Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/10 sah. 12—16
  • Ýehowa ýürekden çykýan dogalara jogap berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýürekden çykýan dogalara jogap berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň halkyna garşy dildüwşük
  • Mezmurçyny, esasanam, näme aladalandyrýardy?
  • Onuň «mukaddes mekany»
  • Ýehowanyň ýeňişleriniň taryhy mysaly
  • Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy barada doga ediň
  • Seniň üçin iň wajyp şahsyýet kim?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • 2-nji bölüm
    Hudaýa gulak asyň
  • Armageddon — şatlykly habar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/10 sah. 12—16

Ýehowa ýürekden çykýan dogalara jogap berýär

«Seniň adyň Rebdigini (Ýehowadygyny, TD) bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler» (ZEB. 83:18).

1, 2. Köp adamlar nämäni başdan geçirýär we nähili soraglar ýüze çykýar?

MUNDAN birnäçe ýyl öň, bir aýaly öýüniň golaýynda bolan betbagtçylyk örän biynjalyk edýärdi. Ol katolik maşgalasynda önüp-ösýär, şonuň üçin ruhanydan kömek sorap ýüz tutýar, emma ruhany gepleşmek-de islemeýär. Şonda ol Hudaýa: «Men seniň kimdigiňi bilmeýärin. . . ýöne bardygyňa ynanýaryn. Özüňi tanatmagy haýyş edýärin!» diýip doga edýär. Şondan soň köp wagt geçmänkä, Ýehowanyň Güwäçileri onuň öýüne geldiler. Olar aýala teselli berip, gözleýän Hudaýyny tanamaga kömek etdiler. Olar köp zatlary gürrüň berip, Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny aýtdy. Bu aýaly örän tolgundyrdy. Ol begenjinden ýaňa gygyryp: «Görsene, bu meniň hut çagalykdan bäri gözleýän Hudaýym!» diýdi.

2 Şeýle ýagdaýlary köp adamlar başdan geçirýär. Köplenç olar Mukaddes Ýazgylardan Zebur 83:18-i okanlarynda, Ýehowany adyny birinji sapar görýärler. Bu aýat «Täze dünýä terjimesinde» şeýle berlen: «Seniň adyň Ýehowadygyny, bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler». Siz 83-nji mezmuryň näme üçin ýazylandygy barada oýlandyňyzmy? Haýsy wakalar ähli we her bir adamy Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdydyny boýun almaga höweslendirýär? Şu günler bu mezmuryň bize nähili ähmiýeti bar? Bu makalada şu soraglara serederisa.

Ýehowanyň halkyna garşy dildüwşük

3, 4. 83-nji mezmury kim ýazdy we onda nähili howp beýan edilýär?

3 83-nji mezmuryň ýazgysyna görä, ony Asaf ýazdy. Bu mezmury Dawut patyşanyň döwründe ýaşan meşhur sazanda, lewili Asaf ýazan bolmaly. Mezmurçy Ýehowanyň ýokary häkimetini goldamagy we adyny şöhratlandyrmagy barada doga edýär. Mezmur Süleýman patyşa ölenden soň ýazylan bolmaly. Sebäbi Dawut we Süleýman patyşanyň döwründe Sur patyşasy Ysraýyl bilen dostlukly gatnaşykdady. 83-nji mezmurda beýan edilişi ýaly, Suruň ilaty Ysraýylyň duşmanlaryna goşulyp, oňa garşy çykýar.

4 Mezmurçy Hudaýyň halkyny ýok etmek üçin dildüwşen on halkyň adyny ýazýar. Olar Ysraýylyň töwerek-daşynda ýaşaýardy. Olara şular degişli: «Edom çadyrlary we Ysmaýylylar, Moab we Hejeriler; Gebal, Ammon we Amalek, Filistin bilen Sur ilaty; Aşur-da olara goşuldy» (Zeb. 83:6—8). Mezmurda haýsy taryhy waka beýan edilýär? Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, mezmurda Ýehoşafatyň günlerinde Ammon, Moab we Sur ilaty birleşip, Ysraýyla çozuşy beýan edilýär (2 Tar. 20:1—26). Käbiri bolsa, ähli döwürde goňşy halklaryň Ysraýyla bolan duşmançylygy barada beýan edilendigini aýdýar.

5. Şu günler mesihçilere 83-nji mezmur nähili kömek edýär?

5 Nähili bolaýanda-da, Ýehowa Hudaý halky howply ýagdaýa düşende, mezmurçynyň aýdym edip aýdan dogasyny ýazmaga ylhamlandyrýar. Bu mezmur şu günler Hudaýyň gullukçylaryny hem ruhlandyrýar, sebäbi bütin adamzat taryhynda duşmanlar olary ýok etmäge hüjüm edýär. Bu bizi ýakyn gelejekde, Äjit-mäjidiň Hudaýa ruhda we hakykaktda sežde edýänleriň ählisini ýok etmek üçin soňky gezek eden hüjümnde-de ruhlandyrar (Ezekiýel 38:2, 8, 9, 16-njy aýatlary okaň)b.

Mezmurçyny, esasanam, näme aladalandyrýardy?

6, 7. a) Zebur 83-nji babyň başynda mezmurçy näme barada doga edýär? b) Mezmurçyny, esasanam näme aladalandyrýardy?

6 Mezmurçynyň dogada duýgysyny nähili beýan edýändigini diňläliň: «Eý Hudaý, dymma; gepsiz-gürrüňsiz, ümsüm bolma, eý Hudaý. Çünki, ine, duşmanlaryň galmagal edýär, Seni ýigrenýänler baş galdyrýar. Olar Seniň halkyň garşysyna maslahat geçirýär. . . Çünki olar ýürek birligi bilen dil düwüşdiler, Seniň garşyňa ähtleşdiler» (Zeb. 83:1—3, 5).

7 Mezmurçyny, esasanam näme aladalandyrýardy? Elbetde, ol özüniň we maşgalasynyň howpsuzlygy barada aladalanyp biler. Emma ol, esasanam, Hudaýyň adynyň masgaralanmagyna we onuň adyny göterýän halka haýbat atylýandygyna biynjalyklanyp, doga edýärdi. Zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşasak-da, geliň, şeýle paýhasly garaýyşda bolalyň (Matta 6:9, 10-njy aýatlary okaň).

8. Halklar haýsy maksat bilen Ysraýyla garşy dildüwüşdiler?

8 Mezmurçy Ysraýylyň duşmanlarynyň: «Geliň, olary ýok edeliň, olar millet bolmasyn, indi Ysraýylyň ady tutulmasyn» diýip, aýdanlaryny ýazdy (Zeb. 83:4). Bu duşmanlar Hudaýyň saýlanan halkyny, gör, nähili ýigrenýärdi! Olaryň dildüwüşmegininiň başga-da sebäbi bar. Olar Ysraýylyň ýerini basyp almagy arzuw edip: «Hudaýyň örülerini özümize mülk edineliň» diýip öwünýärdi (Zeb. 83:12). Şu günlerem şeýlemi? Hawa!

Onuň «mukaddes mekany»

9, 10. a) Gadymy döwürde Hudaýyň mukaddes mekany nämedi? b) Mesh edilenleriň galyndysyna we «başga goýunlara» nähili bereketler eçilýär?

9 Gadymy döwürde Wada edilen diýara Hudaýyň örüleri, ýagny Hudaýyň mukaddes mekany diýilýärdi. Müsürden azat bolansoň, ysraýyllylaryň aýdan ýeňiş aýdymyny ýada salalyň: «Sen satyn alan halkyňy merhemet bilen alyp barýaň we olary güýjüň bilen hökman mukaddes mekanyňa getirersiň» (Çyk. 15:13). Soňra bu «mukaddes mekana» ybadathana we ruhanylyk, şeýle-de, şol ýeriň paýtagty bolan Iýerusalim degişli boldy. Ol ýerde Dawudyň neslinden bolan patyşalar Ýehowanyň tagtynda oturýardy (1 Tar. 29:23). Şol sebäpli, Isa Iýerusalime «beýik Patyşynyň şäheridir» diýip ýöne ýere aýtmandy (Mat. 5:35).

10 Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? B. e. 33-nji ýylynda täze halk — «Hudaýyň Ysraýyly» doguldy (Gal. 6:16). Isa Mesihiň mesh edilen doganlaryndan ybarat bolan bu halk Hudaýyň adyna güwä geçip, ten boýunça Ysraýylyň ýerine ýetirmedik işini edip başlady (Iş. 43:10; 1 Pet. 2:9). Ýehowa gadymky Ysraýyla wada berşi ýaly, olara-da: «Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýdi (2 Kor. 6:16; Lew. 26:12). 1919-njy ýyldan başlap, Ýehowa «Hudaýyň Ysraýylyna» mähribanlyk bildirip başlaýar. Şol wagt olar «ýere» — ruhy işe — eýe boldular. Şonda olar ruhy jenneti tapdylar (Iş. 66:8). 1930-njy ýyllardan başlap olara millionlarça «başga goýunlar» goşulýar (Ýahýa 10:16). Şu günler mesihçileriň bagtlylygy we ruhy taýdan gülläp ösmegi Ýehowanyň häkmiýetiniň adalatlydygyny subut edýär (Zebur 91:1, 2-nji aýatlary okaň). Bu bolsa Şeýtany gahar-gazaba mündürýär.

11. Hudaýyň duşmanlarynyň esasy maksady näme?

11 Şu soňky günlerde Şeýtan we ýer ýüzünde onuň islegini ýerine ýetirýänleriň ählisi, mesh edilenleriň galyndysyna hem-de olaryň kömekçisi bolan başga goýunlara garşy çykýarlar. Günbatar Ýewropada faşistleriň we Gündogar Ýewropada Sowet Soýuzyň kommunistik häkmiýetiniň täsiri astynda, mesh edilenleriň hem-de başga goýunlaryň dürli yzarlamalara duçar bolmagy, muňa mysal bolup biler. Şeýle ýagdaýlar başga ýurtlarda hem bolupdy. Bu Äjit-mäjidiň iň soňky gezek hüjüminde-de bolar. Geçmişde bolşy ýaly, duşmanlar Ýehowanyň halkyny gozgalýan we gozgalmaýan emläginiden mahrum edip bilerler. Ýöne Şeýtanyň esasy maksady, Hudaýyň bize beren adyny unutdyryp, biziň agzybirligimizi bozmak we halk hökmünde ýok etmek. Ýehowa häkimiýetine bolan şeýle garşylyga nähili garar? Geliň, ýene-de mezmurçynyň sözlerine üns bereliň.

Ýehowanyň ýeňişleriniň taryhy mysaly

12—14. Mezmurçy Megiddo şäheriniň golaýynda bolan haýsy iki taryhy ýeňşi ýatlaýar?

12 Ýehowa duşmanlaryň maksadyny bozup bilýändigine mezmurçynyň berk ynamynyň bolandygyna üns bereliň. Ol Megiddo jülgeden beýik bolup duran, gadymy Megiddo şäheriniň golaýynda Ysraýylyň gazanan iki aýgytly ýeňşini baglanyşdyrýar. Jülgeden Kişon derýasynyň egrem-bugramly akymy geçýär. Ony tomus aýlary derýa guranda görse bolýar. Güýçli gyş ýagyşlaryndan soň, derýa joşup, jülgäni suw basýar. Belki, şonuň üçin Kişona hem «Megiddo suwlary» diýlendir (Kaz. 4:13; 5:19).

13 Megiddo şäherinden takmynan 15 kilometrlikde More baýyrlygy ýerleşýärdi. Ol ýerde kazy Gideonyň günlerinde midýalylar, amelekliler we gündogar ilaty birleşip, Ysraýyla garşy söweşmek üçin ýygnanyşdylar (Kaz. 7:1, 12). Gideonyň üç ýüz adamly uly bolmadyk goşuny Ýehowanyň kömegi bilen ägirt güýçli duşmany derbi-dagyn edýär. Nädip? Olar Hudaýyň görkezmesine eýerip, ellerine içi otly küýzäni alyp, gije duşmanyň düşelgesini gabadylar. Gideon yşarat edende, olar küýzelerini döwdüler, otly taýak garaňkyda ýagty saçdy. Şol wagt olaryň her biri surnaý çalyp we gygyryp: «Ýehowanyň we Gideonyň gylyjy!» diýdiler. Duşmanlar aljyrap, biri-birini öldürip başlady, diri galanlary bolsa Iordan derýasynyň beýleki kenaryna gaçdylar. Gideonyň esgerleri we beýleki ysraýyllylar duşmanlary yzarladylar. Netijede, duşmanlardan 120 müňi öldürildi (Kaz. 7:19—25; 8:10).

14 Megiddo jülgesiniň garşysynda, More baýyrlygynyň arka ýüzünde, takmynan alty kilometr uzaklykda Tabor dagy ýerleşýär. Bu ýerde, ýokarda aýdylan wakalardan öň, Asordan kenganly Ýabin patyşanyň goşuny bilen söweşmek üçin, kazy Barak on müň adamly Ysraýyl goşuny ýygnaýar. Ýabin patyşanyň goşunyna Sisera baştutanlyk edýär. Kenganly goşunyň 900 harby arabasy bardy. Arabanyň tigirlerine uzyn demir çalgy berkidilendi, haçan-da araba sürülende, olar hem tigirler bilen bilelikde aýlanýardy. Gowşak ýaraglanan Ysraýyl goşuny Tabor dagyna çykyp, Siseranyň goşunyny aldap, jülgä getirýär. Şonda «Ýehowa Siserany, onuň ähli harby arabalaryny we bütin düşelgesini aljyraňlyga salýar». Ol Kişon derýasyny joşdurmak üçin, güýçli ýagyş ýagdyrýar we arabalar batga batýar. Ysraýyllylar ähli duşmany derbi-dagyn edýär (Kaz. 4:13—16; 5:19—21).

15. a) Mezmurçy Ýehowadan näme dileýär? b) Ýehowanyň soňky söweşiniň ady bize nämäni ýatladýar?

15 Mezmurçy öz döwründäki Ysraýyla howp salýan duşmanlary-da şeýle etmegi Ýehowadan haýyş edip, doga edýär: «Bulary, Midýany, Kişon çaýynda Siserany we Ýabini edişiň ýaly et. Olar Endorda heläk boldular, topraga dökün boldular» (Zeb. 83:9, 10). Hudaýyň iň soňky gezek, Şeýtanyň dünýäsine garşy etjek söweşi Armageddon diýip atlandyrylýar, bu «Megiddo dagyny» aňladýar. Bu at bize Megiddonyň golaýynda bolan aýgytly söweşleri ýatladýar. Şol söweşlerde Ýehowanyň gazanan ýeňşi Armageddon urşunda duşmanlary derbi-dagyn etjekdigini subut edýär (Ylh. 16:13—16).

Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagy barada doga ediň

16. Şu günler haýsy manyda duşmanlaryň «ýüzi utanç bilen bürelýär»?

16 Ýehowa şu «soňky günlerde» halkyny ýok etmek üçin edilýän ähli tagallalary puja çykarýar (2 Tim. 3:1). Netijede, duşmanlar utandyryldy. Bu Zebur 83:16-da pygamberlik edilip, şeýle diýilýär: «Olaryň ýüzlerini utanç bilen büre, onsoň, Seniň adyňa sygynarlar, ýa Reb». Ýurtlaryň köpüsinde Ýehowanyň Güwäçilerini dymdyrmak isleýän duşmanlar masgaralaýjy ýeňlişe sezewar boldy. Şol ýurtlarda hak Hudaýyň gullukçylarynyň çydamlygy we batyrgaýlygy akýürekli adamlara güwä geçdi. Şol sebäpli olaryň köpüsi Ýehowanyň adyny gözläp başladylar. Bir wagt Ýehowanyň Güwäçileriniň yzarlanan ýurtlarynyň köpüsinde, häzir on müňlerçe, hatda ýüz müňlerçe bagtyýar adamlar Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýar. Ýehowanyň ýeňşi, gör, nähili! Bu onuň duşmanlaryny nähili masgaralaýar! (Ýeremiýa 1:19-y okaň)c.

17. Tizden adamlar nähili howply ýagdaýa düşerler we şonda biz haýsy sözleri ýada salarys?

17 Biz söweşiň tamamlanmandygyny bilýäris. Hatda biz garşy çykýanlara wagyz etmegi dowam edýäris (Mat. 24:14, 21). Emma tizden olarda toba etmäge we halas bolmaga mümkinçilik bolmaz, çünki adamlaryň halas bolmagyndan Ýehowanyň adynyň aklanmagy has wajypdyr (Ezekiýel 38:23-i okaň)d. Pygamberlik edilişi ýaly, ýer ýüzündäki ähli halklar Hudaýyň halkyny ýok etmäge çalyşanda, biz mezmurçynyň dogasynda: «Ebedi utansynlar, çaşsynlar, ryswa bolup, ýok bolsunlar» diýen sözlerini ýada salarys (Zeb. 83:17).

18, 19. a) Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykýanlara näme garaşýar? b) Ýehowanyň hökümdarlygynyň tizden aklanmagy size nähili täsir edýär?

18 Ýehowanyň hökümdarlygyna kesirlik bilen garşy çykýanlara kemsidiji ölüm garaşýar. Hudaýyň sözünde «Hoş Habara uýmaýanlaryň» Armageddonda ýok ediljegi, «ebedi heläkçilik jezasyny çekjegi» aýdylýar (2 Sel. 1:7—9). Olaryň ýok edilmegi, Ýehowa hakykatda sežde edýänleriň gutulmagy Onuň ýeke-täk hak Hudaýdygyny subut eder. Bu uly ýeňiş täze dünýäde hiç haçan unudylmaz. «Hem dogrular, hem egriler ölümden direlip», Ýehowanyň beýik işleri barada bilerler (Res. iş. 24:15). Täze dünýäde Ýehowanyň hökümdarlygyna boýun bolup ýaşamagyň paýhaslydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik bolar. Direlenleriň arasyndaky ýumşak adamlar Ýehowanyň ýeke-täk hak Hudaýdygyna düşünerler.

19 Gökdäki Atamyz wepaly gullukçylaryna, gör, nähili ajaýyp gelejek taýýarlady! Mezmurçy şeýle doga edýär: «(Seniň duşmanlaryň) ebedi utansynlar, çaşsynlar, ryswa bolup, ýok bolsunlar. Seniň adyň Rebdigini (Ýehowadygyny, TD), bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler». Mezmurçynyň dogasyna Ýehowanyň tizden soňky jogap bermegi barada bizi hem doga etmäge höweslendirmeýärmi? (Zeb. 83:17, 18).

a Bu makala seretmezden öň, 83-nji mezmuryň mazmuny bilen tanyşmak peýdaly bolar.

b Ezekiýel 38:2. Adam ogly, Meşekiň we Tubalyň baş serdary Äjit-mäjide seret hem-de oňa garşy pygamberlik et. 8. Birnäçe gün geçensoň, saňa üns berler. Soňky ýyllarda sen uzak wagt idegsiz bolan, gylyçdan halas edilen köp halklardan Ysraýyl dagyna ýygnalan halkyň ýurduna gelersiň. Bu ýurduň halky milletlerden çykarylyp, howpsuzlykda ýaşarlar. 9. Sen hökman garşy çykarsyň. Tupan kimin gelersiň. Sen we ähli goşunyň, seniň bile bolan köp halklar, ýeri örtmek üçin bulut kimin bolarsyň. 16. Sen ýeri örtýän bulut kimin meniň ysraýyl halkyma hökman garşy çykarsyň. Bu soňky günlerde bolar, eý Äjit-mäjit, halklar meni tanar ýaly, men sende mukaddes bolup, seni ýerime garşy çykararyn.

c Ýeremiýa 1:19. Olar seniň bilen göreşerler, emma üstün çykmazlar, çünki Ýehowa: «Seni halas etmek üçin, men seniň bilendirin» diýýär.

d Ezekiýel 38:23. Men beýgelerin we mukaddes bolaryn, köp halklara özümi tanadaryn, olar meniň Ýehowadygymy bilerler.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• 83-nji mezmur ýazylan wagtlary Ysraýyl nähili ýagdaýa düşüpdi?

• 83-nji mezmury ýazany, esasanam näme aladalandyrýardy?

• Şu günler Şeýtan kime garşy çykýar?

• Ýehowa Zebur 83:18-däki doga, netijede nähili jogap berer?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş