň yzyndan ýetip, ondan geçip gidýär!

      19. a) Hudaýyň Ylýas pygambere güýç-kuwwat bermegi haýsy pygamberligi ýatladýar? b) Ylýas pygamber Ýizregele ylgap barýarka nämä berk ynanýardy?

      19 Hudaýyň Ylýas pygambere güýç bermegi uly bereketdi! Ol hatda ýaş wagty-da özünde şeýle güýç-kuwwaty, gujurlygy we çydamlygy duýan däldir. Biz Jennetde Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň kämil saglygynyň we gujur-gaýratdan doly boljakdygy baradaky pygamberligiň ýerine ýetjekdigine ynanýarys (Işaýa 35:6-i oka;c Luka 23:43). Ylýas pygamber ylgap barýarka, Atasynyň ondan razydygyna we diňe Ýehowanyň hak Hudaýdygyna berk ynanýardy!

  • Hudaý oňa teselli berdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
    • 1, 2. Ylýas pygamberiň durmuşyndaky wajyp gün nähili wakalar bolup geçdi?

      YLÝAS PYGAMBER ýagyş ýagyp, garaňky düşse-de, ylgap barýardy. Onuň ýaşy bir çene barsa-da, Ýizregele çenli köp ýol geçmelidi. Ol ýadaman ylgap barýardy, sebäbi Hudaý oňa güýç beripdi. Ol özüni hiç haçan şeýle gujurly duýmandy. Şonuň üçin ol Ahap patyşanyň arabasynyň yzyndan ýetip, öňe geçip gidýär! (1 Patyşalar 18:46-ny oka)a.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş