Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr17 Aprel sah. 1
  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
  • Sözbaşylar
  • APREL 3—9
  • APREL 17—23
  • APREL 24—30
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
mwbr17 Aprel sah. 1

«Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

APREL 3—9

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 17—21

w99 1/4 sah. 22, abz. 3

Seniň düşünjäňe kim täsir edýär?

Ýehowa seniň durmuşyňa goşulyp, saňa ruhy taýdan kömek edip biler ýaly, isleg we gulak asyjylyk örän wajyp. Muny Hudaýyň Ýermeýa pygambere beren tabşyrygyndan görse bolýar. Ýehowa oňa küýzegäriň ussahanasyna gitmelidigini aýdýar. Ýermeýa küýzegäriň ussahanasyna baryp, onuň «öz elinde pytran» galybyny näme edesi gelse edendigini gördi. Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Men hem Ysraýyl öýi bilen şu küýzegär ýaly hereket edip bilmeýärinmi? Ine küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, Ysraýyl öýi hem meniň elimde şeýledir» (Ýermeýa 18:1—6). Bu Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň elinde jansyz toýun bolup, ondan öz isleýşine görä bir eýle, bir beýle galyp ýasap bilýändigini aňladýardymy?

it «Ökünmek», abz. 40

Eger-de küýzegär bir galyp ýasap başlanda, «öz eli bilen zaýalaýsa», ol täzeden başga şekilde galyp ýasar (Ýer. 18:3, 4). Bu mysal arkaly Ýehowa küýzegär dek öz eli bilen galyby zaýalaýandygyny däl-de, adamlaryň üstünden ygtyýarlydygyny düşündirýär, ýagny adamlar Hudaýyň dogrylygyna we merhemetine nähili seslene, şoňa görä hem olara bolan garaýşyny üýtgetmäge ygtyýarynyň bardygyny aýdýar. (deňeşdiriň Iş. 45:9; Rim. 9:19—21.) Şol sebäpli halk Hudaýyň çakylygyna nähili seslense, şoňa görä-de Ýehowa «olaryň üstüne betbagytçylyk iberjekdigini» yglan edýär ýa-da «olara ýagşylyk etjekdigini aýdanyna» ökünýär (Ýer. 18:5—10). Şeýlelikde, gürrüň Beýik Küýzegär Ýehowanyň ýalňyşlygy barada däl. Üýtgeşmeler adamda ýa-da «toýunda» bolup geçýär. Olaryň ýüreginde bolýan üýtgeşmeler Ýehowada ökünçlik ýa-da olara bolan duýgularynyň üýtgemegine getirýär.

w99 1/4 sah. 22, abz. 5

Seniň düşünjäňe kim täsir edýär?

Ýehowa hiç haçan öz çäksiz ygtyýaryny ulanyp, adamlaryň islemeýän zadyny olara mejburlap etdirmeýär; şeýle-de ol adamlaryň edişi ýaly hiç bir zady kemli-köstli etmeýär. (Kan. tag. 32:4). Emma kim Ýehowanyň mähir bilen berýän görkezmesinden ýüz öwürse, göçme manyda «küýze döwülýär» Bu hem biziň jansyz toýundan düýbünden tapawutlanýandygymyzy görkezýär. Sebäbi bizde saýlamak ukyby bar. Şonuň üçin Ýehowa bize bir zady öwretjek bolanda, tabyn bolmagy ýa-da bilgeşleýin ret etmegi saýlap bilýäris.

Gör, nähili wajyp sapak! Tekepbirlik bilen: «Maňa näme etmelidigimi aýtmak gerek däl!» diýmegiň deregine, Ýehowanyň sesine gulak asmak has dogry bolsa gerek. Biziň ählimize Ýehowanyň ýolbaşçylygy örän wajyp. (Ýahýa 17:3). «Öz ýollaryňy maňa görkez ýa Reb we maňa öwret» diýip doga eden mezmurçy Dawut ýaly bolalyň (Zeb. 24:4). «Akyldara gulak goý we bilimiňi artdyr» diýen Süleýman patyşanyň sözlerini ýatda saklalyň (Sül. tym. 1:5). Sen gulak asarsyňmy? Eger-de hawa bolsa, onda «akyldarlyk seni gorar, düşünje saňa sereder» (Sül. tym. 2:11).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w01 15/10 sah. 25, abz. 13

Ýüregiňizi goraň

Ýermeýa pygamber: «Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr» diýip duýdurýar (Ýermeýa 17:9). Ýüregiň hilegärligi öz ýalňyşlyklarymyzy aklanymyzda, kemçiliklerimizi azaldanymyzda, gowşak tarapymyzy düşündirjek bolanymyzda ýa-da gazanan üstünliklerimizi beýgeldenimizde görünýär. Ýoldan çykan ýürek ikiýüzlige eltip bilýär, şonda biziň agzymyz ýaraňjaňlyk bilen gürlär, hereketimiz bolsa başga bolar (Zeb. 11:3; Sül. tym. 23:7). Şol sebäpli bize ýüregimiziň islegini çynlakaý barlamak wajyp!

APREL 17—23

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 25—28

w09 1/12 sah. 24, abz. 6

Ýermeýa ýeňilmedi

Ýehowa Hudaý Ýermeýa pygambere adamlara eger olar düzelmese, Irusalimiň weýran ediljekdigi barada duýdurmagyny tabşyrdy. Ýermeýa Ýehowanyň sözlerini aýdanda, adamlar gaharlanyp şeýle diýdiler: «Bu adamy ölüme höküm etmeli». Ýermeýa olara ýalbaryp: «Ýehowanyň sesine gulak asyň!»  diýdi we eger-de olar ony öldürseler onda olaryň başynda günäsiz adamyň gany boljakdygyny we Hudaýyň olara şu zatlary aýtmaga iberendigini hem aýtdy. Soňra näme bolandygyny bilesiň gelýärmi?

jr sah. 21, abz. 13

«Soňky günlerde» bolýan gulluk

13 Dini ýolbaşçylar Ýermeýanyň sözlerini nähili kabul etdiler? Ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutyp şeýle diýdiler: «Sen ölmeli». Olar gahar bilen gygyryp: «Bu adamy ölüme höküm etmeli» diýdiler. (Ýermeýa 26:8—11 okaň.) Emma Ýermeýanyň garşysyna çykanlar hiç zat edip bilmediler. Ýehowa öz pygamberini gorady. Ýermeýanyň özi hem gaharly we köp sanly duşmanlaryň ony gorkuzmagyna ýol bermedi. Sen hem özüňi gorka aldyrma!

w09 1/12 sah. 25, abz. 1

Ýermeýa ýeňilmedi

Mukaddes Ýazgylarda biz şeýle okaýarys: «Ýolbaşçylar we ähli halk ruhanylara we pygamberlere şeýle diýdiler: „Bu adamy ölüme höküm etmeli däl, sebäbi ol biziň Hudaýymyz Ýehowanyň adyndan gürledi“». Ýermeýa gorkmandygy we dymmandygy üçin Ýehowa ony halas etdi. Indi bolsa düýbinden başgaça hereket eden Ýehowanyň pygamberi Uriýyň mysalyna seredeliň.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

jr sah. 27, abz. 21

«Soňky günlerde» bolýan gulluk

21 Sidkiýanyň Iýerusalimde hökümdarlygynyň başynda Edomyň, Mowapyň, Ammonyň, Suryň we Sidonyň patyşalarynyň wekilleri geldiler. Bolan wakalara görä, olar Sidkiýa Nebukadnesara garşy söweşer ýaly olaryň tarapyna geçmegi teklip etdiler. Emma Ýermeýa Sidkiýanyň Wawilona tabyn bolmalydygyny aýtdy. Beýleki bäş patyşanyň wekillerine bolsa olaryň halkynyň hem Babyla gulluk etmelidigini görkezýän boýuntyrygy berip goýberdi. (Ýer. 27:1—3, 14). Şeýle garaýyş makullanylmansoň, Ýermeýa pygambere aňsat düşmeýärdi. Onuň ýahudylara gürrüň berýän erbet habary az bolmasa-da, ýalan pygamber Hananýanyň aýtýan sözleri oda ýag guýulýan ýaly bolýardy. Ol hamala Hudaýyň adyndan gürläp, Wawilonyň salan boýuntyrygynyň döwüljekdigini gürrüň berýärdi. Emma Ýehowa Ýermeýa arkaly bu ýalan pygamberiň şol ýylyň içinde öljekdigini aýdýar. Şeýle hem boldy (Ýer. 28:1—3, 16, 17).

jr sah. 187, 188, abz. 11, 12

«Geplemän durup bilemok»

11 Ýöne Ýermeýanyň şol bir diýen zadyna ýapyşyp durmandygyny ýatda saklamaly. Garşylyga duş gelende ol sagdyn düşünje bilen hereket edýärdi. Haçan ol ýerden gitmelidigine gowy düşünýärdi. Ine bir mysal. Bir sapar ýalan pygamber Hananiýa hemmeleriň öňünde Ýehowanyň pygamberlik eden sözlerini ýalana çykardy. Ýermeýa bolsa oňa düzediş berip, hakyky pygamberi nädip tanap bolýandygyny düşündirdi. Onuň boýnunda halkyň tizden Wawilonyň boýuntyrygy astynda boljakdygyny aňladýan agaçdan boýuntyrygy bardy. Gahar gazaba münen Hananýa Ýermeýanyň boýuntyrygyny goparyp, döwüm-döwüm etdi. Ondan ýene her zada garaşybermelidi! Ýermeýa özüni nähili alyp bardy? Mukaddes Ýazgylarda : «Ýermeýa pygamber gitdi» diýilýär. Hawa, pygamber ol ýerden gitdi. Birnäçe wagtdan ol gelip Hananiýa Hudaýyň hökümini aýtdy: ýahudylara Wawylon ýesirligi, Hananýa bolsa ölüm garaşýardy (Ýer. 28:1—17).

12 Bu wakadan görnüşi ýaly, gullukda batyrgaýlyk we sagdyn düşünjäni ýerlikli ulanmak wajyp. Egerde kimdir biri ýazgylardaky deliller bilen ylalaşman, gaharlansa, hat-da howp salsa, biz sypaýçylyk bilen ötünç sorap, başga öýe gidip bilýäris. Gyzgyn jedellere başlamaly däl. Egerde biz zalymlyga duş gelenimizde özümizi saklasak, onda göçme manyda adama hoş habary bilmäge amatly wagt gelýänça, gapyny açyp goýýan ýaly bolýarys. (2 Timoteos 2:23—25 okaň; Sül. tym. 17:14.)

APREL 24—30

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 29—31

it «Äht» abz. 31, 32

Täze äht. B. e. öň VII asyrynda Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly, Ysraýylyň bozan Kanuny ähtine meňzeş bolmadyk täze äht baglaşyljakdygyny aýdýar. (Ýer. 31:31—34). Ölmezinden öňki gijede, b. e. 33 ýylyň 14-nji nisanynda Isa Mesih Ýatlama agşamyny girizende, öz ölümi arkaly güýje girjek täze äht barada aýdýar. (Luka 22:20). Direlenden 50 gün geçenden soň, ýagny Atasynyň ýanyna baranyna 10 gün bolanda, ol Iýerusalimiň ýokarky otagynda ýygnanan şägirtlerine Ýehowadan alan mukaddes ruhyny berdi. (Res. iş. 2:1—4, 17, 33; 2 Kor. 3:6, 8, 9; Ýew. 2:3, 4).

Bu ähtiň bir tarapynda Ýehowa, beýleki tarapynda «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny Mesih bilen birlikde we bir bedende ýa-da ýygnakda bolan ruhda doglan mesihçiler dur (Ýew 8:10; 12:22—24; Gal. 6:15, 16; 3:26—28; Rim. 2:28, 29). Täze äht Isa Mesihiň döken ganynyň (gurban eden ýaşaýyş janyny) bahasyny gökde Ýehowa hödürlände güýje girýär (Mat. 26:28). Gökdäki ýaşaýyş üçin Hudaýyň saýlan her bir adamy (Ýew. 3:1), Mesihiň gurbany bilen berkidilen ähtiň agzasy bolýar. (Zeb. 50:5; Ýew. 9:14, 15, 26). Isa Mesih Täze ähtiň Töwellaçysy we (Ýew. 8:6; 9:15) Ybraýymdan gelmeli esasy nesil (Gal. 3:16). Ol Täze ähtiň töwellaçysy bolandygy üçin, bu ähtiň agzalaryna, Ybraýymyň hakyky nesliniň bölegi bolmaga kömek edýär (Ýew. 2:16; Gal. 3:29). Ýehowa-da olary dogry hasaplaýar (Rim. 5:1, 2; 8:33; Ýew. 10:16, 17).

jr sah. 173, 174, abz. 11, 12

Täze äht we sen

11 Täze ähtiň başga taraplary barada hem bilesiňiz gelýärmi? Täze äht bilen Musanyň kanun ähtiniň arasyndaky esasy aýratynlygy bilmek üçin, olaryň nirä ýazylandygyna üns bermeli. (Ýermeýa 31:33 okaň.) Kanun ähte degişli on sany tabşyryk wagtyň geçmegi bilen ýitip giden iki sany daş bölegine ýazylýar. Emma Täze ähtiň kanuny bolsa, Ýeremýa pygamberiň aýdyşy ýaly, adamlaryň ýüregine ýazylyp, hemişe güýjini ýitirmän saklamalydy. Täze ähte gatnaşýan mesh edilen mesihçiler bu kanuny çuňňur gymmat saýýarlar. Onda ýerde ýaşamaga umyt edýän we bu täze ähte gatnaşmaýan «başga goýunlar» barada näme diýse bolar? (Ýah. 10:16). Olar hem Hudaýyň kanunyny gowy görýärler. Olary belli bir manyda Musanyň kanunyny kabul edip, ýagşylyklary dadan gelmişekler bilen deňeşdirip bolýar (Lew. 24:22; San. 15:15).

12 Mesh edilen mesihçileriň ýüregine nähili kanun ýazylýar? Oňa «Mesihiň Kanuny» hem diýilýär. Başda ol täze ähte gatnaşýan ruhy ysraýyla berildi (Gal. 6:2; Rim. 2:28, 29). «Mesihiň Kanunyny» bolsa, bir söz bilen aýdanyňda, «söýgi» diýse bolýar (Mat. 22:36—39). Ýöne bu kanun mesh edilenleriň ýüreginde haýsy manyda ýazylan? Haçanda olar Hudaýyň sözüni öwrenip we doga edip Hudaýa ýakynlaşanlarynda, kanun olaryň ýüregine ýazylýar diýse bolar. Ine şol sebäpli doga we şahsy okuw hakyky mesihçileriň durmuşynda esasy oryn tutmaly, hatda olar täze ähte gatnaşmasalar-da onuň gymmatyny bilip, hemişe wajyp hasaplamaly.

jr sah. 177, abz. 18

Täze äht we sen

18 Şeýlelik bilen, täze äht bize Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini açyp görkezýär. Bu äht arkaly Ýehowanyň mesh edilenlere we ýerde ýaşamaga umyt edýänlere bolan garaýşyny görse bolýar. Eger-de Ýehowa seniň günäleriňi bagyşlan bolsa, onda ol bu barada saňa hiç haçan ýatlatmajakdygyna ynanyp bilersiň. Bu wadada biziň her birimiz üçin wajyp sapak bar. Özüňden çynlakaý sorap gör: «Men Ýehowadan görelde almaga çalyşýarynmy? Eger-de men adamyň günälerini bagyşlaýaryn diýen bolsam, onda men ýene-de oňa geçen günäleri ýatladyp durarynmy?» (Mat. 6:14, 15). Bu kiçiräk ýalňyşlara-da we biwepalyk ýaly agyr günälere-de degişli. Eger-de günäsiz är-aýalyň biri toba eden ýanýoldaşyny bagyşlan bolsa, onda oňa bu günäsi barada ýatladyp durmasa dogry bolardy. Elbetde, günäleri arkamyza atyp göýbermek aňsat bolanok, ýöne şeýle etsek biziň Ýehowadan görelde aldygymyz bolar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w96 1/5 sah. 11, abz. 5

Hudaý we Kaýsar

5 Ýüzlerçe ýyl geçenden soň, Ýehowa wepaly Ýermeýa pygamberine Wawylon ýesirligindäki ýewreýlere hökümdarlara tabyn bolmagy we Wawylonda parahatlyk bolmagy barada dileg etmekleri barada aýtmaga höweslendirdi. Pygamber olara şeýle ýazdy: «Söweşiji we Ysraýyl Hudaýy ýesir edip äkidilen ähli adamlaryma şeýle diýýär... ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Ýehowa dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr» (Ýermeýa 29:4, 7, Arhimandrita Makariniň terjimesi). Ýehowanyň halky oňa ekrin sežde etmek üçin hemişe özleri we ýaşaýan ýurdy üçin «parahatlygy gözlemeli» ’ bolýardylar. (1 Petrus 3:11).

g 6/12 sah. 14, abz. 1, 2

Ýerine ýetişi: Wawylon ýesirligine düşen Ýehudylar 70 ýyl (b. e. öň 607—537 ý.) gutaranda pars patyşasy Kir tarapyndan boşadyldylar. Ol ysraýyllylara dogdyk ýurdyna dolanmaga we Iýerusalimiň ybadathanasyny täzeden dikletmäge rugsat berýär (Ezra 1:2—4).

Taryhyň şaýatlygy

Emma hakykatdanam Mukaddes Ýazgylaryň aýdyşy ýaly, ysraýyllylar wawylon ýesirliginde 70 ýyl boldylarmy? Ysraýyl arheolygyny alyp barýanlaryň biri bolan Efraim Ştern şeýle diýýär: «B. e. öň 604—538 ýyl aralygynda bu ýerde ýaşaýyş bolandygynyň hiç hili subutnamasy ýok. Şol döwürde Wawylonyň weýran eden şäherleriniň birinde hem ýaşalmady. Ýaşaýşyň bolmandygy b. e. öň 604-537 ýylda bolan wawylon ýesirligine gabat gelmegi haýran galdyrýar (2 Ýyl. 36:20, 21).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş