-
Siz mukaddes edildiňizGarawul diňi — 2013 | 15 awgust
-
-
5, 6. Elýaşyp bilen Tobyýa kimdi we olar näme üçin biri-biri bilen gatnaşýardylar?
5 Nehemýa 13:6—8-nji aýatlary okaňa. Mukaddesligi saklamak aňsat däl, çünki bizi erbet täsir edýän zatlar gurşap alýar. Geliň, Elýaşyp we Tobyýa bilen bolan waka seredeliň. Elýaşyp baş ruhanydy, Tobyýa bolsa ammon halkyndandy. Ähtimal, Tobyýa Ýahudadaky Pars hökümetiniň wekili bolandyr. Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmekçi bolanda, Tobyýa we onuň ýaranlary garşy çykdylar (Neh. 2:10). Ammonlylara ybadathana girmek gadagandy (Kan. tag. 23:3). Onda näme üçin baş ruhany Elýaşyp özge milletli adama, ýagny Tobyýa ybadathanadan ýer berdikä?
6 Tobyýa bilen Elýaşyp ýakyndan gatnaşýardylar. Tobyýa we onuň ogly Ýehohanan ýehudy gyzlaryna öýlendiler. Ýehudylaryň köpüsi Tobyýa hormat goýýardylar (Neh. 6:17—19). Elýaşybyň agtygy bolsa, Sanballadyň gyzyna öýlendi. Sanballat Samariýanyň hökümdarydy we ol Tobyýanyň tarapdarydy (Neh. 13:28). Görşümiz ýaly, bu gatnaşyklar baş ruhany Elýaşyba täsir edýär, ýagny ol özge milletli we halkyň duşmany bolan adam bilen dostlaşýar. Emma Nehemýa Tobyýanyň ähli öý goşlaryny ybadathanadan çykaryp zyňýar. Şeýdip, ol Ýehowa wepalylygyny görkezýär.
-
-
Siz mukaddes edildiňizGarawul diňi — 2013 | 15 awgust
-
-
8. Özüni Ýehowa bagyş eden mesihçiler gatnaşýan adamlary babatda nämäni unutmaly däl?
8 Biz «ýaman ýaranlaryň ýagşy ahlagy bozýandygyny» unutmaly däl (1 Kor. 15:33). Dogan-garyndaşlarymyzyň käbiri bize erbet täsir etmegi mümkin. Elýaşyp Iýerusalimiň diwarlaryny dikeltmekde Nehemýany doly goldady we halka gowy görelde galdyrdy (Neh. 3:1). Emma wagtyň geçmegi bilen ol Tobyýanyň we başga adamlaryň erbet täsirine düşüp, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdi. Gowy dostlar bizi ruhy taýdan peýdaly işlere, ýagny Mukaddes Ýazgylary okamaga, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we wagyz etmäge höweslendirýärler. Dogry işleri etmäge höweslendirýän maşgala agzalarymyz bolsa, has-da öwgä mynasypdyr.
-