-
Soňky duşman ölüm ýok edilerGarawul diňi — 2014 | 15 sentýabr
-
-
10. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlarda Ýehowanyň günäni we ölümi ýok etjekdigi aýdylýar? b) Bu aýatlardan Ýehowa we onuň Ogly barada näme bilýäris?
10 Elbetde, Pawlus resuly Ýehowa halas edip bilýärdi. Işaýa pygamber «örtük» barada aýdansoň: «Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» diýdi (Iş. 25:8). Söýgüden doly atanyň çagalarynyň horluk çekmegine sebäp bolýan zatlary aýryp, gözýaşlaryny süpürişi ýaly, Ýehowa-da Adam atadan geçen ölümi höwes bilen ýok eder. Ol muny kömekçisi Isa arkaly eder. 1 Korintoslylar 15:22-de: «Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter» diýilýär. Şeýle-de Pawlus resul: «Meni kim halas eder?» diýen soragyna: «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» diýip, özi jogap berýär (Rim. 7:25). Görşümiz ýaly, Adam ata bilen How ene pitne turuzsa-da, Ýehowanyň adamzada bolan söýgüsi sowaşmady. Hudaýa ilkinji ynsan maşgalasyny ýaratmaga kömek eden Isa hem adamlary söýýär (Sül. tym. 8:30, 31). Emma ynsan maşgalasy günäden we ölümden nädip halas bolar?
-
-
Soňky duşman ölüm ýok edilerGarawul diňi — 2014 | 15 sentýabr
-
-
15, 16. a) Mukaddes Ýazgylarda «soňky duşman ölüm» diýlende näme göz öňünde tutulýar we ol haçan ýok ediler? b) 1 Korintoslylar 15:28-e görä, Isa näme eder?
15 Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda Ýehowa gulak asýan adamlar günäden we ölümden azat bolarlar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter. Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler. Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir» (1 Kor. 15:22—26). Hawa, Adam atadan geçen ölüm iň soňunda ýok ediler. Ynsan maşgalasyny örten «örtük» ebedilik aýrylar (Iş. 25:7, 8).
-