Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 6. a) Pygamberlik bizi nämä ynandyrýar? b) Pygamberlikden ýene nämäni bilse bolýar? (Çykgyda serediň).

      6 Ýaşaýyş berýän çeşme. Hyzkyl görnüşde çeşmäniň Öli deňzine guýup, ony janly-jandarlardan doldurýandygyny gördi. Beýik deňizde, ýagny Ortaýer deňzinde bolşy ýaly, çeşmäniň guýan ýeri hem dürli balyklardan dolýar. Adamlar Öli deňziniň kenarynda durup, biri-birinden uzakda ýerleşýän iki şäheriň arasynda balyk tutýardylar. Perişde: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýehowanyň ybadathanasyndan akyp gaýdan çeşme deňziň suwuny tutuşlygyna süýjedermi? Ýok. Perişde deňziň kenaryndaky batgaly ýerlere süýji suwuň barmajagyny, şol ýerleriň «şorlugyna galjagyny» aýdýarb (Hyz. 47:8—11). Şu pygamberlik arassa seždäniň adamlary janlandyryp, ruhy taýdan dikeltjegine ynandyrýar. Ýöne pygamberlikden Ýehowanyň bereketlerini hemmeleriň kabul etmejegini, hemme adamlaryň sagalmajagyny bilse bolýar.

  • Çeşmäniň suwy barha köpelýär
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • Ýaşaýyş berýän çeşme

      GEÇMIŞDE: Gulak asýan adamlaryň sany artdygyça, Ýehowa-da köp bereket berip, ruhy taýdan aladasyny edýärdi

      ŞU GÜNLER: Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar günsaýyn köpelse-de, Ýehowanyň bereketlerini alyp, ruhy taýdan berkeýär

      GELEJEKDE: Armageddonda halas bolanlar bilen millionlarça direlen adamlar Ýehowanyň egsilmez bereketlerini alar

  • «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 12. a) Hudaýyň Sözündäki hakykat adamlaryň ýüregine nähili täsir edýär? b) Görnüşden ýene näme bildik? (Çykgyda hem serediň).

      12 Ýaşaýyş berýän çeşme. Perişde Hyzkyla: «Çeşmäniň guýan ýerleri janly-jandarlardan dolar» diýýär. Ýaşaýyş berýän suwuň ruhy jennetdäki adamlaryň durmuşyna täsir edişi hakda oýlanyp görüň. Mukaddes Kitapdaky hakykatlar millionlarça adamlaryň ýüregine täsir edip, Ýehowa imanyny berkitdi. Ýöne görnüşden şol hakykaty hemme adamlaryň kabul etmejegini hem bilipdik. Görnüşde Hyzkyl Öli deňziniň kenarynda palçykly, batgaly ýerleri görüpdi. Mundan köp adamlaryň Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilmejegini, ondan ýüz öwürjegini bilse bolýarc. Geliň, hiç haçan hakykat ýolundan ýüz öwürmäliň (5 Musa 10:16—18-nji aýatlary okaň).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş