Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 29
  • Adam ölensoň näme bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adam ölensoň näme bolýar?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Ölen adamlar nirede?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ölen adamlar üçin nähili umyt bar?
    Hudaýyň hoş habary
  • Ölümden soň näme bolýar?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Ölen ýakynlarymyza näme bolýar?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 29
29-njy sapak. Är-aýal mazaryň başynda dileg edip dur.

29-NJY SAPAK

Adam ölensoň näme bolýar?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Dogan-garyndaşlaryňdan biri aradan çyksa, onda şeýle soraglar hakda oýlanýansyň: «Adam ölensoň näme bolýar? Aradan çykan dogan-garyndaşlarymy ýene görüp bilerinmi?» Şu we indiki sapakda şol soraglaryň jogabyny bilip, ýüregiň giňär.

1. Ölümden soň näme bolýar?

Isa pygamber ölümi agyr uky bilen deňeşdirdi. Süýji ukuda ýatan adam daş-töwereginde bolýan zatlary duýmaýar. Şonuň ýaly adam ölensoň, hiç zat bilmeýär, hiç ýeri agyrmaýar, özüni ýeke duýmaýar. Mukaddes Kitapda: «Ölüler... hiç zat bilmeýär» diýilýär (Nesihat 9:5-i oka).

2. Ölüm baradaky hakykaty bilmegiň nähili peýdasy bar?

Köp adamlar ölümden we ölen adamlardan gorkýarlar. Ýöne Mukaddes Kitapda ölümden we ölen adamlardan gorkmaly däldigimiz aýdylýar. Isa pygamber «hakykatyň azat etjekdigini» aýdypdy (Ýahýa 8:32). Köp dinlerde adam ölensoň, ruhy çykyp başga ýerde ýaşaýar diýip öwredýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda munuň ýalandygy aýdylýar. Diýmek, adam ölensoň hiç hili agyry duýmaýar, hiç zady bilmeýär, zyýanam ýetirmeýär. Şol sebäpli aradan çykan adamlary razy etmek üçin edilýän zatlaryň, doga-dilegleriň hiç hili peýdasy ýok.

Käbir adamlar ölüler bilen gepleşýändirin öýdýär, ýöne biz «ölüleriň... hiç zat bilmeýändigine» düşünýäris. Ölüler bilen gepleşýän adam, aslynda, jyn-arwahlar bilen gepleşýär, sebäbi jynlar ölen adamyň keşbinde görnüp, sesine meňzeş edip gepläp bilýärler. Ölüm barada hakykaty bilip, indi jyn-arwahlardan gorkmarys. Ýehowa Hudaý ölüler bilen gepleşmek babatda duýduryş berýär, sebäbi jyn-arwahlar bilen iş salyşmak howply (5 Musa 18:10—12-nji aýatlary oka).

SÖHBETDEŞLIK

Mukaddes Kitapdan ölüm barada hakykaty bileliň. Mähirli Hudaýa imany berkideliň, ol ölen adamlary gynamaýar.

Aýaly ýogalan bir adam iki çagasy bilen otyr. Dogan-garyndaşlary we dost-ýarlary oňa göwünlik bermäge gelipdirler.

3. Ölüm baradaky hakykat

Adam ölensoň näme bolýandygy barada dürli-dürli ynançlar bar. Şol ynançlaryň ählisine dogry diýip bolmaz.

  • Ýaşaýan ýeriňde adam ölensoň näme bolýandygy barada näme diýilýär?

Şu hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýändigi barada WIDEONY görüň.

WIDEO: Adam ölensoň, oňa näme bolýar?» (1:19)

Suratlar: «Adam ölensoň, oňa näme bolýar?» wideo. 1) Adamyň jesedi. 2) Bir ýigit otluda iki adamyň arasynda uklap otyr.

Nesihat 3:20-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adam ölensoň näme bolýan eken?

  • Adam ölensoň ruhy çykyp ýaşaýarmy?

Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň dosty Lazaryň ölümi barada aýdylýar. Ýahýa 11:11—14-nji aýatlary okap, Isanyň ölen dostunyň ýagdaýy hakda biliň. Soňra aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa ölümi näme bilen deňeşdirdi?

  • Ölüm uky bilen deňeşdirilýän bolsa, onda ölüleriň ýagdaýy nähili bolýarka?

  • Mukaddes Kitapda ölüm barada aýdylanlary dogry hasaplaýarmyň?

4. Ölüm barada hakykaty bilsek, onda gorkmarys

Ölüm barada hakykaty bilsek, ölülerden gorkmarys. Nesihat 9:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ölen adamlar zyýan ýetirip bilýärmi?

Mukaddes Kitapdaky hakykaty bilsek, ölüler bilen bagly däp-dessurlary etmeris. Işaýa 8:19 we Ylham 4:11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ölülere sygynyp, kömek soraýan adamlara Ýehowa nähili garaýar?

Suratlar: Ölenleriň hatyrasyna edilýän däp-dessurlar. 1) Bir adam mazaryň öňünde iýmitleri goýup, dyza çöküp doga edýär. 2) Bir taýpadan üç adam ölüler üçin tans edýär. 3) Bir topar adam ýüzüne kelleçanagyň maskasyny geýip, ellerinde adamyň kelleçanagyny göterip barýarlar.

Ölüm barada hakykaty bilsek, Ýehowa ýaramaýan däp-dessurlary berjaý etmeris.

5. Ölüm barada hakykat göwünlik berýär

Köpler adam ölensoň eden günäleri üçin dowzahda ýanýar diýip ynanýarlar. Ýöne hiç kim, hatda agyr günä eden adamlar hem ölensoň hiç ýerde gynalmaýar. Rimliler 6:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adam ölensoň eden günäleri üçin ejir çekýärmi?

Ýehowany has gowy tanasaň, onda ölen adamlara jeza bermeýändigine düşünersiň. 5 Musa 32:4 we 1 Ýahýa 4:8-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şeýle gowy häsiýetli Hudaý ölen adamlary gynarmy?

  • Ölüm baradaky haýsy hakykat göwünlik berýär? Näme üçin?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ölemsoň dowzahda ýanmakdan gorkýaryn».

  • Mukaddes Kitapdan haýsy aýady okap bererdiň?

ESASY PIKIRLER

Adam ölensoň hiç ýerde ýaşamaýar, ejir çekmeýär, zyýan ýetirip bilmeýär.

Gaýtalamak

  • Adam ölensoň näme bolýar?

  • Ölüm barada hakykaty bilýän adam näme üçin gorkmaýar?

  • Ölüm barada hakykat nädip göwünlik berýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitapda «jan» diýlende näme göz öňüne tutulýar?

«Jan näme?» (Internet makala)

Hudaý erbetleri dowzahda gynaýarmy?

«Dowzah barmy?»

Ölülerden gorkmalymy?

«Ölüleriň ruhy. Olar saňa kömek edip ýa-da zyýan ýetirip bilermi? Ölüleriň ruhy barmyka?» (Broşýura)

Ölen adamyň ýagdaýy baradaky hakykat bir adama göwünlik berýär.

«Soraglaryma anyk jogap tapyp, göwnüm suw içdi» («Garawul diňi» 1 fewral, 2015)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş