Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ony «çopan edip bellärin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 5. Mataly gürrüň beriň.

      5 Hyzkyl 17:3—10-njy aýatlary okaň. Matal şundan ybarat: «äpet bürgüt» kedr agajynyň iň ýokarky şahasyny ýolup, «täjirleriň ýurdunda» ekýär. Soňra bürgüt «ýurduň tohumyndan alyp», mes topraga, «çeşmäniň ýakasyna» ekýär. Tohum gögerip, boý alýar we «çyrmaşyp ösýän üzüm agajy» bolýar. Soňra başga bir «äpet bürgüt» peýda bolýar. Şonda ýaňky üzüm agajy bol suwly, mes toprakly ýerde oturdylmagyny isläp, köklerini höwes bilen ikinji «bürgüde tarap» uzadýar. Ýehowa üzüm agajyny näletläp, onuň köki bilen sogruljakdygyny we «bütinleý gurajakdygyny» aýdýar.

      Bürgüt kedr agajynyň şahasyny äkidip barýar.

      Birinji äpet bürgüt Wawilon patyşasy Nawuhodonosory aňladýar (6-njy abzasa serediň)

      6. Matal näme aňladýar?

      6 Hyzkylyň gürrüň beren mataly näme aňladýar? (Hyzkyl 17:11—15-nji aýatlary okaň). B. e. öň 617-nji ýylda Wawilon patyşasy Nawuhodonosor (birinji «äpet bürgüt») Iýerusalimi gabaýar. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny («iň ýokarky şahany») tagtdan düşürip, Wawilona («täjirleriň ýurduna») äkidýär. Soňra Nawuhodonosor Sadykýary («ýurduň tohumyndan», ýagny şa neslinden birini) Iýerusalime patyşa belleýär. Ýahudanyň täze patyşasy Hudaýyň adyndan ant içip, Nawuhodonosora tabyn boljakdygyny söz berýär (2 Tar. 36:13). Ýöne Sadykýar sözünde durman, Wawilona garşy gozgalaň turzup, Müsür faraonyndan (ikinji «äpet bürgütden») kömek soraýar. Emma onuň eden tamasy puja çykýar. Ýehowa Sadykýary sözünde durman, dönüklik edendigi üçin höküm edýär (Hyz. 17:16—21). Sadykýar tagtdan düşürilip, Wawilonda zyndandaka aradan çykýar (Ýer. 52:6—11).

  • Mesih bilen bagly pygamberlik. Beýik kedr agajy
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
      • Bürgüt kedr agajynyň şahasyny Wawilona äkidip barýar.

        1. Nawuhodonosor Ýehoýakyny Wawilona äkidýär

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş