Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — täzeden aýan bolan umyt
«Eý Daniýel, soňky günlere çenli bu sözleri gizlin sakla... Köp adamlar eýläk-beýläk ýörär we hakyky bilim artar» (DAN. 12:4).
1, 2. Biz bu makalada nähili soraglara serederis?
ŞU GÜNLER millionlarça adamlar ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umydyň Mukaddes Ýazgylara esaslanandygyna aýdyň düşünýärler (Ylh. 7:9, 17). Hudaý adamzat taryhynyň başlangyjynda, ynsanyň birnäçe ýyl ýaşap ölmegi üçin däl-de, ebedi ýaşamak üçin ýaradylandygyny aýdypdy (Gel. çyk. 1:26—28).
2 Ysraýyllylar Adam atanyň ýitiren kämilligini ynsanlara gaýdyp beriljegine ynanýardy. Injil kitabynda bolsa, Hudaýyň ýer ýüzünde Jenneti we ebedi ýaşaýşy näme arkaly dikeltjekdigi aýdylýar. Näme üçin bu umydy täzeden aýan etmelidi? Bu umyt nädip aýan boldy we millionlarça adamlar ony nädip bildi?
Umyt gizlin syr boldy
3. Adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydynyň gizlin syr bolmagy näme üçin geň galdyrmaýar?
3 Isa ýalan pygamberleriň onuň taglymatlaryny ýoýup, köp adamlary aldajakdygyny öňünden aýtdy (Mat. 24:11). Petrus resul mesihçilere: «Siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar» diýip duýdurdy (2 Pet. 2:1). Pawlus resul şeýle diýdi: «Şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer» (2 Tim. 4:3, 4). Şeýtan hristian dini arkaly adamlary aldap, ynsan we ýer ýüzi babatda Hudaýyň niýeti barada ýakymly hakykaty gizleýär (2 Korintoslylar 4:3, 4-nji aýatlary okaň).
4. Hristian dini ýolbaşçylary adamlaryň haýsy umydyny inkär etdi?
4 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gökdäki Patyşalygy ähli ynsan patyşalyklary «ýumrup ýok etjekdigi» barada aýdylýar (Dan. 2:44). Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Şeýtan düýpsüz çuňluga baglanar, ölen adamlar direler we ýer ýüzünde adamlar kämillige ýeter (Ylh. 20:1—3, 6, 12; 21:1—4). Ýöne hristian dini ýolbaşçylary hakykatdan dänip, garaýşyny üýtgetdiler. Meselem, III asyryň dini taglymatçysy Origen Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynda ýerde boljak bereketlere ynanýan adamlary tankytlaýar. Katolik dinine uýan Bagtly Awgustin (354—430) «Müňýyllyk patyşalyk bolmaz» diýdi (Katolik ensiklopediýasy)a.
5, 6. Näme üçin Origen we Awgustin Isanyň Müňýyllyk Patyşalygy baradaky taglymata garşy boldular?
5 Näme üçin Origen we Awgustin Isanyň Müňýyllyk Patyşalygy baradaky taglymata garşy boldular? Origen Kliment Aleksandriýskiniň şägirdidi. Ol ölmeýän jan baradaky grekleriň filosofiýasyny kabul etdi. Dini taglymatçy Werner Ýegeriň aýtmagyna görä, Origen Platonyň jan baradaky düşünjesiniň täsirine düşüp, «Platonyň jan baradaky taglymatyny hristian dinine girizdi». Şeýlelik-de, Origen Müňýyllyk Patyşalykda ýerde boljak bereketleriň o dünýäde boljakdygyny aýtdy.
6 Awgustin 33 ýaşynda «hristian» dinini kabul etmezden öň neoplatonikdi, ýagny Platonyň filosofiýasynyň täze düşündirilişiniň tarapdarydy. Ol III asyrda Platonyň döreden filosofiýasyna ynanýardy. Awgustin täze dini kabul etse-de, neoplatonik garaýşyny üýtgetmedi. «Täze Britaniýa ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Onuň akyly erediji peç ýalydy, onda Täze Äht dininiň we grek filosofiýasynyň Platon däpleri bir ergin boldy». «Katolik ensiklopediýasynda» Awgustin Ylham kitabynyň 20-nji babynda beýan edilýän Isanyň Müňýyllyk Patyşalygyny «göçme manyda» düşündirýär. Soňra ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Bu düşündirişi... günbatar dini taglymatçylary kabul edip, Müňýyllyk Patyşalyk baradaky taglymaty goldamadylar».
7. Haýsy nädogry garaýyş adamlaryň ýer ýüzünde ýaşamaga bolan umydyny gaçyrdy we nädip?
7 Gadymy Babylda dörän we bütin dünýä ýaýran taglymat adamlaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşa bolan umydyny gaçyrdy. Bu adam ölensoň onuň jany ýa-da ruhy ölmeýär diýen taglymat. Hristian dini bu taglymaty kabul edensoň, dini taglymatçylar Mukaddes Ýazgylarda gökde ýaşaýyş umydy barada aýdylýan aýatlary ýoýup, ähli gowy adamlaryň göge gitjekdigini öwredýär. Şeýle garaýşa görä, ynsanyň gökde ýaşamaga mynasypdygyny kesgitlemek üçin, ol ýere, ýagny ýalançy dünýä synalmaga gelýär. Ýehudylaryň ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşa bolan umydy hem şeýle gowşapdy. Ýehudylaryň janyň ölmeýändigi baradaky grek taglymatyny kem-kemden kabul edeni üçin, olar ýerde ýaşamaga bolan ilkinji umydyny ýitirdiler. Bu Mukaddes Ýazgylarda ynsan barada aýdylýan sözlerden, gör, nähili tapawutlanýar! Ynsan ruhda däl-de, tende ýaradyldy. Ýehowa ilkinji adama: «Topraksyň» diýdi (Gel. çyk. 3:19). Adamyň ebedi öýi gökde däl-de, ýerdedir (Zebur 104:5; 115:16-njy aýatlary okaň).
Hakykat şöhlesi tümlükde nur saçýar
8. XVII asyryň sowatly adamlary ynsanyň umydy barada näme diýdi?
8 Hristian dinleriň köpüsi ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşa bolan umydy inkär etse-de, Şeýtan hakykaty gizlin saklap bilmedi. Asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylary dykgatly öwrenýän okyjylar hakykatyň şöhle saçýanyna göz ýetirdiler. Olar Hudaýyň adamlary nädip kämillige ýetirjekdigi barada käbir zatlara düşünýärdiler (Zeb. 97:11; Mat. 7:13, 14; 13:37—39). XVII asyra golaý, Mukades Ýazgylar terjime we çap edilip, giňden ýaýrap başlady. 1651-nji ýylda bir alymyň aýtmagyna görä, Adam ata arkaly ynsan «Jenneti we ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşy ýitirdi», emma Isa arkaly «hemmeler ýer ýüzünde ýaşaýşa ýeter; ýogsa, bu deňeşdirmäniň manysy bolmazdy» (1 Korintoslylar 15:21, 22-nji aýatlary okaň). Bütindünýä meşhur bolan iňlis şahyry Jon Milton (1608—1674) «Ýitirlen Jennet» soňra «Gaýtaryp berlen Jennet» atly poemalary ýazdy. Milton bu eserinde Hudaýa wepaly adamlaryň ýerdäki Jennetde aljak sylagy barada aýdýar. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin ömrüniň ep-esli bölegini sarp etse-de, Isanyň barlygyna çenli Mukaddes Ýazgylardaky hakykata doly düşünip bolmaýandygyny bilýärdi.
9, 10. a) Isaak Nýuton adamlaryň umydy barada näme diýdi? b) Isanyň barlygy näme üçin Nýutona uzak gelejekde boljak ýaly göründi?
9 Meşhur alym Isaak Nýuton (1642—1727) hem Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýardy. Ol mukaddesleriň göge galyp, Isa bilen göze görünmän hökümdarlyk etjegine düşünýärdi (Ylh. 5:9, 10). Ol Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary barada şeýle diýdi: «Höküm gününden soň ýer ýüzi ölen adamlardan dolar, olar müň ýyl däl, eýsem ebedi ýaşar».
10 Nýuton Isanyň barlygy ýüzlerçe ýyl soň bolar öýdýärdi. Taryhçy Stiwen Snobelen şeýle diýýär: «Näme üçin Nýuton Isanyň barlygynyň ýüzlerçe ýyl soň boljagyna ynanýandygynyň bir sebäbi: ol daş-töwereginde Troisa uýýan adamlaryň köpdigini görýär. Hoş habar entek mälim däldi. Nýuton hristian dinleriniň hiç haýsynyň hoş habary wagyz etmeýändigini görüp, şeýle ýazýar: «Daniýeliň we Ýahýanyň (Ylham kitabynda ýazan iň soňky) pygamberliklerine soňky günlere çenli düşünip bolmaz». Soňra ol şeýle düşündirýär: «Daniýel bu kitaby köp adamlar okap, «hakyky bilim artar diýdi». Hoş habar ähli milletlere agyr muşakgata we zalym dünýäniň soňuna çenli wagyz edilmeli. Ähli milletlere hoş habar wagyz edilmese, şol agyr muşakgatdan gelen, ellerinde hurma agajynyň pürleri bolan uly märekäniň sany sansyz-sajaksyz bolup bilmeýär» (Dan. 12:4; Mat. 24:14; Ylh. 7:9, 10).
11. Miltonyň we Nýutonyň günlerinde adamlaryň umydy näme üçin gizlin syrdy?
11 Miltonyň we Nýutonyň günlerinde buthananyň taglymatyna garşy pikir aýtmak howplydy. Şol sebäpli olaryň Mukaddes Ýazgylara bagyşlap ýazan işleriniň köpüsi, olar ölenden soň çap edildi. XVI asyryň özgerişleri ölmeýän jan baradaky taglymaty ýatyryp bilmedi we esasy protestant buthanalary Müňýyllyk Patyşalyk gelejekde däl-de, öň bolupdy diýen Awgustiniň taglymatlaryny öwretmegi dowam edýärdi. Soňky günlerde bilim artdymy?
«Hakyky bilim artar»
12. Hakyky bilim haçan artyp başlamalydy?
12 «Soňky günler» barada Daniýel gowy wakany pygamberlik etdi (Daniýel 12:3, 4, 9, 10-njy aýatlary okaň)b. Isa «Dogry adamlar... Gün kimin parlar» diýdi (Mat. 13:43). Hakyky bilim soňky günlerde nädip artdy? Geliň, 1914-nji ýylda soňky günler başlamazdan öň, onlarça ýylyň dowamynda bolan taryhy wakalara seredeliň.
13. Çarlz Teýz Rassell dikeldiliş baradaky soragy öwrenip, näme ýazdy?
13 XIX asyryň ikinji ýarymynda, akýürekli adamlar «sagdyn sözleriň nusgasyna» düşünmäge jan edýärdiler (2 Tim. 1:13). Olaryň biri Çarlz Teýz Rasselldi. 1870-nji ýylda ol we birnäçe hakykaty gözleýän adamlar Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topary döretdiler. Olar 1872-nji ýylda dikeltmek baradaky soragy (Adam atanyň günäsi sebäpli ýitirlen zadyň gaýtarylyp berilmegi) öwrendiler. Rassell şeýle ýazýar: «Biz öň buthanalaryň şu günler synagdan geçip, aljak sylagy bilen dünýädäki wepaly adamlaryň aljak sylagynyň tapawudyny anyk saýgaryp bilmeýärdik». Soňky adamlaryň sylagy bu «nesil başymyz bolan Adam atanyň Erem bagynda alan kämilliginiň täzeden ynsana gaýdyp berilmegidir». Rassell Mukaddes Ýazgylary öwrenmekde başga adamlaryň hem kömek edendigini boýun alýar. Olar kimlerdi?
14. a) Genri Dann Resullaryň işleri 3:21-e nähili düşündi? b) Dannyň aýtmagyna görä, ýer ýüzünde kim ebedi ýaşar?
14 Olardan biri Genri Danndy. Ol «Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan mukaddes pygamberleri arkaly aýdanlarynyň baryny gaýtadan dikeldiljekdigi» barada ýazdy (Res. iş. 3:21). Dann dikeldiliş bu Isanyň Müňýyllyk Patyşalygynda adamlaryň ýer ýüzünde kämillige ýetjegini aňladýandygyna düşünýärdi. Şeýle-de Dann köp adamy biynjalyk edýän: «Ýer ýüzünde kim ebedi ýaşar»? diýen soragy öwrendi. Onuň aýtmagyna görä, millionlarça adamlar direlip, hakykaty biler we olaryň Isa iman etmäge mümkinçiligi bolar.
15. Jorj Storrz direliş barada nämä düşündi?
15 1870-nji ýylda Jorj Storrz hem günäli adamlaryň direlip, ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar diýen netijä geldi. Şeýle-de ol direlen adamlar mümkinçilikden peýdalanmasa, «hatda günäli adam ýüz ýyl ýaşasa-da, öljekdigini» Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündi (Iş. 65:20). Storrz Nýu-Ýorkda, Bruklinde ýaşaýardy we ol «Mukaddes Ýazgylary barlag geçiriji» žurnalynyň redaktorydy.
16. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hristian dünýäsinden nämede tapawutlanýar?
16 Rassell Mukaddes Ýazgylardan wagyz etmek wagtynyň gelendigine düşündi. Şol sebäpli ol 1879-njy ýylda «Sionyň garawul diňi we Isanyň barlygynyň habarçysy» žurnaly çap edip başlaýar. Şu günler bolsa, bu žurnal «Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýän Garawul diňi» ady bilen çap edilýär. Öň adamlaryň umydy baradaky hakykaty diňe iki-ýeke adam bilýärdi, indi bolsa ençeme ýurtlarda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň topary «Garawul diňi» jurnalyny okaýar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler käbir adamlaryň gökde ýaşajakdygyny, millionlarça adamlaryň bolsa kämillige ýetip, ýerde ýaşajakdygyny bilýärdi. Bu-da olary hristian dünýäsinden tapawutlandyrýan zatdy.
17. Nädip hakyky bilim artdy?
17 Öňünden aýdylan «soňky günler» 1914-nji ýylda başlandy. Adamlaryň umydy barada hakyky bilim artdymy? (Dan. 12:4). 1913-nji ýylda Rasselliň wagzy iki müň gazetde çap edilip, 15 million okyja ýetirildi. 1914-nji ýylyň aýagynda, dünýäniň üç kontinentinde 9 millindan gowrak adamlar «Ýaradylyşyň fotodramasyna» — Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygyny düşündirýän suratlary we slaýtlary gördüler. 1918-nji ýyldan başlap, 1925-nji ýyla çenli bütin dünýäde Ýehowanyň gullukçylary otuzdan gowrak dilde, «Şu günler ýaşaýan millionlarça adam hiç haçan ölmez» atly nutk bilen çykyş etdiler. Bu nutkda ýerde ebedi ýaşaýşa bolan umyt barada aýdylypdy. 1934-nji ýylda Ýehowanyň Güwäçileri ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlaryň suwda çokundyrylmalydygyna düşündiler. Bu olary Hudaýyň Patyşalygy barada has-da yhlasly wagyz etmäge höweslendirdi. Şu günler millionlarça adamlar Ýehowa minnetdar, sebäbi olarda ebedi ýaşaýşa bolan umyt bar.
Bize «şöhratly azatlyk» garaşýar!
18, 19. Işaýa 65:21—25-nji aýatlarda nähili ýaşaýyş pygamberlik edilen?
18 Işaýa pygamber Hudaýyň ylhamy bilen, ýer ýüzünde Onuň halkyna nähili ajaýyp durmuşyň garaşýandygyny ýazdy (Işaýa 65:21—25-nji aýatlary okaň)c. Işaýa 2 700 ýyl mundan öň bu sözleri ýazan mahaly, şol döwürde ýaşan käbir agaçlar şu günler hem bar bolmaly. Siz berk jan saglygy we şeýle uzak ýaşamagy göz öňüňize getirip bilersiňizmi?
19 Adamyň ömri gysga bolmaz. Bizde gurmaga, ekmäge we bilim almaga köp mümkinçilik bolar. Näçe adamlar bilen dostlaşyp boljagy barada oýlanyp görüň! Bu mähirli gatnaşyklar ebedi berkär. Ýer ýüzünde «Hudaýyň perzentleri», gör, nähili «şöhratly azatlyga» eýe bolar! (Rim. 8:21).
a Awgustin Hudaýyň Patyşalygynyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň gelejekde boljagyna ynanmaýardy, çünki ol buthananyň dörän döwründen başlandygyny tassyklaýar.
b Daniýel 12:3 Düşünýänler asman kimin ýalpyldap, köpleri dogrulyga getirýän ýyldyzlar kimin ebedi, baky we ähli wagtda parlar. 4 Eý Daniýel, sen, soňky günlere çenli bu sözleri gizlin sakla we kitaby möhürle. Köp adamlar eýläk-beýläk ýörär we hakyky bilim artar. 9 Ol şeýle diýdi: «Git, Daniýel, bu sözler soňky günlere çenli gizlin syr bolup, möhürlendi. 10 Köp adamlar saplanyp, aklanar we täzeden erediler. Erbet adamlar erbetlik eder, erbetleriň hiç haýsy düşünmez, paýhaslylar bolsa düşüner.
c Işaýa 65:21 Ýehowa şeýle diýýär: «Adamlar jaýlar salyp, olarda ýaşarlar, üzüm ekip miwesini iýerler. 22 Başga biriniň ýaşamagy üçin gurmazlar, başga biriniň iýmegi üçin ekmezler. Meniň halkymyň günleri agajyň günleri kimin bolar, meniň saýlanlarym öz elleriniň önümini doly ulanar. 23 Çeken zähmeti biderek bolmaz we görgi üçin çaga dogurmaz, sebäbi olar we olaryň nesilleri Ýehowanyň ak pata beren zurýadydyr. 24 Olar çagyrmanka, men jogap bererin. Olar aýdyp duran wagty, men eýýäm eşiderin. 25 Möjek bilen guzy bile otlar we ýolbars göle kimin saman iýer, ýylan bolsa toprakdan iýmitlener. Meniň mukaddes dagymda hiç kim ýamanlyk we erbetlik etmez»
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Adamlaryň ebedi ýaşaýşa bolan umydy nädip gizlin syr boldy?
• XVII asyrda Mukaddes Ýazgylary okyjylaryň käbirleri nämä düşündi?
• 1914-nji ýylyň öň ýanynda adamlaryň hakyky umydy nädip aýdyňlaşdy?
• Ýerdäki umyt baradaky bilim nädip artdy?