Söýgüsiz dünýäde dostlukly gatnaşygy saklaň
«Meniň size buýrugym şu: biri-biriňizi söýüň» (ÝAHÝA 15:17).
1. Näme üçin I asyrdaky mesihçiler biri-biri bilen ýakyn dostdular?
ISA ýerde ýaşan döwrüniň iň soňky gijesi, wepaly şägirtlerine biri-biri bilen dost bolmaga höweslendirdi. Şol gün agşam ol şägirtlerine: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Resullar synaglara döz gelip, Isanyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin biri-biri bilen ýakyn dost bolmalydylar. I asyrdaky mesihçiler Hudaýa we biri-birine bolan wepalylygy bilen tanalýardy.
2. a) Biz näme etmegi ýüregimize düwdük we näme üçin? b) Biz haýsy soraglara serederis?
2 Şu günler bütindünýä mesihçileriň guramasynyň agzalary I asyrdaky mesihçilerden görelde alyp, agzybirdiklerine şatlanýarlar. Biz Isanyň biri-biriňizi söýüň diýen tabşyrygyna gulak asmagy ýüregimize düwdük. Emma şu soňky günlerde adamlaryň köpüsi doňýürek we biri-birine biwepalyk edýär (2 Tim. 3:1—3). Olar köplenç öz bähbitleri üçin dost bolýarlar. Biz, mesihçiler, şeýle bolmaly däl! Şol sebäpli, geliň, şeýle soraglara seredeliň: Hakyky dostluk nämä esaslanmaly? Gowy dostlary nädip tapmaly? Dostlukly gatnaşygy haçan bes etmeli? Dostlukly gatnaşygy nädip berkitmeli?
Hakyky dostluk nämä esaslanýar?
3, 4. Berk dostluk nämä esaslanýar we näme üçin?
3 Berk dostlukly gatnaşyk Ýehowa bolan söýgä esaslanýar. Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Kimdir birini garşydaşy ýeňip ugrasa, oňa iki bolup garşy durup bolýar, üç örümli ýüp çalt üzülmez» (Wag. 4:12). Dostlukly gatnaşykda Ýehowa üçünji ýüp bolsa, onda ol berk bolar.
4 Ýehowany söýmeýän adamlar gowy dost bolup bilmeýär, emma Ony söýýänleriň dostlugy berk bolýar. Hakyky dostlaryň arasynda düşünişmezlik dörände, olar biri-birine Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýarlar. Hudaýyň duşmanlary mesihçileriň dostlugyny bozjak bolanda, bu dostlugyň berkdigine göz ýetirýär. Ýehowanyň gullukçylary doganlaryna haýynlyk edenden öz janyny bermäge hem taýyn bolandygyny taryh subut edýär (1 Ýahýa 3:16-ny okaň).
5. Näme üçin Rut bilen Naominiň dostlugy berkdi?
5 Iň gowy dostluk — bu Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmak. Geliň, Rut bilen Naominiň mysalyna seredeliň. Bu iki aýalyň dostlugy barada Mukaddes Ýazgylarda ýazylan. Olaryň dostlugy näme üçin berkdi? Munuň sebäbi Rutuň Naomä aýdan sözlerinden görünýär: «Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Hudaýyň — meniň Hudaýym. ...Ölümden başga zat meni senden aýyrsa, Ýehowa maňa ondan beterini etsin!» (Rut 1:16, 17). Rut bilen Naominiň Hudaýa bolan çuňňur söýgüsi olaryň gatnaşygyna täsir etdi. Şeýlelikde, olaryň ikisi-de Ýehowadan pata aldy.
Gowy dostlary nädip tapmaly?
6—8. a) Dostlugy nädip berkitmeli? b) Dost bolmak üçin näme etmeli?
6 Rut bilen Naominiň mysalyndan görnüşi ýaly, hakyky dostluk tötänden döremeýär. Bu dostluk Ýehowa bolan söýgä esaslanýar. Dostlugy berkitmek üçin janyňy aýaman köp tagalla etmeli. Ýehowa gulluk edýän süýtdeş doganlar-da, diňe bir maşgalanyň agzasy bolman, eýsem, ýakyn dost bolar ýaly jan etmeli. Biz nädip gowy dost tapyp bileris?
7 Başyny özüň başla. Pawlus resul Rimde ýaşaýan mesihçi dostlaryna «myhmansöýer bolmagy» ündedi (Rim. 12:13). Gowy dost edinmek üçin myhmansöýer bolmaly. Bize derek hiç kim myhmansöýerligi görkezip bilmez (Süleýmanlaryň tymsallary 3:27-ni okaň). Biz ýygnakdaky dürli dogan-uýalary nahara çagyryp, myhmansöýerligimizi görkezip bileris. Munuň üçin köp zat taýýarlamak hökmän däl. Sen imandaşlaryňy myhmançylyga çagyrmagy endik edindiňmi?
8 Şeýle-de biz dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen wagyz gullugynda dostlaşyp bileris. Haçanda siz öýden-öýe wagyz edeniňizde, doganyň ýa-da uýanyň Ýehowa bolan söýgüsi barada adamlara gürrüň berşini eşidip, onuň has-da gadyryny bilersiňiz.
9, 10. Pawlus nähili görelde görkezdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
9 Göwnüňizi giň tutuň (2 Korintoslylar 6:12, 13-nji aýatlary okaň). Ýygnakda size dost tapmak kynmy? Onda siziň dost bolmak baradaky garaýşyňyz çäkli bolmaly. Pawlus resul göwnüňi giň tutmak barada gowy görelde galdyrdy. Ol öň ysraýylly bolmadyk adamlar bilen dostlaşmaýardy, emma soňra «milletleriň resuly» boldy (Rim. 11:13).
10 Şeýle-de Pawlus diňe deň-duşlary bilen dostlaşmaýardy. Meselem, onuň ýakyn dosty Timoteos ýaşy we asly boýunça tapawutlanýardy. Şu günler hem ýaş mesihçileriň köpüsi ýaşy uly dogan-uýalar bilen dostlaşýarlar. 20 ýaşly Wanessa şeýle diýýär: «Meniň joram 50 ýaşynda. Men ony deň-duşum ýaly görýärin we ähli zadymy gürrüň berýärin. Ol hemişe maňa kömek bermäge taýyn». Şeýle dostluk nämeden başlanýar? Wanessa sözüni şeýle dowam edýär: «Men dostlugyň öz-özünden döremegine garaşman, özüm dost bolmaga tagalla etmelidim». Siz dürli ýaşdaky adamlar bilen dostlaşmaga taýýarmy? Ýehowa siziň edýän tagallaňyza hökman pata berer.
11. Ýonatan bilen Dawudyň dostlugyndan näme öwrenip bolar?
11 Wepaly boluň. «Hakyky dost her wagt söýýändir; ol aladaly gün üçin doglan dogandyr» (Sül. tym. 17:17, TD). Süleýman pygamber bu sözleri ýazanda, kakasy Dawudyň Ýonatan bilen dostlugyny göz öňüne tutan bolmaly (1 Sam. 18:1). Saul patyşa ogly Ýonatanyň Ysraýylyň patyşasy bolmagyny isleýärdi. Emma Ýonatan Ýehowanyň Dawudy patyşa edip bellänini bilýärdi. Sauldan tapawutlylykda, ol Dawuda göriplik etmedi. Dawut şöhrat gazananda, onuň gahary gelmedi we kakasynyň Dawuda atan töhmetine ynanmady (1 Sam. 20:24—34). Biz hem Ýonatanyň göreldesine eýerýärismi? Dostlarymyza ýygnakda jogapkärli ýumuş berlende begenýärismi? Dostlarymyz kyn ýagdaýa düşse, olara teselli berip, goldaýarysmy? Dostumyz barada gybat edilse, derrew ynanýarysmy ýa-da wepaly bolup, onuň tarapyny tutýarys?
Haçan dostlukly gatnaşygy bes etmeli
12—14. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň käbiri nähili kynçylyga duş gelýär we biz olara nädip kömek edip bileris?
12 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam durmuşynda özgerişler edip başlanda, oňa dostlary bilen gatnaşmagyny goýmak kyn bolýar. Belki-de, ol Mukaddes Ýazgylaryň ahlak kadalary boýunça ýaşamaýan dostlary bilen gatnaşmagy gowy görýändir. Megerem, öň olar bilen köp wagtyny geçirendir. Indi bolsa, ol dostlarynyň erbet täsir edýändigine göz ýetirip, olar bilen kän gatnaşyk etmeli däldigine düşünýär (1 Kor. 15:33). Muňa garamazdan, olar bilen gatnaşmagyny goýsa, dostlaryma biwepalyk ederin öýdýändir.
13 Siz-de şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, onda durmuşyňyzy özgerdeniňize hakyky dostuň begenmelidigini unutmaň. Belki-de, ol siziň bilen Ýehowa barada bilim almak islär. Ýalan dostlar bolsa «özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögerler» (1 Pet. 4:3, 4). Dogrusyny aýdanyňda, siz däl-de, şeýle dostlar biwepalyk edýär.
14 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy öňki dostlary taşlasa, ýygnakdaky dogan-uýalar oňa dost bolup biler (Gal. 6:10). Sen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýan adamlary tanaýarmyň? Sen olary goldamak üçin wagt sarp edýärmiň?
15, 16. a) Dostumyz Ýehowa gulluk etmegi bes etse, näme etmeli? b) Biz Hudaýa bolan söýgimizi nädip görkezip bileris?
15 Eger dostuňyz Ýehowa gulluk etmegi islemese, onuň ýygnak gatnaşygyndan kesiljekdigine düşünseňiz näme edersiňiz? Şeýle ýagdaý sizi gynandyryp biler. Bir uýanyň jorasy Ýehowa gulluk etmegini goýanda, ol nähili duýguda bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýüregim para-para boldy. Joram hakykatda berk durandyr öýdýärdim, emma beýle däl ekeni. Men joramyň diňe maşgalasyna ýaranmak üçin Ýehowa gulluk edendigine geň galdym. Şonda men özüm barada oýlandym. Men dogry niýet bilen Ýehowa gulluk edýärinmi?» Bu uýa näme edýär? Ol: «Men ähli aladamy Ýehowa tabşyrdym. Şeýle-de Ýehowany ýygnakda diňe bir dost berýändigi üçin söýmeýändigimi görkezmek isledim» diýýär.
16 Biz bu dünýäni saýlanlar bilen dostlaşsak, Hudaýyň dosty bolup bilmeris. Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärmisiňiz? Dünýäniň dosty bolmagy isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir» (Ýakup 4:4). Biz dostumyzy ýitirenimizde, Hudaýa wepaly galyp, Onuň kömek etjekdigine ynansak, Oňa bolan söýgimizi görkezeris (Zebur 31:23-i okaň). Ýokarda aýdylan uýa şeýle netijä geldi: «Men adamlary mejburlyk bilen Ýehowany we bizi söýdürip bolmaýandygyna göz ýetirdim. Muny her kesiň özi saýlamaly». Biz Ýehowa gulluk edýän dogan-uýalar bilen dostlugymyzy nädip berkidip bileris?
Hakyky dostlugy saklaň
17. Hakyky dostlar biri-biri bilen nädip gepleşýär?
17 Gowy gürrüňdeşlik dostlugy berkidip biler. Siz Mukaddes Ýazgylardan Rut hem Naomi, Dawut hem Ýonatan, Pawlus hem Timoteos barada okanyňyzda, gowy dostlaryň açyk, ýöne biri-biri bilen sylaşykly gepleşýändigine üns berensiňiz. Pawlus başga adamlar bilen nähili gepleşmelidigi barada şeýle ýazýar: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun». Pawlus «özüňizden bolmadyklar», ýagny mesihçi däl adamlar bilen nähili gepleşmelidigini aýratyn nygtap geçdi (Kol. 4:5, 6). Eger iman etmeýän adamlar biziň sylaşykly gepleşmegimize mynasyp bolsa, onda ýygnakdaky dostlarymyz has-da oňa mynasyp dälmi näme!
18, 19. Biz mesihçi dostlaryň berýän maslahatyna nähili garamaly we Efesosdaky ýaşulular bize nähili görelde görkezdi?
18 Hakyky dostlar biri-biriniň pikirini gymmat saýyp, mylaýym we açyk gepleşýärler. Süleýman patyşa şeýle ýazýar: «Ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr; dostuň süýjüligi ýürekden berlen maslahatyndandyr» (Sül. tym. 27:9). Sen dostuňyň berýän maslahatyna şeýle garaýarmyň? (Zebur 141:5-i okaň). Eger dostuň seniň edýän işiňe we aýdýan sözüňe biynjalyk bolýandygyny aýtsa, oňa nähili gararsyň? Sen onuň aýdan sözlerini kabul edersiňmi ýa-da öýkelärsiň?
19 Pawlus resul Efesosdaky ýygnagyň ýaşululary bilen ýakyn dostdy. Pawlus olaryň käbirini ýaňy mesihçi bolanlaryndan bäri tanaýardy. Pawlus olar bilen iň soňky gezek duşuşanda birnäçe maslahat berdi. Olar oňa nähili garady? Dostlary Pawlusdan öýkelemedi. Gaýtam, olar berlen maslahata minnetdar bolup, Pawlusy gaýdyp görmejekdikleri barada eşidip agladylar (Res. iş. 20:17, 29, 30, 36—38).
20. Hakyky dost näme etmeli?
20 Hakyky dost diňe bir berlen paýhasly maslahaty kabul etmän, eýsem, maslahat hem berýär. Elbetde, biz haçan «öz işimiz» bilen bolmaly, haçanda başgalaryň işine goşulmaly däldigini bilmeli (1 Sel. 4:11). Biz her bir adamyň «özi üçin Hudaýa jogap berjekdigine» düşünmeli (Rim. 14:12). Emma söýýän dost, zerur bolan ýagdaýynda Ýehowanyň kadalaryny mähir bilen ýatladar (1 Kor. 7:39). Meselem, eger seniň öýlenmedik dostuň mesihçi däl gyza üns berip başlasa, sen näme edersiň? Dostum öýkelär öýdüp, öz pikiriňi aýtmakdan saklanarsyňmy? Eger seniň beren maslahatyňy dostuň kabul etmese, näme edersiň? Hakyky dost ýoldaşynyň ýalňyşmazlygy üçin ýaşululardan kömek sorar. Munuň üçin mert bolmaly. Ikiňiz hem Ýehowany söýýän bolsaňyz, siziň dostlugyňyza zyýan ýetmez.
21. Käte biz näme edýäris we näme üçin ýygnakda berk dostlukly gatnaşygy saklamaly?
21 Koloseliler 3:13, 14-nji aýatlary okaň. Käte biz dostlarymyzyň «kineli» bolmagyna sebäp bolýarys. Olaryň hem edýän işleri we aýdýan sözleri bizi gaharlandyryp biler. Ýakup: «Hemmämiz köp büdreýäris» diýdi (Ýakup 3:2). Emma biri-birine garşy günä etmeýän däl-de, biri-birine geçirimlik edip bilýän adamlar hakyky dostdur. Şol sebäpli, dostlugy berkitmek üçin açyk gürrüňdeşlik etmek we ýürekden bagyşlamak wajypdyr. Eger biz şeýle söýgini görkezsek, ol «kämil birligiň bagy bolar».
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Hakyky dostlary nädip tapyp bileris?
• Dostlukly gatnaşygy haçan bes etmeli?
• Dostlugy berkitmek üçin näme etmeli?