Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Adamlaryň maňlaýyna bellik goý»
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • 16. Ýehowanyň Şaýatlary halas boljak adamlara bellik goýýarmy? Düşündiriň.

      16 Ýehowanyň halky halas boljak adamlara bellik goýmaýar. Hudaý Hyzkyl pygamberi adamlara bellik goýmak üçin Iýerusalime ibermändi. Ol häzirki gullukçylaryna-da halas bolmaga mynasyp adamlara bellik goýmagy tabşyrmaýar. Ýöne biz Mesihiň öýdäki hyzmatkärleri hökmünde wagyz edýäris. Biz Hudaýyň tabşyran işine çynlakaý garaýarys. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz edip, adamlara zalym dünýäniň soňunyň golaýlap gelýändigini duýdurýarys (Mat. 24:14; 28:18—20). Şeýdip, akýürekli adamlara Hudaýa arassa sežde etmäge kömek edýäris (1 Tim. 4:16).

      Uýa suwa çümdürilýär.

      16B ÇARÇUWA: Adamlar haçan we nädip ahy-nala çekýär, bellik alýar, ýok edilýär?

      17. Gelejekde halas bolar ýaly adamlar näme etmeli?

      17 Uly betbagtçylykda halas bolmak üçin Hudaýa iman edýändigiňi subut etmeli. Bilşimiz ýaly, b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilende käbir adamlar halas bolupdy, sebäbi olar şondan öňem erbetligi ýigrenýärdiler we Hudaýa arassa sežde edýärdiler. Şu günlerem adamlar uly betbagtçylyk gelmänkä, «ahy-nala çekmeli», dünýädäki adalatsyzlyga ýürekden gynanmaly. Şeýle-de olar arassa seždäniň tarapyny tutmaly. Nädip? Olar hoş habary diňlemeli, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmeli we Mesihiň doganlaryny goldamaly (Hyz. 9:4; Mat. 25:34—40; Efes. 4:22—24; 1 Pet. 3:21). Şeýle ädimleri äden adam arassa seždäniň tarapyny tutýar we uly betbagtçylykda halas bolup bilýär.

      18. a) Isa wepaly adamlara haçan we nädip bellik goýar? b) Wepaly galan saýlananlar bellik alarmy? Düşündiriň.

      18 Wepaly adamlara Isa Mesih bellik goýar. Hyzkyl pygamberiň döwründe Hudaýa wepaly galan adamlara perişdeler bellik goýupdy. Gelejekde Isa Mesih milletleriň Kazysy hökmünde «uly ygtyýar bilen gelip», syýa gaply adamyň işini eder (Mat. 25:31—33). Ýöne şondan öň ýalan din ýok edilip, uly betbagtçylyk başlar, soňra Isa Mesih gelerc. Armageddon başlamazdan öň, Isa çopan kimin geçileri goýunlardan saýlap, höküm çykarar. Şonda «uly märekä», ýagny goýunlara «ebedi ýaşaýşa gowşar» ýaly bellik goýar (Ylh. 7:9—14; Mat. 25:34—40, 46). Wepaly galan saýlananlara näme bolar? Olara Armageddonda halas bolmak üçin bellik almak gerek däl, sebäbi olara ýa aradan çykmanka, ýa-da uly betbagtçylykdan öň soňky möhür basylar. Diýmek, saýlananlar Armageddon başlamanka göge alnar (Ylh. 7:1—3).

  • Adamlar haçan we nädip ahy-nala çekýär, bellik alýar, ýok edilýär?
    Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
    • Syýa gaply adamyň elindäki galam.

      «Bellik almak»

      HAÇAN: Uly betbagtçylykda

      NÄDIP: Görnüşdäki syýa gaply adam Isa Mesihi aňladýar. Ol Kazy hökmünde milletleri höküm etmäge geler. Isa Armageddonda halas bolar ýaly uly märekä bellik goýar

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş