HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 38—42
Ýehowa ejizleri kuwwatlandyrýar
Bürgütler ýokary galýan ýyly howanyň akymy esasynda sagatlap asmanda gaýyp bilýärler. Olar şeýle akymda ganatlaryny ýaýyp, aýlaw edýärler we kem-kemden ýokary galýarlar. Belli bir beýiklige galansoň, olar başga akyma geçip, ýene-de öňki ýagdaýy gaýtalaýarlar.
Bürgütleriň kän güýç sarp etmän akymyň kömegi bilen uçuşy ýaly, bizem Hudaýyň güýji arkaly oňa yhlasly gulluk edip bileris.