-
Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
6. Ýehowa dostlaryna nädip kömek edýär?
Ýehowa dostlaryna kynçylyklara çydamaga kömek edýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa göwnüçökgün gyza nädip kömek etdi?
Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa dostlaryna näme söz berýär?
Ýehowa gowy dostuň bolup bilermi? Näme üçin?
Jana-jan dostlar kömegini gaýgyrmaýar. Ýehowa-da saňa hemişe kömek eder.
-
-
Sen hoş habary nädip wagyz edip bilersiň?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
3. Ýehowa kömek eder
Käbir adamlar: «Il-gün näme diýer?!» diýip, wagyz etmäge çekinýär.
Senem wagyz etmäge çekinýärsiňmi? Näme üçin?
WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaş dogan-uýalar gorkman wagyz etmegi nädip öwrendiler?
Işaýa 41:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Wagyz etmäge gorkýan bolsaň, näme üçin Ýehowa doga etmeli?
Bilýäňizmi?
Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi: «Men hiç wagt aýlanyp, wagyz edip bilmerin» diýýärdiler. Mysal üçin, Sergeý dogan özüne ynamsyz, çekinjeň bolansoň, adamlar bilen gürleşip bilmeýärdi. Emma ol Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlansoň, şeýle diýýär: «Men çekinsemem, Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy adamlara gürrüň berýärdim. Şonda özümi ynamly duýup başladym. Adamlara näçe köp gürrüň bersem, şonça-da imanym berkeýärdi».
-
-
Sen suwa çümdürilmäge taýýarmy?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
6. Ýehowa bil bagla
Ýehowa saňa beren sözüňde durmaga kömek eder. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Sapak geçýän suwa çümdürilmäge näme üçin ýaýdanýardy?
Ol Ýehowa bil baglamagy nädip öwrendi?
Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Sen özüňi Ýehowa bagyş edip, diňe Hudaýa gulluk etmegi söz berdiň. Saňa şol sözüňde durmaga näme kömek eder?
-