-
Ol Hudaýyň halkyny halas etdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
18. a) Mordekaý näme üçin Hamana tagzym etmedi? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Häzirki Hudaýa wepaly erkekdir aýallar nädip Mordekaýyň göreldesine eýerýärler?
18 Kserks patyşa Haman atly adamyň wezipesini beýgeldýär. Patyşa ony emeldarlarynyň ählisinden ýokary goýup, maslahatçy etdi-de, imperiýasynda özünden soň ikinji adam edip belledi. Patyşa hatda ähli adamlaryň Hamana dyza çöküp, tagzym etmelidigi barada tabşyryk hem berýär (Est. 3:1—4). Bu Mordekaýa kynçylyk döredýär. Ol patyşa gulak assa, Hudaýy närazy etjekdigini bilýärdi. Haman Agagyň neslindendi. Agag bolsa, bir wagt Şamuwel pygamberiň öldüren amalekleriň patyşasydy (1 Şam. 15:33). Amalekler Ýehowanyň we ysraýyl halkynyň zalym duşmanydy. Hudaý amalekleri ýok etmelidigi barada höküm edipdid (Kan. tag. 25:19). Hudaýa wepaly ýehudy nädip amalege tagzym etsin? Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmeýärdi. Şu günlerem Hudaýa wepaly erkekdir aýallar janyny howp astyna salyp, «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýen prinsipe eýerýärler (Res. iş. 5:29).
-
-
Ol Hudaýyň halkyny halas etdiOlaryň imanyndan görelde alyň
-
-
d Haman Hizkiýa patyşanyň döwründe gyrlan amalekleriň neslinden «diri galanlaryň» biridi (1 Ýyl. 4:43).
-