Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowa meniň paýymdyr
    Garawul diňi — 2011 | 15 sentýabr
    • Ýehowany öz paýy hasaplan lewiler

      8. Lewili Asaf näme üçin biynjalyk bolupdyr?

      8 Lewi taýpasy Ýehowany öz paýy hasaplapdyr. Emma käbir lewiler «Ýehowa meniň paýymdyr» diýmek bilen, Hudaýa wepalydygyny we Oňa bil baglaýandygygyny görkezýärdi (Ýerem. ag. 3:24). Mukaddes Ýazgylarda sazanda we aýdymçy bolan bir lewiniň Ýehowany öz paýy hasaplandygy barada aýdylýar. Belki-de, ol Asafdyr ýa-da onuň maşgalasyndan biri bolan bolmagy-da mümkin. Ol Dawut patyşanyň döwründe lewileriň baş aýdymçysy (horuň ýolbaşçysy) bolupdyr (1 Tar. 6:31—43). Biz 73-nji mezmurda Asafyň erbet adamlaryň gowy ýaşaýşyna gözi gidendigi barada okaýarys. Ol hatda: «Men, elbetde, biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum» diýipdir. Asaf Ýehowanyň tabşyran ýumşunyň örän möhümdigini ýatdan çykaran bolmaly. Ol Ýehowanyň öz paýydygyny unudypdyr. Ol tä «Hudaýyň mukaddes mekanyna girýänçä» biynjalyk bolupdyr (Zeb. 73:2, 3, 12, 13, 16, 17).

  • Ýehowa meniň paýymdyr
    Garawul diňi — 2011 | 15 sentýabr
    • 11. Ýeremiýa Ýehowadan näme sorady we Ýehowa oňa näme jogap berdi?

      11 Lewi taýpasyndan bolan Ýeremiýa pygamber hem: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi. Ol nämäni göz öňünde tutdy? Ol Iýerusalimiň golaýynda lewilere degişli Anatot şäherinde ýaşaýardy (Ýerem. 1:1). Ýeremiýa Ýehowadan erbet adamlaryň gowy ýaşaýandygynyň, ýagşy adamlaryň bolsa ejir çekýändiginiň sebäbini sorady (Ýerem. 12:1). Ol Iýerusalim bilen Ýahudada bolýan zatlary görende Ýehowa nägilelik bildirdi. Ýeremiýa Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny bilýärdi. Ýehowa Ýeremiýanyň soragyna jogap berip, oňa heläk ediji habary aýtmagy tabşyrdy. Soňra Ol aýdanlaryny berjaý etdi. Ýehowa gulak asan adamlary halas etdi, duýduryşyna üns bermedik zalym adamlary bolsa ýok etdi (Ýerem. 21:9).

      12, 13. a) Näme üçin Ýeremiýa: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi we onuň garaýşy nähilidi? b) Ysraýylyň ähli taýpalarynda nähili garaýyş bolmalydy?

      12 Ýeremiýa dogduk mekanynyň boşap, haraba öwrülendigini görende, özüni garaňkylykda ýören ýaly duýdy. Ol Ýehowa meni «gabyrda ýatan ölüler kimin etdi» diýdi (Ýerem. ag. 1:1, 16; 3:6). Ýeremiýa ysraýyllylary gökdäki Atasyna dolanmaga çagyrsa-da, olar erbet ýolundan dönmediler. Şol sebäpli Ýehowa Iýerusalim bilen Ýahudany ýok etdi. Ýeremiýa dogrulyk etse-de, bu zatlar onuň ýüregini paralady. Emma ol gamgyn halda-da: «Biz ýok bolmadyk» diýdi. Ýeremiýa Ýehowanyň merhemetiniň «her gün irden täzelenýändigi» barada aýtdy. Soňra ol: «Meniň paýym Ýehowadyr» diýdi. Diýmek, onda aýratyn gymmatly zat bardy, ýagny ol Ýehowanyň pygamberi bolup hyzmat edýärdi (Ýeremiýanyň agysy 3:22—24-nji aýatlary okaň)c.

      13 Ysraýyllylaryň dogduk mekany 70 ýyllap harabaçylykda boşap galmalydy (Ýerem. 25:11). Emma Ýeremiýanyň «Meniň paýym Ýehowadyr» diýen sözleri Ýehowa bil baglaýandygyny görkezýärdi. Bu oňa «garaşmaga», ýagny Ýehowanyň gelerine sabyrly bolmaga kömek etdi. Ysraýylyň ähli taýpalary alan mirasyny ýitirdiler, indi olar Ýeremiýanyňky ýaly garaýyşda bolmalydylar. Olaryň ýeke-täk umydy Ýehowady. 70 ýyl geçenden soň, olara dogduk mekanyna dolanmaga we ol ýerde Ýehowa sežde etmäge mümkinçilik berildi (2 Tar. 36:20—23).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş