Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Ýurdy miras hökmünde paýlaşyň»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • «Ýurt... size miras galar»

      5, 6. a) Hyzkylyň görnüşinde näme wada berildi? (Babyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi?

      5 Hyzkyl 47:14-i okaň. Görnüşde Ýehowa Hyzkyla «Erem bagy ýaly» boljak ýurt hakda aýdýar (Hyz. 36:35). Ol şeýle diýýär: «Şu ýurdy ysraýylyň 12 taýpasyna miras hökmünde bölüp beriň» (Hyz. 47:13). Şol «ýurt» sürgünden dolanyp baran ysraýyllaryň dogduk mekanydy. Soňra Hyzkyl 47:15—21-nji aýatlarda Ýehowa tutuş ýurduň serhedi hakda jikme-jik aýtdy.

      6 Ýehowa näme üçin ýurduň paýlanmagy baradaky görnüşi görkezdi? Ýurduň serhediniň jikme-jik aýdylmagy Hyzkyl bilen ildeşleriniň watanyna dolanyp, ony dikeltjekdigine ynamyny hasam artdyrandyr. Sürgündäkiler Ýehowanyň şu wadasy hakda eşidende, gör, nähili begenendir! Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ýurt ysraýyllara miras hökmünde paýlandymy? Hawa.

      Çeşme mülk hökmünde paýlanan ýurduň içinden geçip deňze guýýar.

      7. a) B. e. öň 537-nji ýylda bolan wakalar nämäni ýatladýar? b) Ilki bilen haýsy soragyň jogabyny bileris?

      7 Hyzkylyň görnüş görenine 56 ýyl töweregi wagt geçipdi. B. e. öň 537-nji ýylda sürgündäki müňlerçe ysraýyllar ýuwaş-ýuwaşdan watanyna dolandy. Şol tolgundyryjy wakalar Hudaýyň häzirki halkynyň gazanýan üstünliklerini ýatladýar. Olara-da göçme manyda ýer paýlandy. Nädip? Ýehowa gullukçylaryna ruhy jenneti miras berdi. Geçmişde Wada edilen ýurduň dikeldilmeginden ruhy jennetiň dikeldilmegi hakda köp zatlary öwrenýäris. Ýöne, ilki, şu soragyň jogabyny bileliň: ruhy jennetde ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris?

      8. a) Ýehowa ysraýyl halkyna derek kimi saýlady? b) Hudaý olara nähili ýurdy miras berdi? ç) Ruhy jennet haçan döredildi we onda kimler ýaşaýar?

      8 Ýehowa Hyzkyla Ysraýylyň dikeldiljekdigi hakdaky pygamberlikleriň «guly Dawut» patyşa bolanda uly möçberde ýerine ýetjekdigini aýtdy (Hyz. 37:24). Şol pygamberlikler 1914-nji ýylda Isa Mesih patyşa bolanda ýerine ýetip başlady. Ýöne şondan öň Ýehowa ysraýyl halkyna derek ruhy Ysraýyly saýlady (Matta 21:43; 1 Petrus 2:9-njy aýatlary okaň). Ýehowa saýlanan mesihçilere Ysraýyl ýurduny däl-de, ruhy jenneti miras berdi (Işa. 66:8). 17-nji bapdan bilşimiz ýaly, 1919-njy ýyldan bäri saýlanan mesihçileriň galyndysy ruhy jennetde Ýehowa agzybirlikde sežde edýär («1919-njy ýylda azat edilýär» diýen 9B çarçuwa serediň). Şondan soň ruhy jennetde ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» hem ýaşap başlaýar (Ýah. 10:16). Ruhy jennet gitdigiçe gülläp ösýär. Armageddondan soň onuň ilaty mundanam köp bereketleri alar.

  • «Ýurdy miras hökmünde paýlaşyň»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 13 Ýurt. Ýehowa Musa pygambere her taýpa adam sanyna görä mülk bermegi tabşyrdy (4 Mus. 26:52—54). Emma Hyzkylyň görnüşinde Ýehowa her taýpa «doganynyňky ýaly» ýer bermegi tabşyrdy (Hyz. 47:14, çykgyt). Diýmek, 12 taýpa demirgazykdan günorta çenli ýerler deň bölünip berildi. 12 taýpanyň ählisine-de Wada edilen ýurtdan bol hasyl berýän, mes toprakly ýerler düşüpdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş