HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 27—31
Mukaddes Ýazgylarda başarjaň aýal barada aýdylýar
Süleýmanyň tymsallary 31-nji bapda Lemuil patyşanyň ejesiniň nesihatlary ýazylan. Bu maslahatlar Lemuil patyşa başarjaň aýalyň nähili bolýandygyna düşünmäge kömek etdi.
Başarjaň aýal — ynamdar kömekçi
- Aýal maşgalada gelinýän karara köp goşant goşsa-da, ýanýoldaşyna tabyn bolýar. 
- Ýanýoldaşy aýalynyň paýhasly karara geljekdigine ynanýar we her bir meselede özünden rugsat soramagyny talap etmeýär. 
Başarjaň aýal — zähmetsöýer
- Ol maşgala agzalarynyň arassa, salykatly geýinmegi, saçagynyň hemişe doly bolmagy üçin tygşytly we sada ýaşamagy öwrenýär. 
- Ol zähmetsöýer we gije-gündiz öý-içerisiniň aladasyny edýär. 
Başarjaň aýal — ruhy taýdan berk
- Ol Hudaýdan gorkýar we onuň bilen dostlugyny berkidýär.