-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2016 | Iýun
-
-
Ezekiýel Iýerusalimde nejis işleriň ediljekdigi we şäheriň b. e. öň 607-nji ýylda weýran ediljekdigi hakda görnüş görýär. Ol görnüşde «elinde gyrýan ýaragy bolan alty adamy» we «eginbaşy zygyr matadan edilen», guşagynda «ýazuw esbaby» bolan başga bir adamy görýär (Ezek. 8:6—12; 9:2, 3). Hudaý bu adama: «Şäheriň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna bellik et» diýýär. Soňra Ol elinde gyrýan ýaragy bolan adamlara maňlaýynda bellik bolmadyklary öldürmegi tabşyrýar (Ezek. 9:4—7). Biz bu görnüşden näme öwrenýäris? Guşagynda ýazuw esbaby bolan adam kim?
Bu pygamberlik b. e. öň 612-nji ýylda aýdylypdy we şondan bäş ýyl geçensoň, wawilonlylar şäheri derbi-dagyn edende, bu pygamberlik ilkinji gezek ýerine ýetýär. Emma şäher wawilonlylar tarapyndan weýran edilen hem bolsa, olary Ýehowa ulanypdy (Ýer. 25:9, 15—18). Şeýdip, Ýehowa biwepalyk eden halkyna jeza berdi. Emma Hudaý halkynyň ählisini ýok etmeýär. Ol wepaly gullukçylarynyň erbetler bilen bilelikde ýok edilmegine ýol bermedi. Hawa, Ýehowa şäherdäki nejis işlere gatnaşmadyk ýehudylary halas edip, olary söýýändigini görkezdi.
Ezekiýel adamlara «bellik» goýmak işine-de gatnaşmady, şäheriň weýran bolanynam görmedi. Aslynda, bu iş perişdelere tabşyrylypdy. Emma bu pygamberlik bize gökde bolýan zatlary göz öňüne getirmäge kömek edýär. Ýehowa perişdelerine diňe bir zalym adamlary ýok etmegi däl, eýsem, dogry adamlary halas etmegi hem tabşyrdya.
-
-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2016 | Iýun
-
-
Öňler edebiýatlarymyzda bu pygamberligiň biziň günlerimizde berjaý bolýandygy we guşagynda «ýazuw esbaby» bolan adamyň mesh edilen mesihçileriň galyndysyny aňladýandygy aýdylypdy. Şeýle-de hoş habara seslenen adama şol wagt «bellik» goýulýandyr öýdýärdik. Emma soňky ýyllarda muňa täzeçe düşünip başladyk. Meselem, Matta 25:31—33-nji aýatlarda Isanyň adamlaryň üstünden höküm çykarjakdygy aýdylýar. Agyr muşakgatda olara soňky höküm çykarylar. Şonda Isa halas boljak dogry adamlary (goýunlary) ýygnar, erbetler (geçiler) bolsa ýok ediler.
-
-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2016 | Iýun
-
-
Ezekiýeliň döwründäki ýaly şu günlerem hiç bir adamyň maňlaýyna göni manyda bellik goýulmaýar. Onda adamlar göçme manydaky belligi alyp, halas bolmak üçin näme etmeli? Olar hoş habary kabul etmeli, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, Ýehowa özüni bagyş etmeli we Isanyň doganlaryna wepaly bolmaly (Mat. 25:35—40). Bu zatlary berjaý eden adamlaryň agyr muşakgatda halas bolmaklary üçin göçme manyda bellik goýlar.
Şu günler pygamberlikdäki guşagynda «ýazuw esbaby bolan adam» Isa Mesihi aňladýar. Agyr muşakgat başlanda, Isa goýunlary geçilerden saýlar we olara bellik goýar. Şeýdip, olara ýerde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler (Mat. 25:34, 46)b.
-
-
Okyjylaryň sowallaryGarawul diňi — 2016 | Iýun
-
-
a Meselem, maňlaýynda şeýle bellik bolmasa-da, Ýermeýanyň kätibi Baruk, efiopiýaly Ebetmelek we rekabiler halas bolupdy (Ýer. 35:1—19; 39:15—18; 45:1—5). Olara göçme manyda bellik goýlupdy.
-