Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Olary «bir halk ederin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 5. Hyzkylyň eden hereketi näme aňladýar? («Iki taýagyň birleşmegi» diýen çarçuwa serediň).

      5 Soňra Ýehowa taýaklary näme üçin birleşdirýändigini düşündirdi (Hyzkyl 37:21, 22-nji aýatlary okaň). Iki taýpaly Ýahuda patyşalygy bilen on taýpaly Ysraýyl, ýagny Efraýym patyşalygyndaky sürgün edilenler Ysraýyl ýurduna gelip, «bir halk» bolmalydy (Ýer. 30:1—3; 31:2—9; 33:7).

  • Olary «bir halk ederin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 7. 1 Taryh 9:2, 3-nji aýatlar Hudaýyň «ähli zady başarýandygyny» nädip subut edýär?

      7 Ynsan üçin halkyň sürgünden azat bolmagy we ýurdunda agzybir ýaşamagy bolmajak zat ýalydya. «Ýöne Hudaý ähli zady başarýar» (Mat. 19:26). Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. B. e. öň 537-nji ýylda Wawilon ýesirligi gutaransoň, iki patyşalygyň hem raýatlary arassa seždäni dikeltmek üçin Iýerusalime geldi. Muny «Ýahudanyň, Benýaminiň, Efraýymyň we Manaşanyň nesilleriniň käbiri Iýerusalimde ýaşady» diýen sözler subut edýär (1 Tar. 9:2, 3; Hyd. 6:17). Dogrudanam, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, on taýpaly Ysraýyl patyşalygy bilen iki taýpaly Ýahuda patyşalygynyň raýatlary birleşip, agzybir boldy.

      8. a) Işaýa näme hakda pygamberlik etdi? b) Hyzkyl 37:21-den nähili iki wajyp zady bilse bolýar?

      8 Ýesirlikden soň Ysraýyla we Ýahuda näme boljakdygyny Işaýa pygamber takmynan 200 ýyl öňünden aýdypdy. Ol Ýehowanyň «ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny» we «çar tarapa dargan ýahuda halkyny», şol sanda «Assiriýadakylary» hem ýygnajakdygyny pygamberlik edýär (Işa. 11:12, 13, 16). Ýehowa aýdyşy ýaly, «ysraýyllary halklaryň arasyndan... ýygnady» (Hyz. 37:21). Iki wajyp zada üns beriň: Ýehowa indi sürgündäkilere «ýahudalar» we «efraýymlar» däl-de, «ysraýyllar» diýip, olara bir halk hökmünde ýüzlenýär. Şeýle-de ysraýyllaryň diňe Wawilondan däl-de, «dumly-duşdan», ýagny dürli halklaryň arasyndan gelendigi aýdylýar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş