Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 10—14
  • Hiç haçan «Rebbe gazaplanmaň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hiç haçan «Rebbe gazaplanmaň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «REBBE GAZAPLANMAGA» NÄME SEBÄP BOLUP BILER?
  • «REBBE GAZAPLANMAKDAN» GAÇA DURUŇ
  • ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GYMMAT SAÝYŇ
  • Ýehowa «öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa sizi söýýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowa hemişe bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Ýehowa bil baglap, ýagşylyk et»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 10—14

Hiç haçan «Rebbe gazaplanmaň»

«Ynsanyň akmaklygy onuň ýoluny sowýandyr; onsoň ýüregi Rebbe gazaplanýandyr». SÜL. TYM. 19:3

SIZ NÄHILII JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowa «gazaplanmagymyza» näme sebäp bolup biler?

  • Hudaýa «gazaplanmakdan» gaça durmaga haýsy bäş maslahat kömek eder?

  • Kynçylyklara uçranymyzda nämäni unutmaly däl?

1, 2. Adamlaryň duş gelýän kynçylyklaryna näme üçin Ýehowany günäkärlemeli däl? Mysal getiriň.

AÝDALY, sen maşgalaň bilen ençeme ýyl bäri bagtly ýaşaýarsyň. Emma bir gün öýe geleniňde, ähli zadyň ýykan-ýumran bolandygyny, ýagny mebelleriň döwük, gap-gaçlaryň kül-uşak, halylaryň bolsa zaýalanandygyny görýärsiň. Seniň owadan jaýyňda tupan turan ýaly bolupdyr. Şonda sen aýalyňa gygyryp: «Muny nädäýipsiň?» diýermiň ýa-da «Muny kim etdi?» diýip sorarsyň? Megerem, sen bu soraglaryň ikinjisini berseň gerek. Näme üçin? Sebäbi sen aýalyňyň beýle gabahat iş etmejekdigini bilýärsiň.

2 Şu günler biz ynsan maşgalasynyň zorlukdan we ahlaksyzlykdan doludygyny görýäris. Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýändigimiz sebäpli dünýäde bolýan kynçylyklara Ýehowanyň sebäpkär däldigini bilýäris. Hudaý Ýer şaryny ajaýyp Jennet etmek üçin ýaratdy (Gel. çyk. 2:8, 15). Ýehowa — söýgi Hudaýy (1 Ýahýa 4:8). Mukaddes Ýazgylar bize dünýädäki ençeme kynçylyklaryň hakyky sebäpkäriniň kimdigini bilmäge kömek etdi. Hawa, bu zatlara «dünýäniň hökümdary» bolan Şeýtan Iblis günäkärdir (Ýahýa 14:30; 2 Kor. 4:4).

3. Näme üçin bizde nädogry pikiriň döremegi mümkin?

3 Elbetde, ähli betbagtçylyklar üçin Şeýtany günäkärläp bolmaz. Näme üçin? Sebäbi käbir kynçylyklara biziň özümiz günäkär (Kanun taglymaty 32:5-i okaň)a. Biz muny bilsek-de, bikämilligimiz pikirimizi zaýalap, betbagtçylyga eltýän ýola iterip biler (Sül. tym. 14:12). Nädip? Biz kynçylyklarda özümizi ýa-da Şeýtany däl-de, Ýehowany günäkärlemegimiz ähtimal. Biziň hatda «Rebbe gazaplanmagymyz» hem mümkin (Sül. tym. 19:3).

4, 5. Mesihçiniň nädip «Rebbe gazaplanyp» başlamagy mümkin?

4 Dogrudan-da, biz «Rebbe gazaplanyp» bilerismi? Aslynda, bu nädogry bolardy (Iş. 41:11). Bir şahyr: «Sen Hudaý bilen göreşerden gaty ejizsiň» diýipdir. Elbetde, biz Ýehowa nägiledigimizi hiç haçan aýtmasak gerek. Ýöne Süleýmanyň tymsallary 19:3-de akmak adamyň özi «ýoluny sowýandygy; onsoň ýüregi Rebbe gazaplanýandygy» barada aýdylýar. Hawa, Hudaýa bolan nägilelik adamyň ýüreginde döräp başlaýar. Ol özünde şeýle garaýşyň dörändigini bilmezligi-de mümkin. Başgaça aýdanyňda, adam Ýehowa gazaplanyp başlaýar. Netijede, onuň ýygnakdan daşlaşmagy ýa-da Ýehowa sežde etmek üçin geçirilýän çäreleri doly goldamazlygy ähtimal.

5 «Rebbe gazaplanmagymyza» näme sebäp bolup biler? Biz bu duzakdan nädip gaça durup bileris? Bu soraglaryň jogabyny bilmek örän wajyp. Sebäbi bu biziň Ýehowa bilen dostlugymyza gös-göni täsir edýär.

«REBBE GAZAPLANMAGA» NÄME SEBÄP BOLUP BILER?

6, 7. Musanyň döwründäki ysraýyllylar näme üçin Ýehowa igenip başladylar?

6 Näme sebäpden Ýehowanyň wepaly gullukçysynyň ýüreginde Hudaýa nägilelik döreýär? Geliň, munuň bäş sebäbine seredeliň hem-de gadymy döwürde şeýle duzaga düşen käbir adamlar barada gürrüň edeliň (1 Kor. 10:11, 12).

7 Başgalaryň nägilelik bilen aýdýan sözleri bize täsir etmegi mümkin (Kanun taglymaty 1:28-i okaň)b. Ysraýyllylar Müsür gulçulygyndan ýaňy çykypdylar. Ýehowa gudrat arkaly on jezany gazaply halkyň üstünden inderýär we soňra fyrowny hem-de onuň goşunyny Gyzyl deňzine gark edýär (Müs. çyk. 12:29—32, 51; 14:29—31; Zeb. 136:15). Indi Hudaýyň halky Wada edilen diýara girmäge taýyndy. Emma ol ýere girmegiň öňüsyrasynda ysraýyllylar Ýehowa nägile bolup başlaýarlar. Muňa näme sebäp bolýar? Wada edilen diýary barlamaga giden içalylaryň nägilelik bilen aýdan sözleri olara täsir edýär (San. 14:1—4). Netijede, «gowy ýurda» girmäge bütin halka rugsat berilmeýär (Kan. tag. 1:34, 35). Käte biz hem başgalaryň nägileligine imanymyzy gowşatmaga ýol berýärismi we Ýehowanyň biziň üçin edýän işlerine zeýrenip başlaýarysmy?

8. Işaýanyň döwründe Hudaýyň halky kyn ýagdaýa düşende, olar näme üçin Ýehowany günäkärläp başladylar?

8 Kynçylyklar bizi ruhdan düşürip biler (Işaýa 8:21-i okaň)c. Işaýanyň döwründe ysraýyl halky juda kyn ýagdaýdady. Olaryň daşyny duşmanlar gabapdy. Iýmit ýetmezçilik edýärdi, adamlaryň köpüsi açdy. Iň erbedi-de, ýehudy halky ruhy açlykdan ejir çekýärdi (Amos 8:11). Şeýle kyn ýagdaýda olar Ýehowadan kömek soramagyň deregine, öz patyşasyny we Hudaýyny «näletläp» başladylar. Hawa, olar düşen kynçylyklarynda Ýehowany günäkärlediler. Biz hem betbagtçylyga uçranymyzda ýa-da kyn ýagdaýa düşenimizde: «Meniň mätäç wagtym Ýehowa nirededi?» diýen pikir ýüregimizde döreýärmi?

9. Näme üçin Ezekiýeliň döwründäki ysraýyllylaryň garaýşy nädogrudy?

9 Ähli zady jikme-jik bilmeýäris. Ezekiýeliň döwründe ýaşan ysraýyllylar ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigi sebäpli, Ýehowanyň ýollary «dogry däl» diýýärdiler (Ezek. 18:29). Başgaça aýdanyňda, olar öz kada-kanunlaryny adalatly hasaplap, Ýehowanyňkydan ýokary tutdular we öz dar gözýetimi bilen Oňa höküm çykardylar. Käte biz hem Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan ýa-da durmuşymyzda bolýan zatlara doly düşünmesek, ýüregimizde Ýehowanyň ýollary «dogry däl» diýen pikir döreýärmi? (Eýýup 35:2).

10. Kimdir biri nädip Adam atanyň erbet göreldesine eýermegi mümkin?

10 Öz günälerimizi we ýalňyşlyklarymyzy başgalaryň üstüne atmak. Adamzat taryhynyň başynda Adam ata eden günäsi üçin Hudaýy günäkärledi (Gel. çyk. 3:12). Ol Hudaýyň Kanunyny bilkastlaýyn bozsa, munuň nämä eltjekdigini bilýärdi, ýöne şonda-da eden günäsini Ýehowanyň üstüne atdy. Aslynda, ol Ýehowanyň erbet aýal berendigini aýtdy. Şondan bäri adamlar Adam atanyň yzyna eýerip, öz edýän ýalňyşlyklarynda Ýehowany günäkärleýärler. Şonuň üçin biz özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men edýän ýalňyşlarym sebäpli lapykeç bolup, Ýehowanyň Kanunlaryna nägile bolýarynmy?»

11. Biz Ýunus bilen bolan wakadan nähili sapak edinýäris?

11 Öz abraýyň barada çendenaşa oýlanmak. Ýunus pygamber Ýehowanyň Ninewe şäheriniň ýaşaýjylaryna rehimdarlyk bildirendigine nägile boldy (Ýunus 4:1—3). Näme üçin? Ähtimal, ol aýdan pygamberliginiň ýerine ýetmändigi sebäpli abraýdan gaçaryn öýdüp biynjalyk bolandyr. Megerem, Ýunus öz abraýy barada çendenaşa aladalanyp, toba eden ninewe halkyna rehimdarlyk bildirmegi unudandyr. Biz hem özümiz barada çendenaşa pikir edip, Ýehowanyň bu zalym dünýäni henizem ýok etmändigine nägile bolýarysmy? Eger biz onlarça ýyl bäri Ýehowanyň gününiň ýakynlaşandygy barada wagyz edýän bolsak, adamlaryň wagyz işimize nägile bolýandygy üçin Ýehowa sabyrly garaşmagymyzy bes ederismi? (2 Pet. 3:3, 4, 9).

«REBBE GAZAPLANMAKDAN» GAÇA DURUŇ

12, 13. Ýehowanyň işlerine şübhelenmez ýaly nämäni gymmat saýmaly?

12 Eger biziň günäli ýüregimiz Ýehowanyň edýän käbir işlerine nägile bolsa, biz näme edip bileris? Ýehowadan nägile bolmagyň akylsyzlykdygyny unutmaň! Bir terjimede Süleýmanyň tymsallary 19:3-de şeýle diýilýär: «Adam nadanlygy sebäpli öz işlerini bulaşdyrýar, Ýehowany bolsa günäkärleýär» («Byington»). Muny ýatda saklap, geliň, häzir durmuşda bolýan lapykeçlik sebäpli Ýehowany günäkärlemezlige kömek etjek bäş zada seredeliň.

13 Ýehowa bilen dostlugyňyza äsgermezçilik etmäň. Eger biz Ýehowa bilen dostlugymyzy gymmat saýsak, Oňa gazaplanmakdan gaça durarys (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowa bil baglamaly. Şeýle-de özümizi akyldar saýmakdan ýa-da diňe özümizi bilmekden ägä bolmaly (Sül. tym. 3:7; Wag. 7:16). Şonda biz kynçylyga uçranymyzda Ýehowany günäkärlemeris.

14, 15. Nägilelik bildirýänleriň täsirine düşmezlige näme kömek eder?

14 Nägilelik bildirýänleriň täsirine düşmäň. Musanyň günlerindäki ysraýyllylarda Ýehowanyň Wada edilen diýaryna sag-aman eltjekdigine ynanmaga ýeterlik sebäpler bardy (Zeb. 78:43—53). Emma on sany biwepa içaly erbet habar aýdanlarynda, olar «Onuň (Ýehowanyň) eliniň edenlerini» ýatlamadylar (Zeb. 78:42, 43). Eger Ýehowanyň biziň üçin eden ähli işleri hakda oýlanyp, olary unutmasak, Hudaý bilen dostlugymyzy berkideris. Şonda adamlaryň aýdýan ýaramaz pikirlerine Ýehowa bilen dostlugymyza böwet bolmaga ýol bermeris (Zeb. 77:11, 12).

15 Biz imandaşlarymyza nädogry garaýyşda bolsak, bu Ýehowa bilen dostlugymyza täsir edip biler (1 Ýahýa 4:20). Haçanda ysraýyllylar Harunyň ruhany bellenendigine närazy bolanlarynda, Ýehowa muny özüne bildirilen nägilelik hasaplady (San. 17:10). Şonuň ýaly, biz-de Ýehowanyň ýerdäki guramasyna gözegçilik etmek üçin bellenen doganlara hüňňürdesek ýa-da nägilelik bildirsek, Ýehowa igendigimiz bolar (Ýew. 13:7, 17).

16, 17. Kynçylyklara uçranymyzda nämäni unutmaly däl?

16 Kynçylyklaryň döremegine Ýehowa sebäpkär däl. Işaýanyň döwründe ýaşan ysraýyllylar Ýehowadan ýüz öwürseler-de, Hudaý olara kömek etmek isleýärdi (Iş. 1:16—19). Kynçylyklara uçranymyzda Ýehowanyň aladamyzy edýändigini we bize ýardam bermek isleýändigini bilmek teselli berýär (1 Pet. 5:7). Hawa, Ol bize kynçylyklara döz gelmäge güýç berjekdigini wada edýär (1 Kor. 10:13).

17 Eger biz wepaly Eýýup ýaly adalatsyzlykdan horluk çekýän bolsak-da, Ýehowanyň günäkär däldigini unutmalyň. Ýehowa adalatsyzlygy ýigrenip, dogrulygy söýýär (Zeb. 33:5). Geliň, Eýýubyň dosty Elihu ýaly dogry garaýyşda bolalyň. Ol: «Heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?» diýdi (Eýýup 34:10). Ýehowa biziň başymyza kynçylyklar salmaýar, gaýtam, Ol bize «ähli oňat, kämil sowgatlar» eçýär (Ýakup 1:13, 17).

18, 19. Biz Ýehowanyň işlerine näme üçin hiç haçan şübhelenmeli däl? Mysal getiriň.

18 Hiç haçan Ýehowa şübhelenmäň. Ýehowa kämil Hudaýdyr we Onuň pikirleri biziňkiden has beýikdir (Iş. 55:8, 9). Şol sebäpli biz kiçigöwünliligi ösdürmeli. Bu bize düşünjämiziň çäklidigini boýun almaga kömek eder (Rim. 9:20). Biz köplenç käbir ýagdaýlaryň näme üçin ýüze çykýandygy baradaky ähli jikme-jiklikleri bilmeýäris. Siz şu sözleriň hakykatdygyna göz ýetiren bolsaňyz gerek: «Dawasyny ilkinji aýdan hakly görünýändir; ýöne soňra goňşusy gelip, ony synar» (Sül. tym. 18:17).

19 Eger biz ençeme ýyldan bäri tanaýan ynamdar dostumyzyň eden bir işine başda düşünmesek ýa-da geň görsek, biz ony şol bada günäkärlärismi? Ýa-da onuň eden işine şübhelenmän, oňa ynam bildireris? Biz dostumyzyň bikämildigine garamazdan, oňa ynanýan bolsak, onda gökdäki Atamyza has-da bil baglarys, çünki Onuň ýollary we pikirleri biziňkiden has beýikdir.

20, 21. Kynçylyklaryň sebäbini bilmek näme üçin wajyp?

20 Kynçylyklaryň näme sebäpden bolýandygyny biljek boluň. Bu näme üçin wajyp? Sebäbi käte kynçylyklara biziň özümiz günäkär bolýarys. Elbetde, muny boýun almak gerek (Gal. 6:7). Kynçylyklar dörände Ýehowany günäkärlemäň, çünki bu akylsyzlyk bolar. Geliň, bir mysala seredeliň. Ýokary tizlikde sürüp bolýan ulagda syýahat etse bolýar. Emma sürüji tizligi çäklendirmelidigini görkezýän belgä üns bermän, aýlawly ýoldan ýokary tizlikde geçse, ol heläkçilige uçrar. Şonda ulag öndürijini günäkärlese bolarmy? Elbetde, ýok! Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy. Şeýle-de Ol bize paýhasly karara gelmäge görkezme berýär. Onda näme üçin ýalňyşanymyzda Ýaradyjymyzy günäkärlemeli?

21 Elbetde, kynçylyklarymyzyň hemmesi biziň ýalňyşandygymyz ýa-da nädogry iş edendigimiz sebäpli bolmaýar. Olaryň käbiri «wagt we hadysa», ýagny tötänlik zerarly bolýar (Wag. 9:11). Galyberse-de, erbetlikleriň esasy sebäpkäri Şeýtan Iblisdigini ýatdan çykarmalyň (1 Ýahýa 5:19; Ylh. 12:9). Hawa, biziň duşmanymyz Ýehowa däl-de, Şeýtandyr (1 Pet. 5:8).

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GYMMAT SAÝYŇ

22, 23. Kynçylyklar zerarly ruhdan düşenimizde nämäni unutmaly däl?

22 Siz kynçylyklara uçranyňyzda we agyr ýagdaýa düşeniňizde, Ýeşuwa bilen Kalebiň göreldesini ýada salyň. Olar on sany içalydan tapawutlykda gowy habar bilen geldiler (San. 14:6—9). Ýeşuwa bilen Kalep Ýehowa iman edýändigini görkezdiler. Olar beýleki ysraýyllylar bilen kyrk ýyl çölde sergezdan boldular. Bu wepaly adamlar şeýle adalatsyzlyga gaharlandylarmy? Ýok. Olar Ýehowa bil bagladylar. Munuň üçin olar bereket aldylarmy? Elbetde! Nägilelik bildiren ysraýyllylaryň ählisi çölde öldi, emma bu iki wepaly gullukçy Wada edilen diýara girdi (San. 14:30). Eger biz hem Ýehowanyň islegini berjaý etmekden «ýadamasak», Onuň patasyny alarys (Gal. 6:9; Ýew. 6:10).

23 Eger siz kynçylyklar we başgalaryň ýa-da özüňiziň bikämilligiňiz sebäpli ruhdan düşen bolsaňyz näme etmeli? Ünsüňizi Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerine gönükdiriň. Onuň berýän umydyny göz öňüne getiriň. Özüňize şeýle sorag beriň: «Eger Ýehowa bolmadyk bolsa, men häzir nirede bolardym?» Hemişe Ýehowa bilen boluň we hiç haçan ýüregiňiziň Oňa gazaplanmagyna ýol bermäň!

a Kanun taglymaty 32:5 Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.

b Kanun taglymaty 1:28 Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: «Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Hakykatdan-da, biz ol ýerde anaklaryň neslini-de gördük» diýen habary biziň ýüregimizi suw etdi.

c Işaýa 8:21 Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş