-
Perýat edýän mätäji kim halas eder?Garawul diňi — 2010 | 15 awgust
-
-
14, 15. Isanyň adamlaryň duýgularyna düşünýändigini we perýat edýän mätäji halas etjekdigini nireden bilýäris?
14 Günäli adamlar çykgynsyz, gözgyny ýagdaýda we olar kömege mätäç. Ýöne biziň umydymyz bar (Zebur 72:12—14-nji aýatlary okaň). Süleýmandan-da uly Isa biziň günälidigimize düşünip, duýgudaşlyk bildirýär. Şeýle-de Hudaý Isanyň dogrulyk ugrunda ejir çekip, synaglara uçramagyna ýol berdi. Isa şeýle agyr ynja düşdi welin, onuň «deri ýere daman gan damjalary ýalydy!» (Luka 22:44). Soňra ol ölüm pürsünde gygyryp: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi (Mat. 27:45, 46). Isa köp jebirler çekse-de, Şeýtan ony Ýehowadan dändirmek üçin tagalla baryny etse-de, ol Hudaýa wepalydygyny subut etdi.
-
-
Perýat edýän mätäji kim halas eder?Garawul diňi — 2010 | 15 awgust
-
-
16. Näme üçin Süleýman patyşanyň raýatlaryna haýpy gelýärdi?
16 Süleýman patyşa akyldar we düşgür bolany üçin «mätäje haýpy gelýärdi». Muňa garamazdan, ol hem gam-gussa çekip, köp betbagtçylyklary başyndan geçirýär. Onuň dogany Amnon uýasy Tamary zorlany üçin Süleýmanyň dogany Abşalom Amnony öldürýär (2 Sam. 13:1, 14, 28, 29). Abşalom Dawudyň tagtyna bikanun geçýär we ony Ýoab öldürýär. Soňra Süleýmanyň dogany Adoniýa tagta geçjek bolýar. Eger onuň düzen plany başa baran bolsa, ol Süleýmany öldürerdi (1 Pat. 1:5). Süleýman patyşa adamlaryň çekýän ejirlerine düşünýärdi şol sebäpli, ol Ýehowanyň ybadathanasynyň dabaraly açylyşynda bu barada doga etdi. Ol: «Her bir adam öz betbagtçylygyny we derdini bilýändir... Sen (Ýehowa) bagyşla we her kime eden işlerine görä hakyny ber» diýdi (2 Tar. 6:29, 30).
17, 18. Ýehowanyň käbir gullukçylary nähili dert çekýär we olara näme kömek edýär?
17 Durmuşymyzda öň bolan zatlar ýüregimizde dert bolup biler. 30 ýaşly Merib atly uýa şeýle ýazýar: «Bagtly bolar ýaly meniň hemme zadym bar, ýöne öňki eden işlerime utanýaryn we ýigrenýärin. Şol zatlar öň bolan bolsa-da, düýn bolan ýaly gaty gynanyp, aglaýaryn. Ýadymdan çykmaýan zatlar üçin göwnüçökgün bolýaryn we namys edýärin».
18 Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi göwnüçökgünlige düşüp biler, ýöne olary nädip ruhlandyryp bolýar? Meri şeýle diýýär: «Men hakyky dostlarymyň we ýygnakdaky dogan-uýalarymyň bardygyna begenýärin. Şeýle-de Ýehowanyň berýän wadalary barada hemişe oýlanýaryn we kömek diläp, edýän perýatlarymyň şatlyga öwrüljekdigine ynanýaryn» (Zeb. 126:5). Biz Hudaýyň bellän patyşasy Isa Mesihe umyt baglamaly. Ol barada şeýle pygamberlik edildi: «Onuň garyba, mätäje haýpy geler, mätäçleriň janlaryny gutarar. Olary sütem hem zorlukdan dyndyrar, nazarynda olaryň gany gymmat bolar» (Zeb. 72:3, 14). Bu sözler, nähili, göwnüňi göterýär!
-