-
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alarGarawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
-
-
6. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
6 Nakyllar 9-njy bapda akyldarlyk we akylsyzlyk hakda gürrüň edilýär hem-de olar aýallara meňzedilýär (Rimliler 5:14; Galatýalylar 4:24-nji aýatlary deňeşdiriň). Aýallaryň ikisem tejribesizleri myhmançylyga çagyrýar we saçagyny giňden ýazyp, näz-nygmatdan doldurýar (Nak. 9:1, 5, 6, 13, 16, 17). Emma akylsyz aýalyň myhmanlary mazara inýär, akyldar aýalyň myhmanlary uzak ömür sürýär. Nakyllar 9-njy bapdaky maslahatlar aýallara, erkeklere, oglanlara, gyzlara — biziň hemmämize peýdaly. Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlykdan we pornografiýadan doly (Efes. 4:19). Eger biz Ýehowadan gorkup, oňa wepaly bolsak, erbet işlere baş goşmarys (Nak. 16:6).
-
-
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alarGarawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
-
-
«Akylsyz aýalyň» çakylygyny kabul edýän adamlar heläkçilige uçraýar (7-nji abzasa serediň).
7. Nakyllar 9:13—18-nji aýatlara görä, akylsyz aýalyň myhmanlaryna näme garaşýar? (Surata serediň).
7 Geliň, «akylsyz aýal» hakda gürrüň edeliň (Nakyllar 9:13—18-nji aýatlary okaň). Ol utanman düşünjesizlere: «Bärik geliň!» diýip, öýüne myhmançylyga çagyrýar. Emma Mukaddes Kitapda: «Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr, myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Belki, şu sözler Nakyllar kitabynyň beýleki baplarynda agzalýan «ahlaksyz» we «azgyn aýaly» ýadyňyza salandyr. Mukaddes Kitapda: «Onuň öýüne baran diri çykmaz, ýollary mazara eltýär» diýilýär (Nak. 2:11—19). Şeýle-de Nakyllar 5:3—10-njy aýatlarda hem «azgyn aýal» hakda aýdylýar we «onuň aýaklary ölüme, ädimleri mazara alyp gidýär» diýilýär.
-
-
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alarGarawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
-
-
9, 10. Biz näme üçin ahlaksyzlyk etmeli däl?
9 Ahlaksyzlyk etmek nähili zyýan ýetirýär? «Akylsyz aýal» myhmanlaryna: «Ogurlanan suw süýjüdir» diýýär. Ogurlanan suw nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk sowuk suwdan ganmak bilen deňeşdirilýär (Nak. 5:15—18). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk olaryň ikisine-de lezzet berýär we maşgala ojagyny berkidýär. Emma «ogurlanan suw» Hudaýyň öňünde günä hasaplanýar we döwletiň kanunyna-da garşy gelýär. Ahlaksyzlyk edýän adamlar ogrular ýaly haýasyz işleri gizlinlikde edýär. Onda ogurlanan suw haýsy manyda «süýji» bolup biler? Ahlaksyzlar ogrular ýaly edýän işini hiç kim görmeýär diýip pikir edýär, emma olar gaty ýalňyşýar. Sebäbi Ýehowa ähli zady görýär. Şeýle işleri edýän adamlaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin ogurlanan suwa süýji däl-de, ajy diýse bolar (1 Kor. 6:9, 10). Emma ahlaksyzlyk etmek başga-da köp zyýan ýetirýär.
10 Ahlaksyzlyk edýänler masgara bolýar, özüni dereksiz duýýar, islemeseler-de göwreli bolýar we olaryň maşgala ojagy dargaýar. Akyldar adamlar akylsyz aýalyň köçesinden hem geçmeýär. Sebäbi akylsyz aýalyň myhmanlary ruhy taýdan heläkçilige uçraýar, ýagny olaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şeýle-de olar jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesele ýolugyp, ýaş aradan çykýar (Nak. 7:23, 26). Şonuň üçin Nakyllar 9:18-de: «Aýalyň... myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Onda näme üçin köp adamlar akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýär? (Nak. 9:13—18).
-
-
Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alarGarawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Iýun
-
-
«Akyldar aýalyň» çakylygyny kabul edýän adamlar uzak ömür sürýär (17, 18-nji abzaslara serediň).
17, 18. Akyldarlyga gulak asýan adamlar şu günler we gelejekde nähili bereket alar? (Surata serediň).
17 Ýehowa Nakyllar kitabyna akyldarlyk we akylsyzlyk hakda ýazdyrýar hem-de olary aýallara meňzedýär. Eziz Atamyz biziň akyldar bolmagymyzy we bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýän adamlar gizlinlikde ahlaksyzlyk edýär we keýp çekip ýaşaýar. Olar: «Bir günüm — hoş günüm» diýip, gelejegi hakda pikir hem etmeýär. Şeýdip, olar öz aýagy bilen «mazara inýär» (Nak. 9:13, 17, 18).
-