-
Arassa bolEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
2. Arassa bolmak üçin nähili endikleri taşlamaly?
Mukaddes Kitapda: «Bedeni we ýüregi hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalalyň» diýilýär (2 Korinfliler 7:1). Biz saglygymyza zyýan ýetirýän, aňymyzy zaýalaýan zatlardan gaça durmaly. Oý-pikirlerimiz Ýehowanyň göwnünden turmaly. Şol sebäpli erbet pikirleri aýyrmaga jan etmeli (Zebur 104:34). Hapa sözleri hem aýtmaly däl (Koloslylar 3:8-i oka).
Saglygyňa we aňyňa ýene nämeler zyýanly? Käbir zatlar jan-saglygyňa zyýan ýetirýär. Meselem, biz çilim çekmeli däl, nas atmaly däl. Şeýle-de neşe serişdeleri we dermanlary keýp üçin ulanmaly däl. Şeýtsek, saglygymyzy gorarys we ýaşaýşyň gadyryny bileris. Eger masturbasiýa edýän bolsak ýa-da pornografiýa görýän bolsak, şol erbet endikleri hem aýyrmaly (Zebur 119:37; Efesliler 5:5). Elbetde, şeýle endikleri goýmak aňsat däl, ýöne Ýehowa kömek edýär (Işaýa 41:13-i oka).
-
-
Arassa bolEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
5. Pikiriňi arassa saklamak üçin aýgytly bol
Koloslylar 3:5-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa pornografiýany, masturbasiýany, ahlaksyz SMS-leri we suratlary näme üçin haramlyk hasaplaýar?
Ýehowanyň bizden arassa bolmagy talap etmäge haky barmy? Näme üçin?
Erbet pikirlere garşy göreşmegi öwreneliň. WIDEONY görüň.
Isa mysal getirip, ahlak taýdan arassa bolmak üçin aýgytly hereket etmelidigini düşündirdi. Matta 5:29, 30-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa özüňe şikes ýetirmek barada däl-de, aýgytly hereket etmek barada aýtdy. Diýmek, pikiriňi arassa saklamak üçin näme etmeli?b
Ýehowa seniň erbet pikirleri taşlamak üçin edýän her bir tagallaňy görýär. Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu aýat erbet endigiň bilen göreşmäge nädip höweslendirýär?
Ýykylan göreşden doýmaz
Käte: «Aý, men hiç haçanam düzelmerin» diýip, ruhdan düşýänsiň. Ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşýan türgenler hakda oýlanyp gör. Türgen ylgap barýarka büdräp ýykylsa, ýaryşdan çykyp gitmeýär ýa-da başdan ylgap başlamaýar. Şonuň ýaly, birden erbet endigiňi gaýtalasaň, göreşi dowam et, sebäbi sen entek ýeňilmediň. Şu çaka çenli göreşeniň biderek däl. Käte adam näçe göreşse-de, erbet endigini gaýtalanyny duýman galýar. Şeýle ýagdaý bolanda ruhdan düşme! Ýehowanyň kömegi bilen erbet endigiňi hökman ýeňersiň.
-