Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Mart sah. 32
  • Gadymy küýzedäki täsin ýazgy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gadymy küýzedäki täsin ýazgy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň adynyň manysy we dogry tutulyşy
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Mart sah. 32
Ýasalandygyna 3 müň ýyl bolan gadymy keramika küýzäniň ýüzündäki kengan dilinde ýazylan ýazgy Mukaddes Ýazgylarda duş gelýär

Gadymy küýzedäki täsin ýazgy

Ýasalandygyna 3 müň ýyl bolan gadymy keramika küýze

2012-nji ýylda tapylan küýze bölekleri alymlary haýran galdyrdy. Bu gadymy keramika küýzäniň ýasalandygyna 3 müň ýyl bolupdyr. Küýzäniň aýratynlygy nämededi? Aslynda, küýzäniň özi däl-de, ondaky ýazgy täsindi.

Arheologlar küýze böleklerini ýygnanlarynda, onuň ýüzünde gadymy kengan dilinde «Eşbagal Ben (ogly) Beda» diýen ýazgyny görýärler. Olar bu gadymy ada ilkinji sapar duş geldiler.

Mukaddes Ýazgylarda-da Şawul patyşanyň Eşbagal atly oglunyň bolandygy aýdylýar (1 Ýyl. 8:33; 9:39). Gazuw-agtaryş işine gatnaşan professor Ýozef Garfinkl bu babatda şeýle diýýär: «Eşbagal diýen adyň Mukaddes Ýazgylarda-da duş gelmegi diýseň haýran galdyrýar. Sebäbi tapylan golýazmalara görä, bu ada diňe Dawut patyşanyň höküm süren döwründe duş gelse bolýar». Käbir adamlar bu adyň hut şol döwre degişlidigi bilen razylaşýarlar. Görşümiz ýaly, arheologlaryň tapan zatlary Mukaddes Ýazgylardaky jikme-jiklikleriň hem hakykatdygyny tassyklaýar.

Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerinde Eşbagala derek Yşboşet, ýagny «bagal» sözüniň ýerine «boşet» diýen söz ulanylýar (2 Şam. 2:10). Alymlaryň aýtmagyna görä, 2 Şamuwel 2:10-da Yşboşet diýen adyň ulanylmagynyň sebäbi, «Eşbagal» kenganlylaryň ýagyş taňrysy Bagaly ýatladýar. Emma Ýyl ýazgylary kitabynda onuň hakyky ady agzalýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş