-
«Olaryň edýän zalym we ýigrenji işlerini gör»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
Üçünji ýagdaý: «Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallar»
13. Hyzkyl ybadathanada ýene nähili ýigrenji işleri gördi?
13 Hyzkyl 8:13, 14-nji aýatlary okaň. Halkyň edýän ýigrenji işleriniň ikisini görkezensoň, Ýehowa ýene-de Hyzkyla: «Sen olaryň edýän ýigrenji işlerindenem beter elhenç zatlary görersiň» diýdi. Pygamber näme gördi? Ol «Ýehowanyň öýüniň demirgazyk derwezesiniň agzynda... Tammuz taňrysy üçin dady-perýat edýän aýallary gördi». Mesopotamiýadaky halklaryň taňrysy Tammuzd hasyl taňrysy Iştaryň äri hasaplanypdyr. Ysraýyl aýallary dady-perýat edip, Tammuzyň ölümi bilen bagly däp-dessurlary berjaý eden bolmaly. Şol dini däp-dessurlar ybadathanada edilse-de, Hudaýa ýaramaýardy. Aýallar arassa seždäniň mekanynda Tammuz taňrysyna ahy-nala edip, butparazlyk edýärdiler. Dogrudanam, Ýehowa biwepalyk eden aýallar «elhenç zatlary» etdiler.
14. Ýehowanyň aýallaryň eden işini nejis hasaplamagyndan näme öwrenýäris?
14 Ýehowanyň aýallaryň eden işini nejis hasaplamagyndan näme öwrenýäris? Hudaýa arassa sežde etmek islesek, hiç wagt ony ýalan däp-dessurlar bilen garmaly däl. Munuň üçin ýalan dinlerden gelip çykan däp-dessurlara hem goşulmaly däl. Däp-dessurlaryň gelip çykyşyna üns bermelimi? Hawa, şu günler gurban baýramy, oraza baýramy, täze ýyl we doglan gün bilen bagly edilýän däp-dessurlar erbet däl ýaly bolup görünýär. Emma Ýehowa giňden ýaýran ýalan däp-dessurlaryň gelip çykyşyny bilýär. Adamlar olary ençeme ýyl bäri berjaý etse-de, arassa sežde bilen garsa-da, olar Ýehowa üçin barybir haram (2 Kor. 6:17; Ylh. 18:2, 4).
-