Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Äjit, men saňa garşy söweşerin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • Hudaýyň halkyna hüjüm ediler

      11. Pygamberlige görä, Äjit nähili halka hüjüm eder?

      11 Mäjit ýurdundaky Äjit Ýehowanyň eziz görýän halkyna hüjüm edip, Onuň gahar-gazabyny tutaşdyrar. Muny 3-nji abzasdan bildik. Geliň, Hyzkylyň pygamberliginden şol halk barada bileliň (Hyzkyl 38:8—12-nji aýatlary okaň). Olar dürli milletlerden ýygnanan, halklaryň arasyndan çykarylan we asuda ýaşaýan adamlardy. Halk diwarsyz, derwezesiz we kiltsiz obalarda arkaýyn ýaşaýardy, özem juda baýdy. Äjidem şonuň üçin olara hüjüm eder. Biz pygamberlikden bütin ýer ýüzündäki Ýehowa arassa sežde edýän adamlar hakda nämäni bilmeli?

      12. Ýehowanyň geçmişde ysraýyl halkyna beren wadasy nädip berjaý boldy?

      12 Geliň, geçmişde ýurduna dolanyp gelen ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olar ençeme asyrlap Ýehowanyň miras beren ýurdunda rahat ýaşaýardylar we Hudaýa sežde edýärdiler. Ysraýyllar biwepalyk edendigi üçin Ýehowa Hyzkyl arkaly olaryň ýurdunyň weýran edilip, haraba boljakdygyny aýdýar (Hyz. 33:27—29). Ýöne Ýehowa toba eden adamlary Wawilon ýesirliginden azat edip, ýurtda arassa seždäni dikeltjekdigini wada berýär. Ýehowa ýurdy bereketläp, «Erem bagy ýaly» gülzarlyga öwrer (Hyz. 36:34—36). B. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Iýerusalime dolanyp, ata watanynda arassa seždäni dikeltdiler.

      13, 14. a) Biz ruhy jennetde nähili bereketleri alýarys? b) Ýehowa halkyny näme üçin gowy görýär?

      13 Biziň günlerimizde hem Ýehowa arassa seždäni dikeltdi. Hudaýyň halky ençeme asyrlap Beýik Wawilonyň ýesirliginde boldy. Ýöne biz 9-njy bapdan 1919-njy ýylda Hudaýyň halkyny azat edendigini bildik. Şol ýyl Ýehowa halkyny ruhy jennete getirdi. Biz ruhy jennetde bol bereketleri alýarys, asuda ýaşaýarys we hak Hudaýa sežde edýäris. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýarys, kalbymyz hem rahat. Şeýle-de bol ruhy iýmiti alýarys, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, şatlyk tapýarys. Hawa, biz Nakyllar kitabyndaky sözleriň dogrudygyna göz ýetirýäris: «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» (Nak. 10:22). Biz dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasagam, arassa seždäni goldasak, ruhy jennetden lezzet alarys.

      14 Ýehowa halkyny juda gowy görýär. Olary halklaryň arasyndan saýlap, dürdäne hasaplaýar (Hag. 2:7; Ýah. 6:44). Olar Ýehowadan görelde alyp, ýagşy häsiýetleri ösdürmäge jan edýärler (Efes. 4:23, 24; 5:1, 2). Hudaýa arassa sežde edýän adamlar oňa jany-teni bilen gulluk edip, adyny şöhratlandyrýarlar we söýgüsini görkezýärler (Rim. 12:1, 2; 1 Ýah. 5:3). Ýehowa ruhy jennetiň gülläp ösmegi üçin agyr zähmet çekýän gullukçylaryna örän buýsanýar. Hawa, arassa seždäni ähli zatdan wajyp saýyp, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak biziň üçin uly hormat (Nak. 27:11).

      Suratlar: Ýehowanyň gullukçylary. 1. Dogan-uýalar Ýygnak jaýynda. 2. Dogan-uýalar Ýygnak jaýynyň işlerine kömek edýärler. 3. Dogan türmede doga edýär. 4. Mesihçi är-aýal keselhanadaky uýany görmäge gelýär.

      Biz nirede ýaşasak-da, arassa seždäni goldap, ruhy jennetden lezzet alýarys (13, 14-nji abzaslara serediň)

  • «Äjit, men saňa garşy söweşerin»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 16 Mäjit ýurdundaky Äjit Hudaýyň halkyna haçan hüjüm eder? Pygamberlikde Äjidiň «soňky günlerde» Hudaýyň halkyna çozjakdygy aýdylýar (Hyz. 38:16). Aýatda soňky günler diýlende, dünýäniň ahyry göz öňüne tutulýar. Ýalan diniň dünýä imperiýasy Beýik Wawilon ýok edilende uly betbagtçylyk başlar. Ýalan dinler ýok edilensoň, Armageddon başlamanka, Äjit Hudaýyň gullukçylaryny bütinleý gyryp taşlamak üçin soňky gezek hüjüm eder.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş