Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 27
  • Isa pygamber bizi nädip halas edýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa pygamber bizi nädip halas edýär?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Töleg gurbanyna minnetdar boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Isa pygamber kim?
    Hudaýyň hoş habary
  • Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 27
27-nji sapak. Isanyň jesedini pürsden düşürýärler.

27-NJI SAPAK

Isa pygamber bizi nädip halas edýär?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman günä etdi. Şol günäni bize-de geçirdi, şonuň üçin kynçylyk çekýäris, ölýärisa. Ýöne Ýehowa bizi günäden we ölümden halas etmek üçin ogly Isa Mesihi iberdi. Isa pygamber kämil janyny gurban berip, adamlar üçin töleg berdi. Töleg bir adamy gulçulykdan ýa-da tussaglykdan çykarmak üçin berilýär. Edil şonuň ýaly, Isa pygamber hem adamlary halas etmek üçin töleg töledi (Matta 20:28-i oka). Isa pygamberiň ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga haky bardy, ýöne ol Adam ata bilen How enäniň ýitiren kämil ýaşaýşyny adamlara gaýtaryp bermek üçin şirin janyndan geçdi. Ýehowa bilen Isa adamlary söýýändigi üçin töleg gurbanyny berdi. Şu sapakda Isanyň biziň üçin ölendigine has gowy düşünip, minnetdarlygyň artar.

1. Töleg gurbanynyň häzir nähili peýdasy bar?

Adamlar günäli, şonuň üçinem Hudaýyň halamaýan işlerini edýärler. Ýöne biz eden günämize ýürekden ökünip, Ýehowadan Isa Mesih arkaly bagyşlamagyny haýyş etsek, eden etmişimizi gaýtalamajak bolup jan etsek, Hudaýyň dosty bolup bileris (1 Ýahýa 2:1). Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl Mesih günäleri bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi. Ol günäli adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmak isledi» diýilýär (1 Petrus 3:18).

2. Töleg gurbanynyň gelejekde nähili peýdasy bolar?

Isa Mesih ýer ýüzüne gelip, kämil janyny gurban berdi, sebäbi Ýehowa «ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny» isleýär (Ýahýa 3:16). Adam atanyň günäsi sebäpli häzir köp kynçylyk çekýäris, ýöne Ýehowa tizden Isanyň kömegi bilen ähli kynçylyklary aýrar. Diýmek, Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi, bagtly ýaşap bileris (Işaýa 65:21—23).

SÖHBETDEŞLIK

Isa pygamberiň janyny näme üçin gurban berendigine we munuň nähili peýdasynyň bardygyna has gowy düşüneliň.

3. Töleg gurbany günäden we ölümden halas edýär

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Isa pygamber näme üçin öldi?» (1-nji bölüm) (2:01)

  • Adam ata Hudaýa gulak asmandygy üçin näme boldy?

Rimliler 5:12-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adam atanyň günäsi saňa nähili täsir edýär?

Ýahýa 3:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa näme üçin Ogluny ýer ýüzüne iberdi?

A. Suratlar: 1) Adam ata Hudaýa gulak asmansoň bolýan gynançly ýagdaýlar. 2) Bir adamyň tabydyny göterip barýarlar we ýas tutýarlar. Suratlar: A. Hudaýa gulak asmadyk Adam ata. B. Isa Mesih. B. Suratlar: 1) Isa Mesih. 2) Dürli döwürlerde ýaşan her milletden, tire-taýpadan bolan dürli ýaşdaky adamlar.
  1. A. Adam ata kämil bolsa-da, Hudaýa gulak asman günä etdi, günäni we ölümi nesline geçirdi.

  2. B. Isa pygamber hem kämildi, ýöne Hudaýa gulak asyp, adamlary günäden halas etdi, ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi.

4. Isa ähli adamlar üçin janyny gurban berdi

WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Isa pygamber näme üçin öldi?» (2-nji bölüm) (2:00)

  • Bir adamyň ölmegi bilen nädip hemmeler halas bolup bilýär?

1 Timoteos 2:5, 6-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adam ata kämil ýaradylsa-da, adamlara günäni we ölümi geçirdi. Isa pygamber hem kämildi, ýöne ol adamlar üçin näme etdi?

5. Ýehowa seniň üçinem töleg töledi

Ýehowa töleg töläp, her bir adama uly ýagşylyk etdi. Galatýalylar 2:20-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Pawlus tölegiň özi üçin hem tölenendigine ynanýardymy? Näme üçin?

Adam atanyň günäsi sebäpli özi-de, nesli-de ölüme mynasypdy, ýöne Ýehowa Oglunyň ölmegine ýol berip, saňa ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi.

Ýahýa 19:1—7, 16—18-nji aýatlary okaň. Göz öňüne getiriň, Ýehowanyň Oglunyň ejir çekişini görüp, ýüregi para-para bolýar. Soňra aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa bilen Isanyň eden ýagşylygy saňa nähili täsir edýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Bir adamyň ölmegi bilen nädip hemmeler halas bolup biler?»

  • Sen nähili düşündirerdiň?

ESASY PIKIRLER

Isanyň töleg gurbanyna esaslanyp, Ýehowa günäleri bagyşlaýar, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär.

Gaýtalamak

  • Isa pygamber näme üçin öldi?

  • Isa nädip töleg töledi?

  • Töleg gurbanynyň saňa nähili peýdasy bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isanyň kämil janyny gurban bermegine näme üçin töleg gurbany diýilýär?

«Isa pygamber nädip „köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi“?» (Internet makala)

Günäden we ölümden halas bolmak üçin näme etmelidigini öwreniň.

«Isa nädip halas edýär?» (Internet makala)

Ýehowa agyr günäleri hem bagyşlaýarmy?

«Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby» («Garawul diňi» 1 maý, 2013)

Bir dogan töleg gurbany hakda bilip, durmuşyny üýtgedýär.

«Indi men zorluk-sütemiň guly däl» (Internet makala)

a Günä diňe bir erbetlik etmegi däl-de, Adam ata bilen How enäniň eden günäsi sebäpli Hudaýdan daşlaşmagy aňladýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş