Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/7 sah. 27—31
  • «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Gaharlandy we gazaba mündi»
  • «Biz olary öldüreris»
  • «Gel, duşuşaly»
  • Ýamanlyga garamazdan hoş habary wagyz edýäris
  • Iýerusalimiň diwarlary
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Iýerusalimiň diwarlary
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Nehemýa janaýaman hyzmat edýärdi
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Siz mukaddes edildiňiz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/7 sah. 27—31

«Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň»

«Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» (RIMLILER 12:21).

1. Biz näme üçin ýamanlygy ýeňip biljekdigimize ynanýarys?

HAKYKY seždäni zalymlyk bilen yzarlaýanlara garşy durup bolarmy? Zalym dünýä dolanmagymyzy isleýän güýçleri ýeňip bolarmy? Bu iki soraga-da «hawa» diýip, jogap berse bolýar! Näme üçin? Sebäbi Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda: «Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» diýdi (Rimliler 12:21). Eger Ýehowa bil baglap, bu dünýäniň ýeňmegine ýol bermesek, ýamanlyk bizden üstün çykmaz. Şeýle-de «ýamanlygy... ýeň» diýen jümle, oňa garşy ruhy taýdan söweş alyp barmagymyzy dowam etsek, ýamanlygy ýeňip biljekdigimizi görkezýär. Diňe hüşgär bolmagyny we söweşmegini bes edýän adamlar, bu erbet dünýäden hem-de onuň zalym hökümdary bolan Şeýtan Iblisden ýeňiler (1 Ýahýa 5:19).

2. Näme üçin Nehemýanyň durmuşynda bolan käbir wakalara serederis?

2 Pawlusyň günlerinden takmynan bäş ýüz ýyl öň Iýerusalimde ýaşan Hudaýyň gullukçysy Pawlusyň ýamanlyga garşy durmalydygy barada aýdan sözleriniň dogrudygyny subut etdi. Ol Nehemýady. Nehemýa diňe bir Hudaýa iman etmeýän adamlara garşy durman, eýsem, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňdi. Ol nähili kynçylyklara duçar boldy? Döz gelmäge oňa näme kömek etdi? Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Bu soraglara jogap bermek üçin Nehemýanyň durmuşynda bolan käbir wakalara seredeliňa.

3. Nehemýa nähili adamlaryň arasynda ýaşaýar we ol näme edýär?

3 Nehemýa Pars patyşasy Artahşaştanyň köşgünde gulluk edýärdi. Ol Ýehowa iman etmeýän adamlaryň arasynda ýaşasa-da, «bu dünýä meňzeş» bolmady (Rimliler 12:2). Ýehudylara kömek gerek bolanda, ol rahat durmuşyny goýup, Iýerusalime uzak ýola düşýär we şäheriň diwarlaryny dikeltmek üçin uly işe başlaýar (Rimliler 12:1). Ol Iýerusalimiň hökümdary bolsa-da, ysraýyllylar bilen egin-egne berip, «daň atyp, tä ýyldyz dogýança» her gün agyr zähmet çekýär. Netijede, iki aýa ýetmän, gurluşyk taslamasy doly ýerine ýetirilýär! (Nehemýa 4:21; 6:15). Ysraýyllylar her hili garşylyga duçar bolandygy sebäpli, gurluşygyň tamamlanmagy örän geň galdyrýar. Nehemýanyň duşmanlary kim we olaryň maksady nämedi?

4. Nehemýanyň duşmanlarynyň maksady nämedi?

4 Nehemýanyň esasy duşmanlary Ýahudanyň töwereginde ýaşaýan Sanballat, Tobiýa, Geşem ýaly abraýly adamlardy. Olar Hudaýyň halkynyň duşmany bolany üçin «Nehemýanyň Ysraýyl ogullaryna kömek etmäge gelendigini eşidende, örän gaharlanýarlar» (Nehemýa 2:10, 19). Nehemýanyň duşmanlary gurluşyk işini togtatmagy berk ýüregine düwüp, hatda ýamanlyk etmäge dildüwüşýärler. Nehemýa «özüni ýamanlyga ýeňdirermi?»

«Gaharlandy we gazaba mündi»

5, 6. a) Nehemýanyň duşmanlary gurluşyk işlerine nähili garaýarlar? b) Nehemýa näme üçin duşmanlardan gorkmaýar?

5 Nehemýa adamlary batyrlyk bilen: «Geliň, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldeliň» diýip çagyrýar. Halk: «Biz gurarys» diýip jogap berýär. Nehemýa şeýle gürrüň berýär: «Olar ýagşy işe iki elläp ýapyşdylar». Ýöne duşmanlar «olaryň üstünden gülüp, ýigrenç bilen: «Bu edýän işiňiz näme? Patyşa garşy pitne turuzýarmysyňyz?» diýýärler. Nehemýa olaryň ýaňsylamasandan we töhmetinden gorkmaýar. Olar duşmanlara şeýle diýýärler: «Gökdäki Hudaý rowaçlyk berer, biz onuň gullukçylary, biz muny gurarys» (Nehemýa 2:17—20). Nehemýa bu «ýagşy işi» dowam etdirmegi ýüregine berk düwýär.

6 Duşmanlaryň biri Sanballat «gaharlanýar we gazaba münüp», has-da ýaňsylap başlaýar. Ol: «Bu ejiz ýehudylar näme edýärler? Olar üýşüp ýatan toprakdan daşlary janlandyryp bilermi?» diýip gülýär. Tobiýa oňa goşulyp, şeýle diýýär: «Olaryň daşdan guran diwarlaryna tilki münse-de ýykylar» (Nehemýa 4:1—3). Nehemýa muňa nähili garaýar?

7. Nehemýa duşmanlaryň töhmetine nähili garaýar?

7 Nehemýa olaryň ýaňsylamalaryna hiç hili üns bermeýär. Ol Hudaýyň tabşyrygyna eýerip, ar aljak bolmaýar (Lewililer 19:18). Nehemýa Ýehowa bil baglap: «Eşit, eý Hudaýym; bizi nähili ýigrendiler; berýän gyjalatyny olaryň başyna indir» diýip ýalbarýar (Nehemýa 4:4). Nehemýa Ýehowanyň «Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin» diýen sözlerine ynanýardy (Kanunyň gaýtalanyşy 32:35). Nehemýa we onuň adamlary işiň togtamagyna ýol bermän, «diwarlary dikeltmegi» dowam edýärler. Netijede, «diwar beýikliginiň ýarysy gurulýar, halk çyn ýürekden işleýärdi» (Nehemýa 4:6). Hakyky seždäniň duşmanlary gurluşygy togtadyp bilmediler! Biz Nehemýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

8. a) Duşmanlar bize töhmet atanda, Nehemýanyň göreldesine nädip eýerip bileris? b) Ýamanlyk bilen gaýtargy bermezligiň paýhaslydygyny görkezen bir wakany ýa-da özüňiz bilen bolan wakany gürrüň beriň.

8 Duşmanlar bize şu günlerem mekdepde, işde, hatda öýümizde-de üstümizden gülüp, töhmet atyp bilerler. Köplenç şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylardaky: «Dymmagyň öz wagty bar» diýen prinsipe eýermek gowy bolýar (Wagyzçy 3:1, 7). Şonuň üçin biz Nehemýadan görelde alyp, ajy sözler bilen jogap bermeýäris (Rimliler 12:17). Biz Ýehowa doga edip, onuň: «Öç Meniňkidir» diýen sözlerine ynanýarys (Rimliler 12:19; 1 Petrus 2:19, 20). Şeýlelik bilen biz garşylyk görkezýänlere Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şägirt taýýarlamak işinden ünsümizi sowmaga ýol bermeýäris (Matta 24:14; 28:19, 20). Garşylyklara garaman her gezek wagyz işine gatnaşyp, biz Nehemýa ýaly wepalylygymyzy görkezýäris.

«Biz olary öldüreris»

9. Nehemýanyň duşmanlary nähili garşylyk görkezýärler we Nehemýa näme edýär?

9 Nehemýanyň günlerinde hakyky seždäniň duşmanlary «Iýerusalimiň diwarlarynyň dikeldilýändigini» eşidenlerinde, «Iýerusalime garşy söweş» etmäge dildüwüşýärler. Ýehudylaryň ýagdaýy çykgynsyz ýaly görünýär. Olaryň demirgazyk tarapynda samariýalylar, gündogarynda ammonlylar, günortasynda araplar, günbatarynda bolsa azotlylardy. Iýerusalim gabalýar; gurluşykçylar gapana düşen ýalydy! Olar näme etmeli? Nehemýa: «Biz Ýehowa doga etdik» diýýär. Duşmanlary olara haýbat atyp: «Biz olary öldüreris, işi-de togdadarys» diýýärler. Nehemýa gurluşykçylara şäheri «gylyçly, naýzaly we ýaýly» goramagy tabşyrýar. Dogrudan-da, adamyň gözi bilen garanyňda, ýehudylaryň kiçi goşuny, duşmanlaryň ägirt uly güýjüne garşylyk görkezip bilmejek ýalydy. Emma Nehemýa olary: «Gorkmaň, Ýehowanyň beýik we elhenç Hudaýdygyny ýadyňyzdan çykarmaň» diýip ruhlandyrýar (Nehemýa 4:7—9, 11, 13, 14).

10. a) Duşmanlar näme üçin hüjüm etmezlik kararyna gelýärler? b) Nehemýa nähili çäreleri görýär?

10 Ýagdaý duýdansyz üýtgeýär. Duşmanlar hüjüm etmezlik kararyna gelýärler. Näme üçin? Nehemýa şeýle habar berýär: «Hak Hudaý olaryň dildüwüşigini bozdy». Emma Nehemýa duşmanlaryň entegem howp salýandygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol gurluşyk işiniň ýoluny paýhaslyk bilen üýtgedýär. Gurluşykçylar «bir eli bilen işläp, bir eli bilen hem ýarag tutardy». Şeýle-de Nehemýa garawul goýan adama duşman hüjüm edende, gurluşykçylara duýdurmak üçin «surnaý çalmagy» tabşyrýar. Iň esasy zat bolsa Nehemýa: «Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýip, halky köşeşdirýär (Nehemýa 4:15—20, MKS). Gurluşykçylar duşmanlaryň hüjümini yzyna gaýtarmaga taýynlanyp, täze güýç bilen işini dowam edýärler. Biz bu wakadan näme öwrenip bileris?

11. Wagyz etmegi gadagan edilen ýurtlarda, ýamanlyga garşy durmaga mesihçilere näme kömek edýär we ýamanlygy ýagşylyk bilen nädip ýeňýärler?

11 Käte mesihçiler zalym yzarlamalara duçar bolýarlar. Dogrudan hem, käbir ýurtlarda hakyky seždä zalymlyk bilen garşy çykýanlar örän güýçli bolup, hatda adamyň garaýşynda imandaşlarymyz olara garşy durup bilmejek ýaly görünýär. Muňa garamazdan, Güwäçiler «Hudaýyň olar üçin söweşýändigine» ynanýarlar. Imany üçin yzarlanýan mesihçiler her gezek Ýehowa olaryň dogasyna jogap berip, güýçli duşmanlaryň «dildüwüşigini bozýandygyna» göz ýetirýärler. Hatda wagyz etmegi gadagan edilen ýurtlarda-da mesihçiler hoş habary wagyz etmegi dowam eder ýaly dürli ýollary agtarýarlar. Iýerusalimi dikeldýän gurluşykçylaryň işi ýola goýşy ýaly, şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri paýhasly bolup hüjüm astynda-da wagyz edýärler. Elbetde, olar ýarag ulanmaýarlar (2 Korintoslylar 10:4). Hatda urup-ýenjilmek howpy abansa-da, olar wagyz etmegini bes etmeýärler (1 Petrus 4:16). Gaýta, şeýle mert dogan-uýalar «ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňýärler».

«Gel, duşuşaly»

12, 13. a) Nehemýanyň duşmanlary nähili mekirligi ulanýarlar? b) Nehemýa näme üçin duşmanlarynyň çakylygyny kabul etmeýär?

12 Nehemýanyň duşmanlary açyk hüjümiň şowuna düşmändigini görüp, has mekir usuly tapýarlar. Olar üç usuly synap görýärler. Nähili usullary?

13 Birinjiden, Nehemýanyň duşmanlary aldamaga synanyşýarlar. Olar oňa: «Gel, Ono düzlügindäki obalaryň birinde duşuşaly» diýýärler. Ono düzlügi Iýerusalim bilen Samariýanyň ortaralygynda ýerleşýärdi. Duşmanlar agzalalygy çözmek üçin, Nehemýa duşuşmagy teklip edýärler. Nehemýa: «Paýhasly teklip. Söweşmekden, gepleşmek gowudyr» diýip, pikir edip bilerdi. Ýöne ol duşuşykdan ýüz öwürýär we onuň sebäbini: «Olar maňa ýamanlyk etmek isleýär» diýip düşündirýär. Nehemýa olaryň niýetini bilendigi üçin aldanmaýar. Ol duşmanlaryna dört sapar: «Men baryp biljek däl. Näme üçin men işimi goýup, siziň ýanyňyza aşak düşmeli?» diýýär. Duşmanlaryň Nehemýany tutjak bolup eden synanyşyklary başa barmaýar. Nehemýanyň bar pikiri gurluşyk işindedi (Nehemýa 6:1—4).

14. Nehemýa duşmanlaryň töhmetine nähili garaýar?

14 Ikinjiden, duşmanlar Nehemýany günäkärläp, Artahşaşta patyşa garşy «pitne turuzjak» bolýar diýip, myş-myş ýaýradýarlar. Olar ýene-de Nehemýa: «Gel, bile maslahatlaşaly» diýýärler. Nehemýa duşmanlaryň niýetini bilip, olaryň teklibini ret edýär. Ol muny şeýle düşündirýär: «Olaryň elini işden sowadyp, işi togtadarys» diýen pikir bilen olar bizi gorkuzýarlar». Emma bu sapar, Nehemýa duşmanlardan biriniň ýöňkeýän günäsini ýalana çykaryp, şeýle diýýär: «Seniň aýdýanlaryň biride bolmady; sen muny öz akylyň bilen oýlap tapdyň». Şeýle-de Nehemýa: «Ellerime kuwwat ber» diýip, Ýehowa doga edýär. Ol Ýehowanyň kömegi bilen duşmanlaryň dildüwüşigini bozup, gurluşyk işini dowam edip biljekdigine ynanýardy (Nehemýa 6:5—9).

15. Ýalan pygamber Nehemýa nähili maslahat berýär we näme üçin ol oňa gulak asmaýar?

15 Üçünjiden, Nehemýa Hudaýyň Kanunyny bozdurmak üçin, duşmanlar ysraýylly dönük Şemaýany ulanýarlar. Şemaýa Nehemýa şeýle diýýär: «Ýör, Hak Hudaýyň öýüne gideli, ybadathana girip, onuň gapysyny ýapaly; sebäbi olar seni öldürmäge gelerler». Şemaýa Nehemýa janynyň howp astyndadygyna we ybadathana girse halas bolup biljekdigine ynandyrjak bolýar. Ýöne Nehemýa ruhany däldi. Hudaýyň öýünde gizlenmek bilen ol günä ederdi. Nehemýa janyny halas etmek üçin Hudaýyň Kanunyny bozarmy? Nehemýa: «Meniň ýaly adam ybadathana girip, diri galyp bilermi? Men girjek däl!» diýip jogap berýär. Näme üçin Nehemýa Şemaýanyň guran duzagyna düşmeýär? Sebäbi ol Şemaýa ysraýylly bolsa-da, «ony Hudaýyň ibermändigini» bilýärdi. Dogrudanam, Şemaýa Hudaýyň hakyky pygamberi bolsa, Ýehowanyň Kanunyny bozmagy hiç haçan maslahat bermezdi. Nehemýa ýene-de özüni duşmanyň ýamanlygyna ýeňdirmeýär. Biraz wagtdan ol: «Diwar Ýelul aýynyň ýigrimi bäşine, elli iki günüň içinde gurlup gutaryldy» diýip hasabat berýär (Nehemýa 6:10—15; Sanlar 1:51; 18:7).

16. a) Biz ýalan dostlara, töhmetçilere we ýalan doganlara nähili garamaly? b) Imanyňyza garşy gelýän ylalaşyga gitmeýändigiňizi öýde, mekdepde ýa-da işde nädip görkezýärsiňiz?

16 Nehemýa ýaly bizem ýalan dostlaryň, töhmetçileriň we ýalan doganlaryň garşylyklaryna uçrap bileris. Käbir adamlar ylalaşmagy teklip edip biler. Olar Ýehowa biraz yhlasymyzy gowşadyp gulluk etsek, dünýewi maksatlara-da ýetip bolýar diýip, ynandyrmaklary mümkin. Emma biz Hudaýyň Patyşalygyny durmuşda birinji orunda goýandygymyz üçin, olar bilen ylalaşmaýarys (Matta 6:33; Luka 9:57—62). Şeýle-de duşmanlar biz barada ýalan aýyplamalary ýaýradýarlar. Patyşa garşy pitne turuzýar diýip, Nehemýany aýyplaýyşlary ýaly, käbir ýurtlarda Güwäçiler döwlete howp salýar diýip töhmet atýarlar. Käbir aýyplamalar kazyýetde ýalana çykaryldy. Emma netijesi nähili bolaýanda-da, biz Ýehowa bil baglap, meseläni öz islegine görä çözer ýaly doga edýäris (Filipililer 1:7). Özüni Ýehowanyň gullukçysy hasaplaýan adamlar hem garşy çykyp bilerler. Ýehudylardan biri Nehemýany halas etmek üçin oňa Hudaýyň Kanunyny bozmagy maslahat berşi ýaly, öň Ýehowanyň Güwäçisi bolup, imandan dänen adamlar hem haýsy-da bolsa bir ýol bilen bizi imandan el çekdirmäge synanyşarlar. Biz imandan dänenleriň maslahatyna gulak asmaýarys, çünki janymyzy Hudaýyň Kanunyny bozup däl-de, olara eýerip halas edýäris! (1 Ýahýa 4:1). Hawa, Ýehowanyň kömegi bilen ähli ýamanlygy ýeňip bileris.

Ýamanlyga garamazdan hoş habary wagyz edýäris

17, 18. a) Şeýtan we onuň tarapdarlarynyň maksady näme? b) Siz näme etmegi ýüregiňize berk düwdüňiz we näme üçin?

17 Hudaýyň Sözünde Isanyň mesh edilen doganlary barada şeýle diýilýär: «Eden güwälikleriniň sözi saýasynda ony [Şeýtany] ýeňdiler» (Ylham 12:11). Diýmek, ýamanlygyň köki bolan Şeýtany ýeňmegiň we Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmegiň arasynda berk baglanyşyk bar. Şeýtanyň mesh edilenleriň galyndysyna we «uly märekä» garşy garşylyklary döredýändigi geň galdyrmaýar (Ylham 7:9; 12:17).

18 Görşümiz ýaly, garşylyklar söz bilen hüjüm etmek, urup-ýençmek we zordan saýgaryp bolýan görnüşde bolup biler. Şeýtanyň bar maksady wagyz işini togtatmakdyr. Emma ol ýeňlişe sezewar bolar, sebäbi Hudaýyň halky Nehemýanyň göreldesine eýerip, «ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmegi» ýüregine berk düwdüler. Ýehowa iş tamamlandy diýýänçä, olar hoş habary wagyz ederler! (Markus 13:10; Rimliler 8:31; Filipililer 1:27, 28).

a Bu wakalary bilmek üçin Nehemýa 1:1—4; 2:1—6, 9—20; 4:1—23; 6:1—15-nji aýatlary okaň.

Ýadyňyzdamy?

• Hudaýyň gullukçylary geçmişde we şu günler nähili garşylyga duş gelýärler?

• Nehemýanyň duşmanlarynyň esasy maksady nämedi, Hudaýyň şu günki duşmanlarynyň maksady näme?

• Biz nädip ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňýäris?

[4 Sahypadaky surat]

Nehemýanyň kitabyndan sapaklar

Hudaýyň gullukçylaryny

•ýaňsylaýarlar

•haýbat atýarlar

•aldaýarlar

Olary aldaýanlar:

•ýalan dostlar

•töhmetçiler

•ýalan doganlar

Hudaýyň gullukçylary

Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirip

ýamanlygy ýeňýärler

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş