HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 51, 52
Ýehowanyň aýdan her bir sözi ýerine ýetýär
Ýehowa boljak wakalary öňünden anyk aýtdy.
Pars patyşalygyny goraýan ýaý atyjy
«Oklary ýiteldiň»
- Midiýalylar we parslar ökde ýaý atyjy bolupdyr we ýaý olaryň esasy söweş ýaragy bolupdyr. Olar adamy güýçli ýaralamak üçin oklaryny ýiteldipdirler. 
«Wawilonyň batyrlary söweşmekden el çekdi»
- Nabonid ýyl ýazgylarynda: «Kir patyşanyň goşuny Wawilona söweşsiz girdi» diýilýär. Bu bolsa Ýermeýanyň pygamberlik edişi ýaly, olara hiç hili garşylygyň görkezilmändigini subut edýär. 
Nabonid ýyl ýazgylary
«Wawilon daş üýşmeklerine... ebedilik harabaçylyga öwrüler»
- B. e. öň 539-njy ýylyň başynda Wawilonyň şöhraty pese gaçýar. Isgender Zülkerneýin Wawilony öz paýtagty etmegiň küýüne düşüpdi, emma ol duýdansyz aradan çykýar. I asyryň başynda-da ol ýerde ýehudylaryň ýaşandygy üçin, Petrus resul olary görmäge gidýär. Emma IV asyrda Wawilon şäheri weýran bolýar we ahyry bu şäher ýer ýüzünden ýitip gidýär.