Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Maý sah. 12—16
  • Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME ÜÇIN RUHDAN DÜŞMEGIMIZ MÜMKIN?
  • BIZ NÄDIP HASYL BERIP BILERIS?
  • BIZ NÄDIP ÇYDAMLYLYK BILEN HASYL GETIRIP BILERIS?
  • «ELIŇIZ BOŞ DURMASYN»
  • Zähmetiňiziň hözirini görüň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • «Ösdürýän Hudaýdyr!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Biz näme üçin «köp miwe getirmeli»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Maý sah. 12—16
Sergo bilen Olinda duralgada geçip barýan adamlara Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary hödürleýärler

Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär

«Gowy topraga düşen tohumlar... çydamlylyk bilen hasyl getirýändir». LUKA 8:15

AÝDYMLAR: 44, 10

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Adamlaryň känbir diňlemeýän ýerinde wagyz edenimizde näme üçin ruhdan düşmegimiz mümkin?

  • Näme üçin biziň ählimiz wagyzda gowy miwe getirip bileris?

  • Bize «çydamlylyk bilen hasyl getirmäge» näme kömek eder?

1, 2. a) Adamlaryň känbir diňlemeýän ýerinde gulluk edýän wepaly dogan-uýalaryň göreldesi bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) «Ýaşaýan ýeriňde» wagyz etmek barada Isa näme diýdi? (Çykgyda serediň).

SERGO BILEN OLINDA atly 80 ýaşlaryndaky är-aýal ABŞ-da pioner bolup gulluk edýär. Soňky wagtlar aýaklary agyrýandygy sebäpli, olara ýöremek kyn düşýär. Muňa garamazdan, olar ençeme ýyldan bäri, irden sagat ýedä şäheriň köp adamly ýerlerine barmak üçin her gün pyýada gidýärler. Olar awtobus duralgasynyň ýanynda durup, ýolagçylara Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary paýlaýarlar. Adamlaryň köpüsi üns bermese-de, olar ýolagçylara ýylgyryp seredýärler. Öýlän bolsa olar ýuwaşjadan ýöräp öýlerine gaýdýarlar. Ertesi irden olar ýene-de sagat ýedä şol ýere barýarlar. Şeýdip, bu wepaly är-aýal tutuş ýylyň dowamynda hepdäniň alty güni her gün irden Patyşalyk baradaky habary yhlasly wagyz edýär.

2 Sergo bilen Olinda ýaly bütin dünýädäki wepaly dogan-uýalaryň köpüsi ýaşaýan ýerindäki adamlar känbir diňlemese-de, hoş habary ençeme ýyldan bäri wagyz edýärler. Sizem şeýle kynçylyklara duşýan bolsaňyz, onda çydamlylygyňyz öwgä mynasypa. Ýehowa çydamlylyk bilen edýän gullugyňyz köp dogan-uýalary, hatda siziňki ýaly kynçylyklary bolan imandaşlaryňyzy hem ruhlandyrýar. Käbir etrap gözegçileri bu barada şeýle sözleri aýtdylar: «Wepaly dogan-uýalar bilen wagyz edenimde, olaryň göreldesi meni berkidýär», «Dogan-uýalaryň wepalylygy meni erjellik we batyrgaýlyk bilen gulluk etmäge höweslendirýär», «Dogan-uýalaryň göreldesi meniň göwnümi göterýär».

3. Biz haýsy üç soraga serederis we näme üçin?

3 Isanyň bize tabşyran wagyz işini doly tamamlap biljekdigimize ynamymyzy berkitmek üçin, geliň, şu üç soraga seredeliň: Käte näme üçin ruhdan düşmegimiz mümkin? Biz nädip hasyl berip bileris? «Çydamlylyk bilen hasyl getirmäge» bize näme kömek eder?

NÄME ÜÇIN RUHDAN DÜŞMEGIMIZ MÜMKIN?

4. a) Ýehudylaryň nädogry garaýşy Pawlusa nähili täsir etdi? b) Pawlus resul näme üçin ruhdan düşdi?

4 Biz adamlaryň känbir diňlemeýän ýerinde wagyz edenimizde ruhdan düşýän bolsak, özümizi Pawlus resul ýaly duýmagymyz mümkin. Ol 30 ýyl töweregi gulluk eden döwri ençeme adama Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etdi (Res. iş. 14:21; 2 Kor. 3:2, 3). Emma ol köp ýehudylara hakyky seždäni kabul etdirip bilmedi. Gaýtam, olaryň köpüsi Pawlusa garşy çykdy, hatda käbirleri ony yzarlady (Res. iş. 14:19; 17:1, 4, 5, 13). Ýehudylaryň özüni şeýle alyp barmagy Pawlusa nähili täsir etdi? Ol: «Men Mesihiň şägirdi hökmünde hakykaty aýdyp,.. güýçli hasrat çekýärin we ýüregimde elmydama agyry duýýaryn» diýdi (Rim. 9:1—3). Pawlus näme üçin özüni şeýle duýduka? Ol wagyz işini gaty gymmat saýýardy we ýehudylaryň ýürekden aladasyny edýändigi üçin hoş habary wagyz edýärdi. Ýöne olaryň Hudaýyň rehimdarlygyndan ýüz öwürýändigini görende, Pawlus gaty gynandy.

5. a) Adamlara wagyz etmäge bizi näme höweslendirýär? b) Näme üçin käte ruhdan düşmegimiz mümkin?

5 Pawlus resul ýaly bizem adamlaryň ýürekden aladasyny edýändigimiz üçin wagyz edýäris (Mat. 22:39; 1 Kor. 11:1). Sebäbi biz Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwen adamlara ençeme bereketleriň garaşýandygyny bilýäris. Biz ýaşaýan ýerimizdäki adamlar hakda oýlananymyzda, käte öz ýanymyzdan: «Olara nämäni ýitirýändigine göz ýetirmäge bir kömek edip bilsedim» diýýäris. Şonuň üçin biz adamlara Ýehowa we onuň adamzat babatdaky niýeti hakda öwrenmegi gaýta-gaýta teklip edýäris. Aslynda, biz wagyz edýän adamlarymyza: «Siziň üçin ajaýyp sowgadymyz bar. Ony alaýyň» diýýäris. Ýöne adamlar bu sowgatdan ýüz öwürse, «ýüregimizde... agyry duýmagymyz» mümkin. Şeýle duýgular biziň imanymyzyň gowşandygyny aňlatman, eýsem, wagyz işini gaty gymmat saýýandygymyzy görkezýär. Şonuň üçin käte ruhdan düşsek-de, hoş habary çydamlylyk bilen wagyz edýäris. 25 ýyldan gowrak wagt bäri pioner bolup gulluk edýän Elena uýamyz şeýle diýýär: «Hoş habary wagyz etmek aňsat däl. Ýöne şondan gowy işem ýok».

BIZ NÄDIP HASYL BERIP BILERIS?

6. Biz haýsy soraga serederis?

6 Hoş habary nirede wagyz edýändigimize garamazdan, biz hasyl berip biljekdigimize näme üçin ynamly bolup bileris? Bu wajyp soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Isanyň «hasyl bermek» barada aýdan iki mysalyna seredeliň (Mat. 13:23). Biz başda üzüm agajy baradaky mysal hakda gürrüň ederis.

7. a) Mysalda agzalýan bagban, üzüm agajy we şahalar kimi aňladýar? b) Biz haýsy soragyň jogabyny bilmek isleýäris?

7 Ýahýa 15:1—5, 8-nji aýatlary okaň. Isanyň resullaryna aýdan sözlerine üns beriň: «Siz köp miwe getirip, meniň şägirdimdigiňizi subut etseňiz, Atam şöhratlanar». Isa Ýehowany «bagbana», özüni «hakyky üzüm agajyna», şägirtlerini bolsa onuň «şahalaryna» meňzetdib. Onda Mesihiň şägirtleri nähili miwe getirmeli? Isa mysalda şol miwäniň nämedigini açyk aýtmady. Emma ol onuň nämedigine düşünmäge kömek edýän käbir jikme-jiklikleri agzady.

8. a) Miwe bermek näme üçin täze şägirt taýýarlamagy aňlatmaýar? b) Ýehowa bizden näme talap edýär?

8 Isa Atasy barada: «Ol mendäki miwe bermeýän her bir şahany kesip taşlaýandyr» diýdi. Başgaça aýdanyňda, diňe miwe berenimizde, Ýehowa bizi öz gullukçysy hasaplaýar (Mat. 13:23; 21:43). Şägirt taýýarlamak hormatly iş bolsa-da, mysaldan görnüşi ýaly, her bir mesihçiniň miwe bermegi onuň täze şägirt taýýarlajakdygyny aňlatmaýar (Mat. 28:19). Şeýle ýagdaýda adamlaryň hoş habary känbir diňlemeýändigi üçin şägirt taýýarlap bilmeýän wepaly dogan-uýalar Isanyň mysalyndaky miwe bermeýän şahalar ýaly bolardy. Ýöne şeýle netijä gelmek nädogry bolar. Näme üçin? Sebäbi biz adamlary Mesihiň şägirdi bolmaga mejbur etmeýäris we bu Ýehowanyň söýgüsine garşy gelerdi. Ol gullukçylaryndan başarmaýan zadyny talap edip, soňra bolsa munuň üçin olary höküm etmeýär. Aslynda, Ýehowa hiç haçan bizden başarmaýan zadymyzy talap etmeýär (Kan. tag. 30:11—14).

9. a) Haýsy iş bize «miwe bermäge» mümkinçilik berýär? b) Biz haýsy mysala serederis we näme üçin?

9 Onda biziň getirmeli miwämiz näme? Mysaldaky miwe her birimiziň başarýan işimizi aňladýar. Eýsem, haýsy iş bize «miwe bermäge» mümkinçilik berýär? Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmekc (Mat. 24:14). Muny Isanyň daýhan mysaly hem tassyklaýar. Geliň, Isanyň aýdan ikinji mysalyna seredeliň.

10. a) Mysaldaky tohum we toprak nämäni aňladýar? b) Bugdaý baldagy nähili miwe berýär?

10 Luka 8:5—8, 11—15-nji aýatlary okaň. Daýhan mysalyndaky tohum «Hudaýyň sözüni» ýa-da Patyşalyk habaryny, toprak bolsa adamyň göçme manydaky ýüregini aňladýar. Meselem, bugdaý baldagyny alyp göreliň. Gowy topraga düşen bugdaý dänesi gögerýär we ösýär. Soňra «100 esse köp hasyl berýär». Ýöne bugdaý baldagy nähili miwe berýär? Ol kiçi bugdaý baldaklaryny getirýärmi? Ýok, ol ahyrynda ullakan baldak bolup ýetişýän täze tohumy berýär. Mysalda bir bugdaý dänesiniň 100 esse köp hasyl berýändigi aýdylýar. Onuň bu aýratynlygy gullugymyza nähili täsir edýär?

Uýa telefon arkaly, öýden-öýe, her bir mümkinçilikden peýdalanyp we köpçülik ýerde wagyz edip, çydamlylygyny görkezýär

Biz nädip «çydamlylyk bilen hasyl getirip» bileris? (11-nji abzasa serediň)

11. a) Daýhan baradaky mysal wagzymyza nähili täsir edýär? b) Biz nädip miwe berýäris?

11 Muňa düşünmek üçin, geliň, şeýle ýagdaýy göz öňüne getireliň. Birnäçe ýyl mundan öň, käbir Ýehowanyň Şaýatlary ýa-da mesihçi ene-atamyz bize Patyşalyk habaryny wagyz edýär. Olar Patyşalyk tohumynyň ýüregimizde kök urýandygyny görüp, begenýärler. Isanyň mysalyndaky gowy topraga düşen tohum ýaly, biz hoş habary kabul edip, şoňa görä ýaşaýarys. Netijede, ýüregimize ekilen Patyşalyk tohumy gögerýär, ösýär we bugdaý baldagy ýaly öz wagtynda miwe berýär. Bugdaý baldagynyň täze baldaklary däl-de, täze tohumy getirişi ýaly, bizem täze şägirtleri däl-de, täze Patyşalyk tohumyny getirýärisd. Ýöne biz nädip miwe berýäris? Her gezek Patyşalyk habaryny wagyz edenimizde, ýüregimize ekilen hakykat tohumyny sepýäris we ýaýradýarys (Luka 6:45; 8:1). Dogrudanam, bu mysal Patyşalyk habaryny wagyz etmegi dowam etsek, «çydamlylyk bilen hasyl getirýändigimizi» görkezýär.

12. a) Biz Isanyň üzüm agajy we daýhan baradaky mysalyndan näme öwrenip bileris? b) Öwrenen zadyňyz size nähili täsir edýär?

12 Biz Isanyň üzüm agajy we daýhan baradaky mysalyndan näme öwrenip bileris? Bu mysallar bize berýän miwämiziň ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň hoş habara seslenişine däl-de, wepalylygymyza baglydygyna düşünmäge kömek edýär. Pawlus resul hem munuň şeýledigini aýdypdy: «Her kim eden işine görä sylagyny alar» (1 Kor. 3:8). Aslynda, sylag işiň netijesine görä däl-de, edýän işiň üçin berilýär. 20 ýyl bäri pioner bolup gulluk edýän Matilda uýa şeýle diýýär: «Ýehowanyň edýän tagallamyzy sylaglaýandygyny bilmek maňa köp şatlyk berýär».

BIZ NÄDIP ÇYDAMLYLYK BILEN HASYL GETIRIP BILERIS?

13, 14. Käbirleri Patyşalyk habaryna biperwaý garasa-da, Rimliler 10:1, 2-nji aýatlara görä Pawlus näme üçin ruhdan düşmedi?

13 Bize çydamlylyk bilen hasyl getirmäge näme kömek eder? Ýokarda bellenilişi ýaly, Pawlus resul ýehudylaryň Patyşalyk habaryna biperwaý garandygyny görende, gaty gynanypdy. Ýöne ol ruhdan düşmedi. Onuň Rimdäki mesihçilere ýazan hatynda şol ýehudylar hakda näme diýendigine üns beriň: «Men ysraýyllylaryň halas bolmagyny ýürekden isleýärin, munuň üçin Hudaýa dileg edýärin. Men olaryň Hudaýyň göwnünden turmak isleýändigine güwä geçýärin, ýöne olar muny dogry bilime laýyk etmeýärler» (Rim. 10:1, 2). Pawlus resul gullugyny dowam edip bilendiginiň sebäplerini nädip düşündirdi?

14 Birinjiden, Pawlus ýehudylara wagyz etmegi dowam etmeginiň sebäbini düşündirdi. Ol iň bolmanda, ýehudylaryň käbiriniň halas bolmagyny «ýürekden isleýärdi» (Rim. 11:13, 14). Ikinjiden, Pawlus «(olar) üçin Hudaýa dileg edýändigini» aýdýar. Käbir ýehudylar Patyşalyk habaryny kabul eder ýaly, ol Hudaýa ýalbaryp doga edýärdi. Üçünjiden, «olaryň Hudaýyň göwnünden turmak isleýändigini» belläp geçýär. Dogrudan-da, Pawlus resul adamlaryň gowy häsiýetlerine üns berýärdi. Ol dogry niýet bilen jan edýän akýürekli adamlaryň Mesihiň yhlasly şägirdi bolup biljekdigine düşünýärdi.

15. Biz Pawlusdan nädip görelde alyp bileris? Mysal getiriň.

15 Biz Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris? Birinjiden, biz «ebedi ýaşaýşa» gowuşmak isleýän adamlary tapmak üçin ýürekden jan etmeli. Ikinjiden, biz akýürekli adamlaryň ýüreklerini açar ýaly, Ýehowa ýalbaryp doga etmeli (Res. iş. 13:48; 16:14). 30 ýyla golaý pioner bolup gulluk edýän Silwana atly uýa şeýle diýýär: «Men öýden-öýe wagyz etmäge gitmezden öň, dogry garaýşy saklap biler ýaly Ýehowa doga edýärin». Bizem akýürekli adamlary tapmaga kömek eder ýaly, perişdeleriň bizi ugrukdyrmagy üçin Hudaýa doga edýäris (Mat. 10:11—13; Ylh. 14:6). 30 ýyldan gowrak wagt bäri pioner bolup gulluk edýän Robert doganymyz: «Adamyň durmuşynda bolup geçýän zatlary bilýän perişdeler bilen işleşmek uly hormat» diýýär. Üçünjiden, biz adamlaryň gowy häsiýetlerini görmäge jan etmeli. 50 ýyldan gowrak wagt mundan öň suwa çümdürilen we ýaşuly bolup gulluk edýän Karl dogan şeýle diýýär: «Men adamyň hatda iň ýönekeýje zatlara, meselem, onuň ýylgyryşyna, mähirli seredişine ýa-da ak ýürekden berýän soragyna üns berýärin». Hawa, Pawlus ýaly bizem çydamlylyk bilen hasyl getirip bileris.

«ELIŇIZ BOŞ DURMASYN»

16, 17. a) Biz Wagyz kitaby 11:6-daky maslahata nädip eýerip bileris? b) Hakykat tohumyny ekmegiň bizi synlaýan adamlara nähili täsir edýändigini gürrüň beriň.

16 Adamlar Patyşalyk habaryna seslenmeýän ýaly bolup görünse-de, biz hakykat tohumyny ekmegimizi bes etmeli däl (Wagyz kitaby 11:6-ny okaň)e. Dogrudan-da, adamlaryň köpüsi diňlemese-de, olar bize syn edýär. Adamlar biziň salykatly geýnişimize, gowy edim-gylymymyza we mähirli ýylgyryşymyza üns berýärler. Mümkin, özümizi alyp barşymyz olara biz baradaky nädogry garaýşyny düzetmäge kömek eder. Ýokarda agzalan Sergo bilen Olinda hem munuň şeýledigine göz ýetirdi.

17 Sergo şeýle diýýär: «Ýarawsyzlyk sebäpli, biz birnäçe wagtlap wagza çykyp bilmedik. Bir gezek ýolagçylar bize: „Görünmediňiz-le? Sizi gaty göresimiz geldi“ diýdiler». Olinda bolsa ýylgyryp, şeýle diýýär: «Awtobusyň sürüjileri bize elini galgadyp: „Işiňiz ilerik!“ diýip gygyrýardylar. Olar hatda žurnal bermegimizi hem haýyş edýärdiler». Bir gezek bolsa, nätanyş adam olara gül dessesini berip, edýän işleri üçin minnetdarlyk aýdanda, bu är-aýal gaty geň galýar.

18. Siz näme üçin «çydamlylyk bilen hasyl getirmegi» ýüregiňize düwdüňiz?

18 Dogrudan-da, Patyşalyk tohumyny ekenimizde «elimizi» sowatmasak, «ähli milletlere wagyz etmäge» ajaýyp mümkinçiligimiz bolar (Mat. 24:14). Iň wajyby bolsa, bu işe gatnaşyp, Ýehowany begendirýäris we köp şatlyk tapýarys. Sebäbi Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär!

a Hatda Isa-da «ýaşaýan ýeriňde» wagyz etmegiň kyndygyny bilýärdi. Muny dört hoş habarçynyň ýazan kitaplary subut edýär (Mat. 13:57; Mar. 6:4; Luka 4:24; Ýah. 4:44).

b Mysalda agzalýan «şahalar» gökde ýaşajak mesh edilen mesihçilere degişli bolsa-da, bu mysaldan Hudaýyň ähli gullukçylary köp zatlary öwrenip bilýär.

c Şeýle-de «miwe bermek» diýlende, «ruhuň miwesi» göz öňünde tutulýar. Ýöne şu we indiki makalada biz «agzymyz bilen» berýän miwämiz, ýagny Patyşalyk habaryny wagyz etmek barada gürrüň ederis (Gal. 5:22, 23; Ýew. 13:15).

d Başga ýagdaýlarda Isa şägirt taýýarlamak işini suratlandyrmak üçin ekmek we ormak baradaky mysallary ulandy (Mat. 9:37; Ýah. 4:35—38).

e Wagyz kitaby 11:6 Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş