Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 38
  • Ýaşaýşyň gadyryny bil

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşaýşyň gadyryny bil
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Isa pygamber bizi nädip halas edýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 38
38-nji sapak. Är-aýal çagajygyna mähir bilen seredýär.

38-NJI SAPAK

Ýaşaýşyň gadyryny bil

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Allatagala köp zatlary berdi. Şol sebäpli her gün hezil edip ýaşaýarys. Kynçylyklar bolsa-da, durmuşyň hözirini görüp bilýäris. Ýaşaýşy bereni üçin Ýehowa nädip minnetdar bolmaly? Geliň, ilki bilen, näme üçin minnetdar bolmalydygyny bileliň.

1. Näme üçin ýaşaýşyň gadyryny bilmeli?

Mukaddes Kitapda Hudaýa «ýaşaýşyň Gözbaşy» diýilýär, sebäbi Ol ähli zady ýaratdy (Zebur 36:9). Ol adamlara ýaşaýşy, demi we ähli zady berdi (Resullar 17:25, 28). Şonuň üçin ýaşaýşyň gadyryny bilmeli. Ýehowa ýaşaýyş üçin gerek zatlary artygy bilen berdi. Hudaý adamlaryň hezil edip ýaşamagy üçin her dürli zatlary ýaradypdyr (Resullar 14:17-ni oka).

2. Ýaşaýşy bereni üçin Ýehowa nädip minnetdar bolmaly?

Sen entek dogulmankaň, Ýehowa eýýäm aladaňy edýärdi. Dawut pygamber: «Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň» diýipdir (Zebur 139:16). Ýehowa üçin seniň janyň has gymmatly (Matta 10:29—31-nji aýatlary oka). Eger biri bilgeşleýin başga birini öldürse ýa-da öz janyna kast etse, Ýehowa örän gynanýara (2 Musa 20:13). Biz başgalaryň janyna ýa-da öz janymyza howp salsak, Ýehowa agyr degýär. Biz hemişe seresap bolup, özümiziň we başgalaryň janyna howp saljak işleri etmesek, Ýehowa ýaşaýşy berendigi üçin minnetdar bolarys.

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowanyň beren ýaşaýşynyň gadyryny bileliň.

3. Saglygyňyza serediň

Mesihçiler suwa çümdürilip, bedenini Hudaýa «gurban hökmünde hödürleýärler». Olar bütin jany-teni bilen Ýehowa gulluk edýärler, şonuň üçin saglygyna gowy seretmeli. Rimliler 12:1, 2-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Saglygyňa näme üçin gowy seretmeli?

  • Muny nädip etmeli?

Bir aýal lukman bilen gürleşýär.

4. Howpsuzlygy saklaň

Mukaddes Kitapda janyňa howply ýagdaýlaryň öňüni almak barada aýdylýar. WIDEONY görüp, howpsuzlygy saklamagy öwreniň.

WIDEO: «Howpsuzlygy saklaň» (8:34)

Nakyllar 22:3-i okaň. Soňra... howply ýagdaýlardan özüňi we başgalary goramak hakda gürrüňdeş boluň.

  • öýde...

  • işde...

  • sport bilen meşgullananyňda...

  • ulag süreniňde ýa-da ulagly gidip barýarkaň...

Sürüji howpsuzlyk kemerini dakýar.

5. Dogulmadyk çaganyň hem janyny goraň

Dawut pygamber Ýehowanyň enäniň göwresindäki çagany görýändigini we ösüşini synlaýandygyny aýdýar. Zebur 139:13—17-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň göz öňünde çaga haçan jan girýär: enesi göwreli bolandamy ýa-da çaga dünýä inende?

Ýehowa ysraýyllara-da enäniň we dogulmadyk çaganyň janyny goraýan kanunlary beripdi. 2 Musa 21:22, 23-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa dogulmadyk çagany tötänden öldüren adama nähili garaýar?

  • Dogulmadyk çagany bilgeşleýin aýyrtsalar, Ýehowa nähili garaýar?b

  • Sen Hudaýyň garaýşyny dogry hasaplaýarsyňmy?

WIDEONY görüň.

Göwreli aýal garnyny sypalaýar.

WIDEO: «Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýyň» (5:00)

Käte aýal çykgynsyz ýagdaýa düşmegi mümkin. Şonda ol: «Çagamy aýyrtmakdan başga alajym ýok» diýip pikir edip biler. Işaýa 41:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Aýal maşgalany çagasyny aýyrtmaga mejbur etseler, kimden kömek soramaly? Näme üçin?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Çaga özüniňki, aýyrtsa-da, aýyrtmasa-da özi çözýär».

  • Ýehowa näme üçin diňe bir enäniň däl-de, dogulmadyk çaganyň hem janyny gymmat saýýar?

ESASY PIKIRLER

Ýehowa ýaşaýşyň gadyryny bilmegi, goramagy öwredýär. Biz öz saglygymyza seretmeli we başgalaryň hem janyny goramaly.

Gaýtalamak

  • Ýehowa üçin adamyň jany näme üçin gymmatly?

  • Bilgeşleýin adam öldürene Ýehowa nähili garaýar?

  • Näme üçin ýaşaýşyň gadyryny bilmeli?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýaşaýşy bereni üçin Ýehowa minnetdar bolalyň.

«141-nji aýdym. Täsin ýaşaýyş» (2:41)

Günädigini bilmän çagasyny aýyrdan adamy Hudaý bagyşlarmy?

«Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?» (Internet makala)

Sport bilen meşgullananymyzda Hudaý ýaşaýşa hormat goýmagymyzy isleýär.

«Sportyň howply görnüşleri bilen meşgullanmak bolýarmy?» («Oýanyň!» 8 oktýabr, 2000)

Janyna kast etmek isleýän adama Mukaddes Kitap kömek edip biler.

«Mukaddes Kitabyň maslahatlary janyna kast etmek isleýän adama kömek edýärmi?» (Internet makala)

a Ýehowa ýüregi ýaraly, ruhdan düşen adamlaryň ýagdaýyna düşünýär (Zebur 34:18). Ol käbir adamlaryň göwnüçökgünlik sebäpli özüni öldüresi gelýändigini bilýär, olara kömek etmek isleýär. Hudaýyň şeýle adamlara nädip kömek edýändigini bilmek üçin «Köpräk biliň» bölümdäki «Mukaddes Kitabyň maslahatlary janyna kast etmek isleýän adama kömek edýärmi?» diýen makalany okaň.

b Eger biri öň çagasyny aýyrdan bolsa, onda özüni çendenaşa günäkärläp ýörmeli däl. Eger ol ýürekden toba etse, Ýehowa bagyşlar. Muňa düşünmek üçin «Köpräk biliň» bölümdäki «Mukaddes Kitapda çaga aýyrtmak barada näme diýilýär?» diýen makalany okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş