HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 51, 52
Ýehowanyň aýdan her bir sözi ýerine ýetýär
Ýehowa boljak wakalary öňünden anyk aýtdy.
Pars patyşalygyny goraýan ýaý atyjy
«Oklary ýiteldiň»
Midiýalylar we parslar ökde ýaý atyjy bolupdyr we ýaý olaryň esasy söweş ýaragy bolupdyr. Olar adamy güýçli ýaralamak üçin oklaryny ýiteldipdirler.
«Wawilonyň batyrlary söweşmekden el çekdi»
Nabonid ýyl ýazgylarynda: «Kir patyşanyň goşuny Wawilona söweşsiz girdi» diýilýär. Bu bolsa Ýermeýanyň pygamberlik edişi ýaly, olara hiç hili garşylygyň görkezilmändigini subut edýär.
Nabonid ýyl ýazgylary
«Wawilon daş üýşmeklerine... ebedilik harabaçylyga öwrüler»
B. e. öň 539-njy ýylyň başynda Wawilonyň şöhraty pese gaçýar. Isgender Zülkerneýin Wawilony öz paýtagty etmegiň küýüne düşüpdi, emma ol duýdansyz aradan çykýar. I asyryň başynda-da ol ýerde ýehudylaryň ýaşandygy üçin, Petrus resul olary görmäge gidýär. Emma IV asyrda Wawilon şäheri weýran bolýar we ahyry bu şäher ýer ýüzünden ýitip gidýär.