Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Gowy dostlary nädip tapmaly?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 48-nji sapak. Dostlar surata düşýär.

      48-NJI SAPAK

      Gowy dostlary nädip tapmaly?

      Hakyky dost gowy günüňde şatlygyňa şatlyk goşýar, kyn günüňde derdiňi deň çekişýär. Ýöne Mukaddes Kitapda hemme adamyň şeýle dost bolup bilmeýändigi aýdylýar. Onda gowy dosty nädip tapmaly? Geliň, bileliň.

      1. Näme üçin gowy adamlar bilen dostlaşmaly?

      Biz kim bilen gatnaşsak, islesek-islemesek şoňa meňzäp başlaýarys. Oturyşyp-turuşýan ýa-da Internetde gürleşýän adamlarymyz bize ýa gowy, ýa erbet täsir edip bilýär. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň. Akmak (ýagny Ýehowany söýmeýän adam) bilen dost bolsaň, zyýan çekersiň» (Nakyllar 13:20). Ýehowany söýýän, sežde edýän dostlar Hudaýy begendirip ýaşamaga we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýär. Tersine Ýehowany söýmeýän, sežde etmeýän adamlar bolsa, Hudaýdan daşlaşdyrýar. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda dostlaryňy ünsli saýlamak maslahat berilýär. Ýehowany söýýän gowy dostlar «biri-birini ruhlandyrýar, birek-biregi berkidýär» (1 Selanikliler 5:11).

      2. Ýehowa kim bilen dostlaşýanyňa üns berýärmi?

      Ýehowa hemmeler bilen däl-de, diňe dogruçyl adamlar bilen dost bolýar (Nakyllar 3:32). Hudaýy söýmeýän adamlar bilen dostlaşsak, Ýehowa gynanýar (Ýakup 4:4-i oka). Erbetler bilen arany kesip, Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsak, ol begenýär. Şonda Ýehowa hem bizi öz dosty hasaplar (Zebur 15:1—4).

      SÖHBETDEŞLIK

      Dostlary ünsli saýlamagy we gowy dostlary tapmagy öwreniň.

      3. Erbetler bilen gatnaşmaň

      Hudaýy söýmeýän, tabşyryklary boýunça ýaşamaýan adamlara gowy dost diýip bolmaz. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Erbetler bilen gatnaşma» (6:17)

      • Erbet adamlara nädip meňzäp başlamagymyz mümkin?

      1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Nähili adamlar saňa erbet täsir edip biler? Näme üçin?

      Zebur 119:63-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Nähili adamlar bilen dostlaşmaly?

      Bir jam alma. Çüýrük alma siňekläp, beýleki almalary hem zaýalap başlapdyr.

      Bir çüýrük alma beýlekileri hem çüýredýär. Erbet adam bilen dostlaşsaň, sen hem oňa meňzärsiň.

      4. Pikir etmedik adamlaryň gowy dost bolup biler

      Mukaddes Kitapda Dawut bilen Ýonatanyň gowy dost bolandygy aýdylýar. Olar biri-birinden tapawutlanýardy. Dawut ýaşdy, çopan oglandy. Ýonatan bolsa ep-esli uludy, özem patyşanyň ogludy. Ýöne olar jana-jan dostdy. 1 Şamuwel 18:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýaşy ýa-da ýagdaýy seniňkiden tapawutlanýan adamlar hem näme üçin gowy dost bolup biler?

      Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowany söýýän dostlar birek-biregi nädip goldap bilýär?

      Wideoda ýaş doganyň ulurak ýaşly dogan bilen dostlaşandygy görkezilýär. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Pikir etmeýän adamlaryň gowy dost bolup bilýär» (5:06)

      • Ene-atasy Akil bilen mekdepdäki dostlary hakda näme üçin gürleşdi?

      • Akil başda näme üçin mekdepdäki oglanlar bilen tirkeşip başlady?

      • Ol ýekeligi nädip ýeňdi?

      5. Gowy dostlary nädip tapmaly?

      Gowy dostlary tapmagy we gowy dost bolmagy öwreniň. WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Hakyky dost nähili bolmaly?» (4:14)

      «Hakyky dost nähili bolmaly?» diýen wideodan sahna. Bir ýetginjegiň her dürli ýaşly, milletli we ukyply dostlary bar.

      Nakyllar 18:24 we 27:17-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Gowy dostlar biri-birine nädip kömek edýär?

      • Seniň hem şeýle dostlaryň barmy? Eger ýok bolsa, nädip tapyp bilersiň?

      Filipililer 2:4-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Gowy dost tapynmak üçin, ilki, özüň gowy dost bolmaly. Sen nädip gowy dost bolup bilersiň?

      Suratlar: Bir uýa üç jorasy bilen görüşýär. 1) Uýa olaryň biri bilen jaňlaşýar. 2) Garry uýa bilen Ýygnak jaýynda gepleşýär. 3) Hasrat çekýän jorasynyňka baryp, hal-ýagdaýyny soraýar.

      Gowy dost tapynmak isleseň, özüňem gowy dost bol.

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Dostlaryň haýsy dine uýanda näme, gowy adam bolsa bolýar-da!»

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Dostlary ünsli saýlasak, Ýehowany begendireris, özümize-de zyýan ýetmez.

      Gaýtalamak

      • Ýehowa kim bilen dostlaşýanymyza üns berýärmi?

      • Biz nähili adamlar bilen dostlaşmaly däl?

      • Gowy dost tapynmak üçin näme etmeli?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Hakyky dostlar kyn günüňde dadyňa ýetişýär.

      «Dünýäniň ahyry gelmänkä dogan-uýalar bilen dostlaşyň» («Garawul diňi» noýabr, 2019)

      Hakyky dostlary tapmaga kömek edýän maslahatlar.

      «Men nädip gowy dost tapyp bilerin?» («Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, I tom» bap 8)

      Internet arkaly hakyky dostlary tapyp bolýarmy?

      «Interneti paýhasly ulan!» (4:12)

      «Ata mährine zardym» diýen terjimehaldan bir adamyň hakyky dostlary tapyşy hakynda biliň.

      «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2012)

  • Dynç alşyňyz Ýehowany begendirsin
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1. Dynç aljak bolanymyzda nämäni göz öňünde tutmaly?

      Sen nädip dynç almagy gowy görýärsiň? Köpler öýde oturyp kitap okamagy, aýdym diňlemegi, film ýa-da Internetde ony-muny görmegi gowy görýärler. Käbirleri bolsa dost-ýarlary bilen bir ýerlere oturmaga gitmegi, ýüzmegi ýa-da oýun oýnamagy gowy görýär. Biz nädip dynç alsagam, esasy zat, dynç alşymyz Hudaýa ýaramaly (Efesliler 5:10). Şu günler adamlaryň dynç almak üçin görýän, diňleýän zatlarynda zalymlyk, ahlaksyzlyk ýa-da jadygöýlik ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän işleri bar (Zebur 11:5-i oka). Onda dynç alşy nädip dogry saýlap bileris?

      Eger Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşsak, biz hem Hudaýy söýeris we isleýşi ýaly dynç alarys. Geçen sapaklaryň birinde aýdylyşy ýaly, «paýhasly adam bilen dost bolsak, paýhasly bolarys». Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän adamlar bilen dostlaşsak welin, «zyýan çekeris» (Nakyllar 13:20).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş