Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mesih bilen bagly pygamberlik. Beýik kedr agajy
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
      • Dagyň depesinde oturdylan kedr agajynyň şahasy.

        4. Ýehowa Ogluny gökdäki Sion dagynda oturdýar

  • Ony «çopan edip bellärin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 9 Pygamberlikde näme diýilýär? (Hyzkyl 17:22—24-nji aýatlary okaň). Indi äpet bürgütlere derek, Ýehowanyň özi hereket eder. Ol «beýik kedr agajynyň başyndan... bir ýaş şahany alyp, belent dagyň depesinde oturdar». Şaha ösüp, «beýik kedr agajy bolup ýetişer. Agaçda her dürli guşlar höwürtgelär». Şonda «ähli agaçlar» ony Ýehowanyň ösdürendigini biler.

      10 Pygamberlik nädip ýerine ýetýär? Ýehowa Ogly Isa Mesihi Dawut patyşanyň neslinden («beýik kedr agajyndan») alyp, gökdäki Sion dagynda («belent dagyň depesinde») oturtdy (Zeb. 2:6; Ýer. 23:5; Ylh. 14:1). Duşmanlary pes hasaplasa-da, Ýehowa Ogluna «atasy Dawudyň tagtyny berip» beýgeltdi (Dan. 4:17; Luka 1:32, 33). Kedr agajynyň beýik bolşy ýaly, Patyşamyz Mesih hem gökden hökümdarlyk edip, ýer ýüzündäki raýatlaryna bol bereket eçiler. Dogrudanam, şeýle Hökümdara doly bil baglap bolýar. Isanyň hökümdarlygynda Hudaýa gulak asýan adamlar «asuda ýaşar, betbagtçylyk döwri kalby rahat bolar» (Nak. 1:33).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş