Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/1 sah. 28—32
  • Sönmeýän söýgi barmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sönmeýän söýgi barmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HAKYKY SÖÝGI BAR!
  • «ŞERAPDAN DATLYDYR SÖÝGIŇ»
  • «ÖZI ISLEÝÄNÇÄ YŞKY OÝARMAŇ»
  • GELINLIGIM «GAPYSY ÝAPYK BAGDYR»
  • Süleýman patyşanyň aýdymy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Süleýmanyň aýdymy kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýehowanyň döreden nikasyna hormat goýýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Şulamly gyz gowy görelde galdyrdy
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/1 sah. 28—32

Sönmeýän söýgi barmy?

«Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol». NAG. 8:6

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Erkek adam bilen aýalyň arasynda hakyky söýgi bolup bilermi?

  • Maşgalaly mesihçiler Nagmalar nagmasy kitabyndan näme öwrenip biler?

  • Mesihçiler kimdir biri bilen duşuşmak we ýanýoldaş saýlamak babatda näme öwrenip biler?

1, 2. Nagmalar nagmasy kime we näme üçin peýdaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ÖÝLENÝÄN ýigit we gelin bir-birine mähirli seredip, ýylgyrýar. Olaryň bir-birini söýýändigine hiç kim şübhelenmeýär. Toýda nutuk bilen çykyş edýän dogan olaryň el tutuşyp duranyny görüp: «Ýyl geçdigi saýyn olaryň söýgüsi berkärmi ýa-da ýuwaş-ýuwaşdan sowaşarmy?» diýip oýlanýar. Är-aýal bir-birini ýürekden söýse, köp kynçylyklara döz gelip biler. Gynansak-da, durmuş guran adamlaryň köpüsi bagtly bolman aýrylyşýarlar. Şol sebäpli siz «Hakyky söýgi barmy?» diýip oýlanýansyňyz.

2 Hatda Süleýman patyşanyň döwründe hem hakyky söýgi seýrek duş gelýärdi. Näme üçin? Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Müň kişiniň arasyndan bir dogry adamy tapdym, ýöne olaryň ählisiniň arasyndan bir dogry aýaly-da tapmadym. Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar» (Wag. 7:26—29). Ysraýyllylaryň arasynda Baala sežde edýän özge milletli ahlaksyz aýallar ýaşaýardy. Şonuň üçin ysraýyllylaryň hem köpüsi ahlaksyzlyga baş goşdular. Emma Süleýman patyşa 20 ýyl mundan öň ýigit bilen gyzyň arasynda bolan hakyky söýgi barada nagma ýazýar. Biz maşgalaly ýa-da maşgalasyz bolsak-da, Nagmalar nagmasy hakyky söýginiň nämedigine we ony nädip bildirip bolýandygyna düşünmäge kömek edýär.

HAKYKY SÖÝGI BAR!

3. Erkek adam bilen aýalyň arasynda hakyky söýgi bolup bilermi?

3 Nagmalar nagmasy 8:6-ny okaňa. Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimesinde söýgi «Ýehowanyň lowlaýan ýalnyna» meňzedilýär. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň iň esasy häsiýeti söýgi. Ol bizi söýgi häsiýeti bilen ýaratdy (Gel. çyk. 1:26, 27). Ýehowa Adam atany ýaradansoň, oňa owadan aýal berdi. Adam ata ilkinji gezek How enäni görende, begenjinden ýaňa goşgy düzdi. How ene hem Adam atany gaty gowy gördi, sebäbi ol onuň gapyrgasyndan ýaradyldy (Gel. çyk. 2:21—23). Ýehowa olary bir-birini hemişe ýürekden söýer ýaly edip ýaratdy.

4, 5. Nagmalar nagmasynda näme barada gürrüň berilýär?

4 Nagmalar nagmasynda ýigit bilen gyzyň arasynda bolan söýgi çeper sözler bilen beýan edilýär. Bu nagma goşgy ýaly düzülip, onda şunamly ýa-da şulamly oba gyzy bilen çopan oglanyň söýgüsi barada gürrüň berilýär. Gyz doganlarynyň üzümligini garawullap ýörkä, Süleýman patyşa esgerleri bilen onuň golaýynda düşleýär. Ol owadan gyzy görüp, esgerlerine ony düşelgä getirmegi buýurýar. Soňra ol onuň gözelligini wasp edip, köp sowgat berýär. Emma gyz çopany söýýändigi üçin, diňe onuň bilen bolmak isleýändigini aýdýar (Nag. 1:4—14). Çopan ony gözläp düşelgä gelende, olar owadan sözler bilen bir-birini söýýändigini aýdýarlar (Nag. 1:15—17).

5 Süleýman patyşa gyzy ýany bilen Iýerusalime alyp gidende, çopan oglanam onuň yzyna düşüp gidýär (Nag. 4:1—5, 8, 9). Süleýman patyşa gyzyň söýgüsini gazanjak bolup näçe jan etse-de, bu başa barmaýar (Nag. 6:4—7; 7:1—10). Şonuň üçin ol gyzy öýüne goýberýär. Şonda şulamly gyz söwer ýaryny «Jeren deý» ylga diýip çagyrýar (Nag. 8:14).

6. Nagmalar nagmasyndaky aýdylýan sözleriň kime degişlidigini anyklamak näme üçin kyn bolýar?

6 Süleýmanyň nagmasy owadan düzülendigi üçin, oňa Nagmalar nagmasy diýilýär. Süleýman nagmasyny çeper sözler bilen beýan edeni üçin, gürrüň berýän adamlarynyň adyny aýtmaýar. Şol sebäpli aýdylan sözleriň kime degişlidigini anyklamak kyn bolýar.

«ŞERAPDAN DATLYDYR SÖÝGIŇ»

7, 8. Çopan oglan bilen gyz bir-birine bolan söýgüsini nädip bildirýär? Mysal getiriň.

7 Şulamly gyz we çopan bir-birini söýýändigini owadan sözler bilen aýdýar. Biz olaryň aýdan sözlerine geň galmagymyz mümkin, sebäbi olar üç müň ýyl mundan öň ýazylypdy. Şu günler biziň medeniýetimiz olaryňkydan tapawutlansa-da, olaryň duýgusyna düşünýäris. Meselem, çopan oglan gyzyň mähirli gözlerine aşyk bolup, oňa «gögerçin gözlim» diýýär (Nag. 1:14). Gyz hem onuň gözleriniň gögerçin ýaly owadandygyny aýdýar (Nagmalar nagmasy 5:12-ni okaň)b. Ol söýgülisiniň gözüni süýde ýuwunýan gögerçine meňzedýär.

8 Nagmada olar bir-biriniň diňe boý syratyny wasp etmeýärler. Mysal üçin, çopan oglan gyzy adamlar bilen mähirli gepleşýändigi üçin gowy görýär (Nagmalar nagmasy 4:7, 11-nji aýatlary okaň)c. Ol gyza: «Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda» diýýär. Çopan oglan üçin gyzyň dili bal ýaly süýji we süýt ýaly ýakymlydy. Çopan gyza: «Neneňsi gözel... sende hiç bir kemlik ýok» diýmek bilen, onuň diňe bir owadanlygyny däl-de, eýsem gowy häsiýetini hem öwýär.

9. a) Är-aýalyň arasynda nähili söýgi bolmaly? b) Är-aýala söýgüsini bildirmek näme üçin wajyp?

9 Mesihçiler ýöne bir maşgalaly bolmak üçin durmuş gurmaýarlar. Är-aýal bir-birini ýürekden söýmeli we söýgüsini bildirmeli. Emma olar söýginiň haýsy görnüşini görkezmeli? Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan ähli adamlara görkezilýän söýgimi? (1 Ýahýa 4:8). Maşgala agzalarynyň arasyndaky söýgimi? Ýakyn dostlaryň arasynda bolýan söýgimi? (Ýahýa 11:3). Ýa-da erkek adam bilen aýalyň arasyndaky söýgimi? (Sül. tym. 5:15—20). Är-aýal bu söýginiň ähli görnüşlerini bildirmeli. Olar söýgüsini sözünde we iş ýüzünde görkezseler maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Durmuşyň başagaýlygyna garamazdan, är-aýala söýgüsini bildirmek wajypdyr! Käbir medeniýetde ýaşlar ene-atasynyň islegine görä durmuş gurýarlar. Şol sebäpli olar toýdan öň gowy tanşyp ýetişmeýärler. Emma olar bir-birini söýüp, gowy tanar ýaly, söýgüsini bildirmeli. Şonda olar bir-birine ýakynlaşyp, maşgalasy agzybir bolar.

10. Är-aýalyň bir-birine söýgi bildirmeginiň ýene nähili peýdasy bar?

10 Är-aýalyň bir-birine söýgi bildirmeginiň ýene-de bir peýdasy bar. Süleýman patyşa şulamly gyza «kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasajakdygyny» aýtdy. Şeýle-de ol gyzy «şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel» diýip öwýär (Nag. 1:9—11; 6:10). Emma şulamly gyz söwer ýary çopan oglana wepaly galdy. Oňa wepaly galmaga näme kömek etdi? (Nagmalar nagmasy 1:1, 2-nji aýatlaryň okaň)d. Çopan oglan söýgüsi barada duýduranda, ol özüni nähili bagtly duýandygyny ýatlaýar. Onuň söýgüsi «şerapdan datlydy». Çopan oglanyň ady bolsa, hoşboý ysly dökülen ýag ýaly göwünlik berýärdi (Zeb. 23:5; 104:15). Bu ýatlamalar onuň söýgüsini berkitdi. Şonuň ýaly är-aýal hem ýygy-ýygydan bir-birine söýgüsini bildirmeli.

«ÖZI ISLEÝÄNÇÄ YŞKY OÝARMAŇ»

11. Biz şulamly gyzyň Iýerusalim gyzlaryna aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris?

11 Durmuş gurmak isleýän mesihçiler şulamly gyzyň göreldesinden näme öwrenip biler? Ol Süleýman patyşany söýmeýändigi üçin Iýerusalim gyzlaryna: «Özi isleýänçä yşky oýarmaň» diýdi (Nag. 2:7; 3:5). Näme üçin? Sebäbi ol gören adamy bilen söýüşmek islemeýärdi. Paýhasly mesihçi ýürekden söýjek adamyna sabyrly garaşyp, diňe şonuň bilen durmuş gurar.

12. Şulamly gyz çopany näme üçin söýýärdi?

12 Şulamly gyz çopany näme üçin söýýärdi? Ol «jeren» ýaly görmegeýdi, güýçli gollary «togalak altyn» kimindi, aýaklary bolsa «mermer sütünlerine» meňzeýärdi. Çopan oglan diňe bir güýçli we görmegeý däldi. Şulamly gyz, esasanam, onuň Ýehowany söýýändigi we gowy häsiýetleriniň bolandygy üçin, ony «jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajyna» meňzedýär (Nag. 2:3, 9; 5:14, 15).

13. Çopan oglan şulamly gyzy näme üçin söýýärdi?

13 Şulamly gyz hem gözel gyzdy. Süleýman patyşanyň altmyş aýaly, segsen gyrnagy, sansyz-sajaksyz gyzlary bolsa-da, şulamly gyzyň owadanlygy ony özüne çekýär. Muňa garamazdan, ol özüni «Şaronyň bägüline» ýagny meýdan gülüne meňzedýär. Sebäbi ol örän kiçigöwünlidi. Emma ol çopan oglan üçin «tiken arasyndaky çigildem» ýalydy! Şulamly gyz Ýehowanyň wepaly gullukçysydy (Nag. 2:1, 2; 6:8).

14. Eger biz durmuş gurmadyk bolsak çopan oglandan we şulamly gyzdan näme öwrenip bileris?

14 Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň diňe Rebde durmuş gurmalydygy barada aýdylýar (1 Kor. 7:39). Durmuş gurmak isleýän mesihçi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara göwün bermeli däl. Ol ýanýoldaşyny diňe Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň arasyndan gözlemeli. Bu är-aýala gündelik kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Şeýle-de olaryň ikisi-de Ýehowa bilen dost bolsalar, maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Şol sebäpli siz durmuş gurmakçy bolsaňyz çopan oglanyň we şulamly gyzyň göreldesine eýeriň. Siz gowy häsiýetli we Ýehowany söýýän adamy gözläň.

Mesihçi bolmadyk adama göwün bermäň

Mesihçi bolmadyk adama göwün bermäň (14-nji abzasa serediň)

GELINLIGIM «GAPYSY ÝAPYK BAGDYR»

15. Durmuş gurmakçy bolýan mesihçiler şulamly gyzyň wepalylygyndan näme öwrenip bilerler?

15 Nagmalar nagmasy 4:12-ni okaňe. Näme üçin çopan oglan söýgülisini gapysy ýapyk baga meňzedýär? Ýapyk baga keseki adam girip bilmeýär. Gyzyň baga meňzedilmeginiň sebäbi, ol diňe çopany söýýärdi we oňa durmuşa çykmak isleýärdi. Şonuň üçinem ol patyşa göwün bermedi we pikirini üýtgetmedi. Ol «diwara» we aňsat açylmaýan «gapa» meňzeýärdi (Nag. 8:8—10). Durmuş gurmakçy bolýan mesihçilerem bir-birine wepaly bolmaly. Başga birine göz gyzdyrmaly däl.

16. Eger siz kimdir biri bilen duşuşýan bolsaňyz Nagmalar nagmasyndan näme öwrenip bilersiňiz?

16 Çopan oglan şulamly gyzy ýaz günleri gezelenje çagyranda, doganlary ony ibermedi. Olar gyzy üzümlige sakçy edip goýdular. Näme üçin? Doganlary oňa ynanmadymy? Olar uýasy ahlaksyzlyk eder diýip pikir etdimi? Aslynda olar ony ýalňyşlyk etmekden goramak isledi (Nag. 1:5; 2:10—15). Eger siz kimdir biri bilen duşuşýan bolsaňyz ahlaksyzlykdan nädip gaça durup bilersiňiz? Munuň üçin nämelerden gaça durjakdygyňyz barada öňünden gürleşiň. Hiç haçan ýeke galmaň. Birek-birege päk söýgini bildiriň.

17, 18. Nagmalar nagmasyndan näme öwrenip bileris?

17 Ýehowa nikanyň ömürlik bolmagyny we är-aýalyň birek-biregi söýmegini isleýär. Olar toý tutandan soň hem birek-birege söýgüsini bildirmeli. Olar nikasynyň ömürlik bolmagy üçin, söýgüsini lowlaýan ýalyn ýaly hiç haçan söndürmeli däl (Mar. 10:6—9).

18 Eger siz durmuş gurmak isleýän bolsaňyz, ýürekden söýüp biljek adamy gözläň. Ony tapansoň bolsa, bir-biriňize bolan söýgüňizi artdyryň. Eger siz Nagmalar nagmasyndan sapak edinseňiz, «Ýehowanyň lowlaýan ýalny» ýaly bir-biriňizi ýürekden we ebedi söýmegi başararsyňyz (Nag. 8:6).

a Nagmalar nagmasy 8:6 Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, ol Ýehowanyň lowlaýan ýalnydyr.

b Nagmalar nagmasy 5:12 Süýde ýuwlan gözleri, bulak başyndaky gögerçin ýaly, ýelmenen gymmatbaha daş deý görünýär.

c Nagmalar nagmasy 4:7 Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok. 11 Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.

d Nagmalar nagmasy 1:1 Dodaklary bilen, goý, meni öpsün! Çünki şerapdan datlydyr söýgiň! 2 Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr (ýag, TD) deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.

e Nagmalar nagmasy 4:12 Eý ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş