Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
mwb17 Dekabr sah. 5
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Mesihçileriň durmuşy we wagzy duşuşygynyň täze aýratynlyklary
2018-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesini öwrenmek üçin» (nwtsty) diýen täze bölüm giriziler. Saýtymyzdan alnan bu bölüm siziň diliňizde bolmasa-da, ol ýygnak duşuşygynda öwrenilip, Ýazgylary çuňňur özleşdirmäge kömek eder. Onda maglumatlar we aýratynlyklar diýen bölüm bolar. Olar bize köp peýda getirer, iň wajyby bolsa söýgüden doly Atamyz Ýehowa has-da ýakynlaşdyrar.