Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!
    Garawul diňi — 2014 | 15 fewral
    • PATYŞA «HAKYKAT ÜÇIN ATLANÝAR»

      11. Mesih nädip «hakykat üçin atlanýar»?

      11 Zebur 45:4-i okaň. Söweşiji Patyşa ýerleri basyp almak we halklary özüne tabyn etdirmek üçin söweşmez. Ol pähimli iş üçin adalatly söweş alyp barar. Isa «hakykat, mylakatlylyk» üçin ýöriş eder. Ol Ýehowanyň Älem-jahanyň Hökümdarydygy baradaky iň wajyp hakykaty goraýar, çünki Şeýtan Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şeýtanyň tarapyna geçen jynlardyr adamlar bu wajyp hakykaty ýalana çykarjak bolýarlar. Häzir Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny hemişelik subut etmegiň tüýs wagtydyr.

      12. Patyşa haýsy manyda «mylakatlylyk üçin» atlanýar?

      12 Şeýle-de Patyşa «mylakatlylyk üçin» atlanýar. Ol Atasyna tabyn bolup, hakyky kiçigöwünliligi görkezýär (Iş. 50:4, 5; Ýahýa 5:19). Patyşanyň raýatlary onuň göreldesine eýerip, ähli zatda Ýehowa tabyn bolmaly. Diňe şeýle adamlar Hudaýyň wada edýän täze dünýäsinde ýaşamaga mynasyp bolar (Zak. 14:16, 17).

      13. Mesih nädip «dogrulyk üçin» söweşer?

      13 Mesih «dogrulyk üçin» hem söweşer, çünki ol Ýehowanyň ýagşy-ýaman baradaky kadalaryny goraýar (Rim. 3:21; Kan. tag. 32:4). Işaýa pygamber: «Patyşa dogrulyk bilen şalyk eder» diýip ýazdy (Iş. 32:1). Mesihi Patyşalyk «täze gökleri» we «täze ýeri» berkarar eder, «olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» (2 Pet. 3:13). Täze dünýäni miras aljak adamlar Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşap, lezzet alarlar (Iş. 11:1—5).

      PATYŞA «GORKUNÇ ZATLARY» AMALA AŞYRÝAR

      14. Mesihiň sag eli nähili «gorkunç zatlary» amala aşyrar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

      14 Mezmurçy Patyşanyň «biline gylyjyny dakandygy» barada aýdypdy (Zeb. 45:3). Wagty gelende, ol gylyjyny sag eline alar. Mezmurçy Isa hakda: «Sag eliň Saňa gorkunç zatlar öwreder» diýip pygamberlik etdi (Zeb. 45:4). Isa Mesih Armageddonda Ýehowanyň hökümini amala aşyrmaga gelende, duşmanlary üçin «gorkunç zatlary» eder. Biz Isanyň nämeleri ulanjakdygyny anyk bilmeýäris. Emma Hudaýyň duýduryşyna gulak asmaýan we Onuň Patyşasyny kabul etmeýän adamlaryň gorkudan ýaňa ýüregi partlara ýeter (Zebur 2:11, 12-nji aýatlary okaň). Isanyň soňky günler baradaky pygamberligine görä, «adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär. Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler» (Luka 21:26, 27).

      15, 16. Gökdäki «goşunlar» kimlerden ybarat?

      15 Hudaýyň hökümini amala aşyrmak üçin «gudrat hem uly şöhrat bilen» gelýän Patyşa barada Injilde şeýle diýilýär: «Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir. Ak, tämiz we nepis keteni geýnen gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi. Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar» (Ylh. 19:11, 14, 15).

      16 Mesih bilen söweşe gitjek gökdäki «goşunlar» kimden ybarat? Isa Şeýtany we onuň jynlaryny gökden ýere zyňanda, ol muny öz «perişdeleri» bilen edipdi (Ylh. 12:7—9). Diýmek, Mesih Armageddonda mukaddes perişdeleri bilen geler. Mesihiň goşunyna ýene kimler degişli? Isa mesh edilen şägirtlerine şeýle wada beripdi: «Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin. Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder» (Ylh. 2:26, 27). Görşümiz ýaly, Mesihiň goşunyna gökde sylagyny aljak mesh edilen mesihçiler hem degişlidir. Isa milletleri demir taýak bilen bakyp, «gorkunç zatlary» edende, olar hem onuň ýanynda bolar.

  • Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!
    Garawul diňi — 2014 | 15 fewral
    • 19. Mesih nädip doly ýeňiş gazanar?

      19 Mesih Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edenden soňra, «şanynda ýeňişli atlanar» (Zeb. 45:4). Ol Şeýtany we onuň jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňar (Ylh. 20:2, 3). Olar ýer ýüzünde ýaşajak adamlara täsirini ýetirip bilmez; Patyşalygyň raýatlary şanynda ýeňiş gazanan Patyşasyna tabyn bolup ýaşarlar. Emma ýer ýüzi Jennete öwrülmänkä, adamlarda şatlanmaga ýene-de bir sebäp bolar. Bu şatlykly waka barada indiki makaladan bileris.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş