-
Ýehowa — biziň çopanymyzGarawul diňi — 2005 | 1 noýabr
-
-
«Men... ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň»
13. Zebur 23:4-nji aýatda Dawut nädip has mähirli gürleýär we bu bizi näme üçin haýran galdyrmaýar?
13 Dawut ynamly bolmagyň ikinji sebäbini aýdýar: Ýehowa goýunlaryny goraýar. Biz şeýle sözleri okaýarys: «Men ölüm kölegesi deresinden ýöresem-de ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, Seniň taýagyň maňa göwünlik berýär» (Zebur 23:4). Indi Dawut has mähirli gürleýär, hatda Ýehowa «sen» diýip ýüzlenýär. Bu olaryň dostluk gatnaşyklaryny görkezýär. Bu haýran galdyrmaly däl, sebäbi Dawut agyr ýagdaýlarda Hudaýyň kömek edişi barada gürrüň berýär. Dawut telim sapar howply derelerde ýöremeli boldy, şonda hatda janyna-da howp abanypdy. Ýöne ol özüni gorka basdyrmady. Sebäbi ol Hudaýyň «hasasy» we «taýagy» bilen ýanyndadygyny bilýärdi. Dawut şeýle goragynyň bardygyny bilip, Ýehowa has-da ýakynlaşýardyb.
14. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň goragy hakda näme aýdýar, ýöne bu näme aňlatmaýar?
14 Şu günler Ýehowa goýunlaryny nähili goraýar? Mukaddes Ýazgylar hiç bir duşmanyň — ne jynlaryň, ne-de adamlaryň — Ýehowanyň goýunlaryny ýer ýüzünden ýok edip bilmejegini aýdýar. Ýehowa muňa hiç haçan ýol bermez (Işaýa 54:17; 2 Petrus 2:9). Emma bu Çopanymyzyň bizi ähli heläkçilikden gorajakdygyny aňlatmaýar. Biz hem beýleki adamlaryň çekýän kynçylaryna uçraýarys. Hakyky mesihçileriň hemmesi garşylyga duş gelýärler (2 Timoteos 3:12; Ýakup 1:2). Käwagtlar biz özümizi hamala «ölüm kölegesi deresinden» ýöreýän ýaly duýýandyrys. Meselem, yzarlamalar sebäpli biz ölüm bilen pete-pet gelendiris ýa-da saglygymyz ýaramazlaşandyr. Belki-de, ýakynlarymyzdan biri ölüm ýassygynda ýatandyr ýa-da ölüm ukusyna gidendir. Şeýle agyr günlerde biziň Çopanymyz ýanymyzda hem-de bizi goraýar. Nädip?
15, 16. a) Ýehowa bize islendik kynçylyga hötde gelmäge nädip kömek edýär? b) Ýehowanyň synaglarda kömek edýändigini görkezýän bir mysal getir.
15 Ýehowa gudrat görkezmegi wada bermeýärc. Ýöne Ýehowanyň bize islendik kynçylyga hötde gelmäge kömek etjekdigine ynanyp bileris. Ol bize «dürli synaglara» hötde gelmek üçin akyldarlyk berip bilýär (Ýakup 1:2—5). Çopan taýagyny diňe bir ýyrtyjylardan goranmak üçin däl-de, eýsem, goýunlary dogry ýola salmak üçinem ulanýar. Ýehowa, belki, imandaşlar arkaly bizi-de «dogry ýola salýandyr». Meselem, ýagdaýymyzy ep-esli düzedip bilýän Mukaddes Ýazgylardaky maslahaty ulanmaga kömek edýär. Şeýle hem Ýehowa bize çydamaga güýç berýär (Filipililer 4:13). Mukaddes ruhy arkaly bize «iň üstün gudraty» berip biler (2 Korintoslylar 4:7). Hudaýyň ruhy bize Şeýtanyň guraýan islendik synagyna hötde gelmäge kömek edýär (1 Korintoslylar 10:13). Eýsem, Ýehowanyň hemişe kömege ýetişýändigi teselli berenokmy?
16 Şeýlelik-de, «howply derede» ýöremeli bolsak-da, biz ýeke däl. Biziň Çopanymyz biz bilen. Onuň edýän kömegi onçakly göze-de ilmeýär. Geliň, bir ýygnak ýaşulysynyň mysalyna seredeliň. Onuň beýnisinde howply çiş bardy. «Gynansak-da, başda Ýehowa maňa gahar edýändir, hatda meni söýýän däldir diýip, köp gaýgy edýärdim. Ýöne men Ýehowadan daşlaşmazlygy ýüregime düwdüm. Gaýtam, men oňa içimi dökdüm. Ýehowa-da maňa kömek etdi, köplenç ruhy dogan-uýalar arkaly göwünlik berdi. Köpüsi agyr kesele hötde gelmäge nämeleriň kömek edendigini gürrüň berdiler. Olaryň paýhasly sözleri meniň adaty kesele uçrandygymy ýatlatdy. Olaryň el kömegi, ýagşylygy we teklipleri Ýehowanyň maňa gahar etmeýändigine ynandyrdy. Elbetde, men keselim bilen hemişe göreşmeli, näme bilen gutarjagyny hem bilemok. Ýöne Ýehowanyň meniň bilendigine, şu synagda maňa hemişe kömek etjekdigine berk ynanýan».
-
-
Ýehowa — biziň çopanymyzGarawul diňi — 2005 | 1 noýabr
-
-
b Howply ýagdaýlardan halas edeni üçin Ýehowany şöhratlandyryp, Dawut ençeme mezmur düzdi. Meselem, Zeburyň 18, 34, 56, 57, 59 we 63-nji mezmurlaryň giriş sözlerine seret.
c «Garawul diňi» žurnalynyň 2003-nji ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 1-ine çykan sanyndaky «Hudaý haýsy ýagdaýlarda goşulýar?» diýen makala seret.
-