Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 25-nji sapak. Kosmosdan surata düşürilen Ýer şary.

      25-NJI SAPAK

      Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?

      Mukaddes Kitapda adamyň «ömrüniň gysgadygy, jebir-jepadan doludygy» aýdylýar (Eýýup 14:1). Hudaý adamlary kösenip ýaşamagy üçin ýaratdymy? Ýok, ol bizi bagtly ýaşatmak üçin ýaratdy. Ýöne şol durmuş haçan bolar? Geliň, Mukaddes Kitapdan bileliň.

      1. Ýehowa adamlaryň nähili ýaşamagyny isleýär?

      Hudaý her bir adamyň gowy ýaşamagyny isleýär. Ol Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary Erem bagy diýen owadan ýere eltdi. Soňra olara: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň» diýdi (1 Musa 1:28). Ýehowa olara çaga dünýä indirmegi, bütin ýer ýüzüni Erem bagy ýaly jennete öwürmegi we haýwanlaryň aladasyny etmegi tabşyrypdy. Ol ähli adamlaryň tut ýaly sagdyn bolup, ebedi ýaşamagyny isleýär.

      Şu wagt adamlar gowy durmuşda ýaşamasalar-daa, Hudaý olary başdaky ýaly eşretli durmuşa hökman ýetirer (Işaýa 46:10, 11). Ýehowa wepaly adamlaryň gülala-güllükde ebedi ýaşamagyny isleýär (Ylham 21:3, 4-nji aýatlary oka).

      2. Biz häzirden nädip bagtly ýaşap bileris?

      Ýehowa adamlaryň ýüregine Hudaýy tanamak we sežde etmek islegini guýdy (Matta 5:3—6-njy aýatlary oka). Ýehowa biziň bilen dostlaşmak isleýär. Ol seniň hak ýoldan ýöräp, Allatagala bütin ýüregiň bilen gulluk etmegiňi we söýmegiňi isleýär (5 Musa 10:12; Zebur 25:14). Eger Ýehowa gulak asyp ýaşasak, kynçylyklara garamazdan, bagtly bolarys, durmuşymyz manyly bolar.

      SÖHBETDEŞLIK

      Ýehowa ýer ýüzüni adamlary söýýändigi üçin ýaradypdyr. Mukaddes Kitapdan durmuşyň manysy hakda öwreneliň.

      Adam ata bilen How ene göm-gök ösümlikli, her dürli haýwanly Erem bagynda aýlanyp ýör.

      3. Ýehowa adamlary gowy ýaşatmak üçin ýaratdy

      WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Hudaý ýeri näme üçin ýaratdy?» (1:41)

      • Hudaý näme üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy?

      Nesihat 3:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Hudaý bizi näme niýet bilen ýaradypdyr?

      4. Ýehowanyň niýeti hökman ýerine ýeter

      Zebur 37:11, 29 we Işaýa 55:11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa niýetini näme üçin hökman ýerine ýetirer?

      A. Üçekleri we aýnalary döwlen, howlusy hapa öý. B. Şol öýi gowy edip bejerýärler, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär.

      Köne öýi bejerip bolýar. Adamlar ýer ýüzüni zaýalasa-da, Hudaý bagy-bossanlyga öwrer.

      5. Ýehowa gulak assak, bagtly ýaşarys

      Hudaýyň bizi gowy durmuşda ýaşatmak üçin ýaradandygyny bilmek bagtly edýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Näme üçin ýaradylandygymy bildim» (5:03)

      • Adamlaryň näme üçin ýaradylandygyny bilende, Teruminiň durmuşy nähili boldy?

      Nesihat 12:13-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Hudaýyň eden ýagşylyklaryna nädip minnetdar bolup bileris?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Durmuşyň manysy näme?»

      • Sen nähili düşündirerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Ýehowa adamlary ýer ýüzünde gowy şertlerde ebedi ýaşatmak isleýär. Biz Ýehowa gulak asyp ýaşasak, häzirden bagtly bolup bileris.

      Gaýtalamak

      • Ýehowa Adam ata bilen How enäni näme üçin ýaratdy?

      • Hudaýyň başdaky niýeti näme üçin hökman ýerine ýeter?

      • Sen häzirden nädip bagtly bolup bilersiň?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Erem bagy hakykatdanam ýer ýüzünde bolupdyr.

      «Erem bagy dogrudanam bolupdyrmy?» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2011)

      Ýer şary hiç haçan ýok bolmaz.

      «Ýer ýok bolarmy?» (Internet makala)

      Mukaddes Kitapdan durmuşyň manysy hakda öwreniň.

      «Durmuşyň manysy näme?» (Internet makala)

      Bir adam durmuşynda ýetmeýän zadyny tapýar.

      «Durmuşda ýetmeýän zadymy tapdym» (3:55)

      a Adamlaryň eşretli durmuşda näme üçin ýaşamaýandygy hakda indiki sapakda gürrüň ederis.

  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 2. Isa Mesihiň ýeke özi höküm sürermi?

      Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, gökde Isa bilen 144 000 adam höküm sürer. Olar «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» (Ylham 5:9, 10; Ylham 14:1—4-nji aýatlary oka). Olar Isanyň ýerdäki şägirtleriniň arasyndan saýlanyp alynýar. Galan şägirtleri bolsa Patyşalygyň ýerdäki raýatlary bolup ýaşar (Zebur 37:29).

  • Hudaýyň Patyşalygy näme eder?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

      Hudaýyň Patyşalygy eýýäm gökde höküm sürýär. Ol tizden ýer ýüzünde köp zatlary üýtgeder. Geliň, Hudaýyň Patyşalyk arkaly etjek işlerini bileliň.

      1. Ýer ýüzünde parahatlygy we adalaty nädip dikelder?

      Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Armageddon söweşinde erbet adamlary we hökümetleri ýok eder (Ylham 16:14, 16). Şonda Mukaddes Kitapdaky: «Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar» diýen pygamberlik doly ýerine ýeter (Zebur 37:10). Isa Patyşalyk arkaly ýeriň ähli künjeginde adalaty dikelder, parahatlyk höküm sürer (Işaýa 11:4-i oka).

      2. Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

      Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, «dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:29). Göz öňüne getir, şonda diňe gowy adamlar, Ýehowany we bir-birini söýýän adamlar ýaşar. Keselçilik hem ölüm bolmaz.

      3. Patyşalyk erbetligi ýok edip, soňra nämeler eder?

      Isa erbetligi ýok edip, soňra 1000 ýyllap patyşa bolar. Ol 144 000 saýlananlar bilen adamlary günäden arassalar, kämil bolmaga kömek eder. Müň ýylyň ahyrynda ýer ýüzi Jennet bolar, ähli adamlar Ýehowa gulak asyp, bagtly ýaşar. Iň soňunda, Isa Patyşalygy Atasy Ýehowa gaýtaryp berer. Şonda Ýehowanyň «ady mukaddes bolar» (Matta 6:9, 10). Hemmeler Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edýän iň gowy hökümdardygyna düşüner. Soňra Ýehowa Şeýtany, jynlary we hökümdarlygyna garşy çykýanlary ýok eder (Ylham 20:7—10). Hudaýyň Patyşalygy ebedilik höküm sürer, durmuş gülala-güllük bolar.

      SÖHBETDEŞLIK

      Hudaý Patyşalygy arkaly ähli wadalaryny ýerine ýetirer.

      4. Hudaý ýerdäki hökümetleri ýok eder

      «Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni» (Nesihat 8:9). Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň ýetiren zyýanyny aýrar.

      Danyýar 2:44 we 2 Selanikliler 1:6—8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa bilen Isa ýerdäki hökümetleri we olary goldaýanlary näme eder?

      • Ýehowa bilen Isanyň adalatly hem dogruçyl boljagyna näme üçin ynanyp bilersiň?

      Jennetde Isa gökden ýer ýüzüne hökümdarlyk edýär.

      5. Isa — iň gowy patyşa

      Isa adamlara köp ýagşylyk eder. WIDEONY görüň. Isa ýerde ýaşanda, adamlara kömek etmek isleýändigini we güýjüniň ýetýändigini görkezipdi.

      WIDEO: «Isa Patyşalygyň etjek işlerini görkezdi» (1:13)

      Isa ýer ýüzünde ýaşanda, Patyşalyk arkaly nämeleri etjekdigini görkezipdi. Sen Hudaýyň berjek bereketleriniň haýsysyny görmek isleýärsiň? Aýatlary okap, şol bereketler hakda köpräk biliň.

      ISA ÝERDEKÄ...

      ISA GÖKDEKÄ...

      • tebigata aýdanyny etdirdi (Markus 4:36—41).

      • ýer ýüzüne ýetirilen zyýany doly aýrar (Işaýa 35:1, 2).

      • gudrat bilen müňlerçe adamy doýurdy (Matta 14:17—21).

      • iýere zat köp bolar (Zebur 72:16).

      • dürli keselli adamlary sagaltdy (Luka 18:35—43).

      • adamlar sagdyn bolar (Işaýa 33:24).

      • ölüleri direltdi (Luka 8:49—55).

      • ölümi, ajy hasraty aýrar (Ylham 21:3, 4).

      6. Ajaýyp durmuş bolar

      Hudaý Patyşalygy arkaly başdaky niýetini amala aşyrar. Adamlar Jennetde ebedi ýaşar. WIDEONY görüp, Ýehowanyň Isa arkaly niýetini nädip amala aşyrjakdygyny biliň.

      WIDEO: «Ajaýyp durmuşda ýaşarys» (4:38)

      Zebur 145:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň «her bir adamy we haýwany... doýurjakdygy» saňa nähili täsir edýär?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Agzybir bolsak, häzirem ähli kynçylyklary çözüp bileris».

      • Hudaý Patyşalygy arkaly hökümetleriň hiç haçan başarmajak haýsy kynçylyklaryny çözer?

      ESASY PIKIRLER

      Hudaý Patyşalygy arkaly etjek diýen zadyny hökman eder. Ol bütin ýer ýüzüni Jennet eder, gowy adamlar Ýehowa hemişe gulak asar.

      Gaýtalamak

      • Hudaý Patyşalygy arkaly adyny nädip mukaddes eder?

      • Hudaýyň wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarsyň?

      • Sen Hudaýyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetmegine garaşýarsyň?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Armageddon barada köpräk öwreniň.

      «Armageddon söweşi näme?» (Internet makala)

      Agyr muşakgatda nämeler bolar? (Matta 24:21)

      «Agyr muşakgat näme?» (Internet makala)

      Maşgalaňyz bilen Jenneti göz öňüne getiriň.

      «Jenneti göz öňüne getir» (1:50)

      Hökümete garşy çykan adam köp soraglaryna jogap tapýar.

      «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2012)

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş