-
Ýehowa geçirimli HudaýGarawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Iýun
-
-
Ýehowa geçirimli Hudaý
«Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli, özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi gaýgyrmaýarsyň» (Zeb. 86:5).
-
-
Ýehowa geçirimli HudaýGarawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Iýun
-
-
ÝEHOWA BAGYŞLAMAGA TAÝYN
4. Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?
4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy hakda ençeme sapar agzalýar. Ýehowa Sinaý dagynda Musa pygamber bilen perişdesi arkaly gepleşdi. Perişde şeýle diýdi: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 34:6, 7). Hawa, Ýehowa mähirli, rehimdar Hudaý! Ol toba edýän adamlary ýürekden bagyşlaýar (Neh. 9:17; Zeb. 86:15).
Ýehowa her bir adamy gowy tanaýar (5-nji abzasa serediň).
5. Zebur 103:13, 14-nji aýatlara görä, Ýehowa näme edýär we näme üçin?
5 Älem-jahany ýaradan Ýehowa her bir adamy gowy tanaýar. Ol her bir adamyň häsiýetini, niýetini we oý-pikirini bilýär (Zeb. 139:15—17). Ýehowa bikämilligiň adamlara nesilden-nesle geçip gelýändigine düşünýär. Ol adamlaryň başdan geçiren kynçylyklaryny bilýär we ýagdaýyna gowy düşünýär. Şol sebäpli ol adamlara rehimdarlyk bildirýär we toba edýänleri bagyşlaýar (Zeb. 78:39; Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okaň).
6. Ýehowa adamlaryň günäsini geçmek üçin näme etdi?
6 Biz Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şübhelenmän bileris. Allatagala Adam ata arkaly onuň ähli nesline günäniň we ölümiň miras geçendigini bilýär (Rim. 5:12). Şol sebäpli hiç bir adam özüni we başgalary günäniň gulçulygyndan azat edip bilmez (Zeb. 49:7—9). Emma söýgüden doly Ýehowa adamlary günäden halas etmek isleýär. Ýahýa 3:16-da aýdylyşy ýaly, Ýehowa biziň üçin ýeke-täk Ogluny gurban berdi (Mat. 20:28; Rim. 5:19). Isa pygamber adamlary günäden azat etmek üçin şirin janyny gurban etdi (Ýew. 2:9). Söwer Oglunyň ejir çekip ölşini görende, Ýehowanyň ýüregi para-para bolandyr. Hawa, Ýehowa adamlaryň günäsini geçmek islemeýän bolsa ýeke-täk Ogluny gurban bermezdi.
7. Ýehowanyň geçirimliligini subut edýän wakalary gürrüň beriň.
7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyny subut edýän ençeme wakalar bar (Efes. 4:32). Ýehowanyň Manaşa patyşany bagyşlandygy ýadyňyza düşýärmi? Ol agyr günäleri edýär. Meselem, butlara sežde edýär, çagalaryny ýalan taňrylara gurban berýär. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oýma but dikýär. Mukaddes Kitapda: «Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi» diýilýär (2 Tar. 33:2—7). Ýöne Manaşa toba edýär. Ýehowa ony bagyşlaýar we patyşalygyny gaýtaryp berýär (2 Tar. 33:12, 13). Dawut patyşa-da Ýehowanyň öňünde agyr günäleri etdi. Ol ahlaksyzlyk etdi, bigünä gan dökdi. Emma Dawut patyşa ýürekden toba edýär, Ýehowa hem ony bagyşlaýar (2 Şam. 12:9, 10, 13, 14). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şek-şübhe ýok. Geliň, indi adamlaryň biri-birini bagyşlamagy bilen Ýehowanyň geçirimliliginiň arasynda nähili tapawudyň bardygy hakda gürrüň edeliň.
-