-
Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?Garawul diňi — 2013 | 15 awgust
-
-
ELÝAŞA NÄME GÖRDI?
Hudaý Elýaşanyň Ylýasyň ruhundan iki esse artyk ruhy dilemegine nähili garady. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär. Elýaşa Ylýas pygambere seredýär»a. Şeýdip, Ýehowa Elýaşanyň dilegini bitirdi. Elýaşa Ylýasyň ýanyndan alnandygyny görüp, oňa derek pygamber boldy (2 Pat. 2:11—14).
-
-
Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?Garawul diňi — 2013 | 15 awgust
-
-
Elýaşa Ylýas pygamberiň harasat bilen göge göterilýändigini görende, bu oňa örän täsir etdi. Onsoňam, adam alaw söweş arabasyny we alaw atlary günde görüp durmaýar ahyryn! Bu Ýehowanyň Elýaşanyň haýyşyny bitirendigini görkezýär. Hudaý biziň dilegimizi eşidende, görnüş arkaly alaw söweş arabalaryny we alaw atlary görmeýäris. Emma biz Hudaýyň islegini berjaý etmäge güýjüniň ýetýändigine göz ýetirýäris. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna ak pata berýändigine üns bersek, gökdäki arabasynyň hereketdedigini «görýäris» (Ezek. 10:9—13).
-
-
Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?Garawul diňi — 2013 | 15 awgust
-
-
a Ylýas pygamber göge, Ýehowanyň we perişdeleriň ýaşaýan ýerine galmady. 1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 15-nji sahypasyna seret.
-