-
Hudaý oňa teselli berdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
20, 21. a) Ylýas pygamber Horep dagynda nämeler gördi? b) Ylýas pygamber Ýehowanyň güýjüni görensoň nämä göz ýetirdi?
20 Ýehowa Ylýas pygamberiň gorkandygyna we lapykeç bolandygyna nähili garady? Perişde Ylýasa gowagyň agzynda dur diýýär. Ol näme boljagyny bilmese-de, perişdä gulak asýar. Birden güýçli ýel turup, daglary sarsdyrýar we gaýalary lerzana getirýär! Göz öňüne getir, Ylýas pygamber dony bilen ýüzüni ýapyp, ýelden goranýar. Soňra güýçli ýer titreýär we oňa aýak üstünde durmak kyn bolýar. Ondan soň, güýçli ot gelýär we Ylýas pygamber onuň howrundan ýaňa gowagyň içine çekilýär (1 Pat. 19:11, 12).
Ýehowa gudratly güýjüni görkezip, Ylýas pygambere göwünlik berip ruhlandyrdy
21 Biz Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň ýöne bir tebigy güýç däldigini bilýäris. Ylýas pygamber Ýehowanyň «buludyň üstünde oturyp», ýagyş ýagdyrýan Bagal ýaly ýalan taňry däldigini bilýärdi. Ýehowa ähli tebigy güýçleriň Gözbaşy bolandygy üçin, ol ýaradan zatlarynyň ählisinden güýçlüdir. Hatda göklerem Ýehowany içine sygdyryp bilmeýär! (1 Pat. 8:27). Ylýas pygambere gören zatlary nähili täsir etdi? Ýadyňa düşýän bolsa, Ylýas pygamber gorkupdy. Indi ol Gudratygüýçli Ýehowanyň onuň tarapyndadygyny bilip, Ahapdan we Izebelden gorkmaýar (Zebur 118:6-ny oka).
22. a) «Mylaýym, pessaý ses» Ylýas pygambere eden işleriniň biderek däldigini nädip görkezdi? b) «Mylaýym, pessaý ses» kimiňkidi? (Çykgyda seret).
22 Ylýas pygamber ot geçensoň, «mylaýym, pessaý sesi» eşidýär. Ylýas pygambere ikinji gezek ýüregindäkini aýtmaga mümkinçilik berilýärb. Belki, onuň ýüregi şondan soň ynjalyk tapandyr. «Mylaýym, pessaý sesiň» aýdan soňky sözleri onuň göwnüni has-da göterýär. Ylýas pygamber özüni dereksiz duýmaz ýaly, Ýehowa oňa göwünlik berýär. Nädip? Ýehowa Ysraýylda Bagal taňrysyny ol arkaly ýok etjekdigini aýtdy. Görşümiz ýaly, Ylýas pygamberiň eden işleri biderek däldi, sebäbi Hudaýyň niýeti indi amala aşmalydy. Galyberse-de, Ýehowa niýetiniň Ylýas pygamber arkaly amala aşmagyny isleýärdi. Şol sebäpli Hudaý ony aýratyn ýumuş bilen yzyna iberýär (1 Pat. 19:12—17).
-
-
Hudaý oňa teselli berdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
b «Mylaýym, pessaý sese» 1 Patyşalar 19:9-da Ýehowanyň «sözi» diýilýär. 15-nji aýatda bolsa, şol sese Hudaý diýilýär. Ýadyňa düşýän bolsa, Ýehowa ysraýyl halkyna olary çölüň içinden alyp gitjek perişde barada «Meniň adym bilen geler» diýipdi (Müs. çyk. 23:21). Biz bu sesiň kimiňkidigini anyk bilmesek-de, ol ýere gelmezden öň Ýehowanyň «Sözi» hökmünde gulluk eden Isanyňky bolmaly (Ýahýa 1:1).
-