Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/7 sah. 3—7
  • Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Resullaryň ulanan usuly
  • Häzirki döwürde çekirtge goşuny
  • Gutulyş üçin bellik
  • Geljekde uly wakalar garaşýar
  • Öýden-öýe wagyz etmek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Öýden-öýe dyngysyz wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/7 sah. 3—7

Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?

«Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe ders bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler» (RES. IŞ. 5:42).

1, 2. a) Ýehowanyň Güwäçileri wagyz etmegiň haýsy usuly bilen tanalýar? b) Bu makalada nämä serederis?

MUNY bütin dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly görse bolýar. Arassa geýnüwli iki adam bir öýe baryp, öýüň eýesine Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary gysgaça aýdýar. Öý eýesi Hoş habar bilen gyzyklansa, olar Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty hödür edip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edýärler. Soňra olar indiki öýe barýar. Sen-de şeýle wagyz edýän bolsaň, köplenç adamlar seniň Ýehowanyň Güwäçisidigiňi, entek olar bilen gepleşmänkäň bilendigine birnäçe sapar duş gelensiň. Sebäbi Ýehowanyň Güwäçileri öýden-öýe wagyz etmek bilen tanalýar.

2 Biz Isanyň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak barada beren ýumşuny dürli usul bilen ýerine ýetirýäris (Mat. 28:19, 20). Biz bazarlarda, köçelerde we köp adamlaryň bolýan ýerlerinde wagyz edýäris (Res. iş. 17:17). Biz telefon we hat arkaly wagyz edýäris. Şeýle-de biz gündeki işler bilen meşgullanýan wagtymyz hem adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gürrüň berýäris. Hatda bizde 300-den gowrak dilde Mukaddes Ýazgylara esaslanan maglumatlary tapyp bolýan resmi Internet sahypamyz bara. Wagyzda bu usullar gowy netije berýär. Emma biziň gullugymyzyň esasy usuly — öýden-öýe wagyz etmek. Wagyz etmegiň şeýle usuly Mukaddes Ýazgylara esaslananmy? Bu usuly Hudaýyň gullukçylary nädip giňden ulanyp başladylar? Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?

Resullaryň ulanan usuly

3. Isa şägirtlerine wagyz etmek barada nähili görkezme berdi we biz mundan nähili netijä gelýäris?

3 Öýden-öýe wagyz etmek Mukaddes Ýazgylara esaslanan. Isa resullaryny wagyz etmäge iberende: «Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň» diýdi. Olar nädip mynasyplary sorap-idemelidi? Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bir öýe gireniňizde, şol öýe salam beriň. Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler». Şägirtler adamlaryň olary öýüne çagyrmagyna garaşmalydymy? Isanyň indiki aýdan sözlerine üns beriň: «Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa şäherden çykyp barýarkaňyz aýaklaryňyzyň tozanyny kakyň» (Mat. 10:11—14). Isanyň sözlerinden anyk görnüşii ýaly, şägirtler «ýola düşüp, obama-oba aýlanyp, Hoş Habary yglan edip» adamlaryň öýüne çagyrmagyna garaşmaly däldi (Luka 9:6).

4. Öýden-öýe wagyz etmek hakynda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy kitabynda aýdylýar?

4 Mukaddes Ýazgylarda resullaryň öýden-öýe wagyz edendigi aýdylýar. Meselem, Resullaryň işleri 5:42-de şeýle diýilýär: «Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe ders bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler». Takmynan ýigrimi ýyl soňra, Pawlus resul Efesdäki ýygnagyň ýaşulularyna: «Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman, hemmesini size wagyz etdim... öýden-öýe size ders berdim» diýip ýatlatdy. Pawlus bu ýaşululary mesihçi bolmanka idedimi? Hawa, şeýle bolmagy mümkin. Çünki Pawlus olara öwredende «Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçýärin» diýdi (Res. iş. 20:20, 21). Robertsonyň işinde Resullaryň işleri 20:20-nji aýat barada: «Bu beýik wagyzçynyň öýden-öýe wagyz edendigini beläp geçmeli» diýilýär.

Häzirki döwürde çekirtge goşuny

5. Ýowel pygamber wagyz işini nähili suratlandyrdy?

5 I asyrdaky wagyz işi şu günler uly möçberde edilmeli wagzyň nusgasydy. Ýowel pygamber mesh edilenleriň wagyz işini weýran edýän mör-möjekleriň we çekirtgäniň çozuşyna meňzedýär (Ýowel 1:4). Çekirtge goşun kimin ähli böwetlerden geçip, öýlere girýär we ýolda duşýan ähli zatlary ýok edýär (Ýowel 2:2, 7—9-njy aýatlaryň okaň)b. Bu Hudaýyň halkynyň häzirki döwürde erjellik we yhlasly wagyz edişini, nähili gowy suratlandyrýar! Şu günler bu pygamberlik mesh edilen mesihçileriň we olaryň kömekçileri bolan «başga goýunlaryň», esasanam, öýden-öýe wagyz etmegi bilen ýerine ýetýär (Ýahýa 10:16). Resullaryň bu usulyny Ýehowanyň Güwäçileri nädip ulanyp başlady?

6. 1922-nji ýylda öýden-öýe wagyz etmeklik barada nähili maslahat berildi we käbir mesihçiler muňa nähili garady?

6 1919-njy ýyldan başlap, her bir mesihçiniň hoş habary wagyz etmäge borçludygy nygtalýar. Mysal üçin, 1922-nji ýylyň awgust aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Wagyz etmek biziň borjumyz» atly makalasynda mesh edilen mesihçilere «Çap edilen habary adamlara yhlasly ýaýratmaly we gapynyň agzynda olara Gökdäki Patyşalygyň golaýlaşandygy barada güwä geçmegiň» wajyplygy ýatladylýar. «Býulletende» (häzirki «Hudaýa gullugymyzda») wagyz üçin giňişleýin teklipler çap edilýär. Başda öýden-öýe wagyz edýänleriň sany azdy. Käbirleri öýden-öýe wagyz etmeýärdi. Olar öýden-öýe wagyz etmezlik üçin her hili bahana gözlese-de, aslynda, bu işi özüne kiçilik bilýärdiler. Köp wagyz etmäge üns berilýändigi üçin, olaryň köpüsi kem-kemden Ýehowanyň guramasyny terk etdiler.

7. 1950-nji ýyllarda näme aýan boldy?

7 Onlarça ýylyň dowamynda wagyz işi uly depginde geçirilýär. Emma her bir wagyzça öýden-öýe wagyz etmegi aýratyn öwretmegiň wajypdygy ýüze çykdy. Meselem, ABŞ-de bolan ýagdaýa seredeliň. 1950-nji ýyllaryň başlarynda, Ýehowanyň Güwäçileriniň 28 göterimi diňe habar beriş kagyzyny ýaýradyp, köçelerde žurnallary paýlaýardy. Olaryň 40 göterimden gowragy bolsa, birnäçe aýyň dowamynda yzygiderli wagyz etmeýärdi. Ähli mesihçä öýde-öýe wagyz eder ýaly nädip kömek bermelidi?

8, 9. 1953-nji ýylda nähili okuw programmasy geçirilip başlady we ol nähili netije berdi?

8 1953-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen halkara kongresde öýden-öýe wagyz etmeklige aýratyn üns berildi. Doganymyz Neýtan Norr mesihçi gözegçileriň ählisine her bir wagyzça öýden-öýe yzygiderli wagyz etmäge kömek etmegiň wajypdygyny nygtap, şeýle diýdi: «Her bir Ýehowanyň Güwäçisi hoş habary öýden-öýe wagyz edip bilmeli». Şu maksat bilen bütindünýä okuw programmasy geçirilip başlandy. Şol wagta çenli öýden-öýe wagyz etmediklere gapynyň öňünde nädip adamlar bilen gürrüň açmak, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikir alyşmak we olaryň soraglaryna jogap bermek barada öwredildi.

9 Bu okuw programmasy gowy netije berdi. On ýylyň içinde wagyzçylaryň sany 100 göterim, ikilenç idegiň sany 126 göterim we Mukaddes Ýazgylar okuwynyň sany 150 göterim köpeldi. Şu günler bütin dünýäde ýedi milliondan gowrak wagyzçylar hoş habary wagyz edýärler. Bu uly ösüş Ýehowanyň halkynyň öýden-öýe wagyz etmekde edýän tagallasyna ak pata berendigini subut edýär (Iş. 60:22).

Gutulyş üçin bellik

10, 11. a) Ezekiýel kitabynyň 9-njy babyna görä, Ezekiýele nähili görnüş berildi? b) Bu görnüş biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?

10 Öýden-öýe wagyz etmegiň wajyplygy Ezekiýele berlen görnüşden görse bolýar. Ezekiýel görnüşde eli ýaragly alty sany adamy we zygyr köýnekli ýedinji adamy gördi, onuň guşagynda mürzäniň syýa enjamy bardy. Zygyr köýnekli adama şeýle diýilýär: «Şäheri aýlanyp çyk... onda bolýan ýigernç zatlardan ah çekýän we nalaýan adamlaryň maňlaýyna bellik goý». Ýaragly alty adama bolsa, syýa enjamly adamyň yzyny eýerip, bellik goýulmadyk adamlary öldürmek tabşyrylýar (Ezekiýel 9:1—6-njy aýatlary okaň)c.

11 Biz pygamberlikdäki «zygyr köýnekli» adam mesh edilen mesihçileriň galyndysyny aňladýandygyny bilýäris. Diýmek, wagyz we täze şägirt taýýarlamak işi arkaly mesh edilen mesihçiler «başga goýunlara» goşulýanlara, göçme manyda, bellik goýýarlar (Ýahýa 10:16). Nähili bellik? Şeýle adamlara goýlan bellik olaryň täze ýaradylyşy geýnendigini we Isa Mesihiň suwda çokundyrylan şägirdi bolandygyny aýdyň görkezýär (Efes. 4:20—24). Başga goýunlar mesh edilenler bilen bir sürä goşulyp, olaryň wajyp işinde kömek edýär (Ylh. 22:17).

12. Maňlaýa bellik goýmak baradaky Ezekiýeliň gören görnüşi, akýürekli adamlary tapmagyň wajyplygyny nädip görkezýär?

12 Ezekiýeliň görnüşi şu günler näme üçin «ah çekýän we nalaýan adamlary» gözlemegiň wajyplygynyň bir sebäbini görkezýär. Muňa adamlaryň ýaşaýşy bagly. Tizden Ýehowanyň hökümini ýerine ýetiriji perişdelerini suratlandyrýan ýaragly alty adam, göçme manydaky belligi bolmadyk adamlary ýok eder. Pawlus resul höküm güni Isa Mesih «güýçli perişdeleri» bilen gelip, «Hudaýy tanamaýanlary, Özi (Isa) baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar» diýdi (2 Sel. 1:7, 8). Adamlaryň hoş habara seslenişi esasynda höküm ediljekdigini bellemek gerek. Şonuň üçin Hudaýyň habary soňuna çenli yglan ediler (Ylh. 14:6, 7). Bu Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň jogäpkärli borjudyr (Ezekiýel 3:17—19-njy aýatlary okaň)d.

13. a) Pawlus nämäni borç duýýardy we näme üçin? b) Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlara wagyz etmäge sizi näme höweslendirýär?

13 Pawlus resul adamlara hoş habary wagyz etmekde özüni borçly duýýardy. Ol: «Men greklere hem warwarlara, akyldarlara hem nadanlara borçludyryn. Şeýlelikde, elimden gelenini aýaman, siz Rimdäkilere-de Hoş Habary wagyz etmäge taýyn» diýdi (Rim. 1:14, 15). Pawlus resul özüne rehim edilendigine minnetdarlygy sebäpli, Hudaýyň merhemetinden adamlaryň hem peýdalanmagyna kömek etmek üçin janyny gaýgyrmaýardy (1 Tim. 1:12—16). Ol özüni her bir duşan adama bergili duýup, diňe hoş habary wagyz etmek bilen bergisini üzüp bilerin diýip hasaplaýardy (Resullaryň işleri 20:26, 27-nji aýatlary okaň).

14. Halkyň öňünde we öýden-öýe wagyz etmegiň esasy sebäbi näme?

14 Biz diňe bir adamlary halas etmek üçin öýden-öýe wagyz etmeýäris. Muny etmegiň ähmiýetli sebäbi bar. Malaki 1:11-däki pygamberlikde Ýehowa şeýle yglan edýär: «Gün dogandan tä gün ýaşýança meniň adym halkalaryň arasynda beýik bolar... meniň adyma getirilen sowgat arassa, çünki meniň adym halklaryň arasynda beýik bolar». Ýehowa özüni bagyş eden gullukçylar pesgöwünli gulluk edip, halkyň öňünde Ýehowanyň adyny şöhratlandyrýarlar (Zeb. 109:30; Mat. 24:14). Halkyň öňünde we öýden-öýe wagyz etmegimiziň esasy sebäbi Ýehowa «öwgi gurbanlaryny» bermek (Ýew. 13:15).

Geljekde uly wakalar garaşýar

15. a) Erihanyň gabalanyna ýedi gün bolanda, ysraýyllylar herekedini nädip güýçlendirdi? b) Şol sebäpli biziň günlerimizdäki wagyz işi barada näme diýse bolar?

15 Bu zalym dünýä weýran edilmezden öň wagyz gullugynda nähili özgerişler bolar? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Ýeşuw kitabyndaky Erihanyň basyp alynmagyna seredeliň. Hudaý Erihany weýran etmezden öň, ysraýyllylar alty günüň dowamynda günde bir gezek şäheriň daşyndan aýlanmalydy. Ýedinji gün bolsa, olar has köp tagalla etmelidiler. Ýehowa Ýeşuwa şeýle diýdi: «Siz şäheriň daşyndan ýedi gezek aýlanmaly, ruhanylar bolsa goçuň şahyndan ýasalan surnaýy çalmaly. Haçan-da olar goçuň şahyndan ýasalan surnaýy çalanlarynda... bütin halk gaty ses bilen gygyrmaly. Şonda şäheriň diwary düýbünden ýykylar» (Ýeş. 6:2—5). Belki, biz hem wagyz işini uly depginde geçirmeli bolarys. Nähili bolaýanda-da, bu zalym dünýä weýran edilmezden öň, biz adamzat taryhynda Hudaýyň ady we Patyşalygy barada uly güwä geçiljegini göreris.

16, 17. a) «Agyr muşakgat» tamamlamanka näme bolar? b) Biz indiki makalada haýsy soraglara serederis?

16 Wagyz edýän habarymyzy «söweşe gaty çagyryş» hökmünde yglan ediljek wagt geler. Ylham kitabynda güýçli höküm habary «her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly»e bilen deňeşdirilýär. Ylham 16:21-de: «Ol bela gaty aýylgançdy» diýilýär. Ýehowanyň höküm habaryny yglan etmekde öýden-öýe wagyz gullugynyň nähili ähmiýetiniň bardygyny bileris. Emma biz «agyr muşakgat» tamamlamanka, Ýehowa öz adyny öň görlüp-eşidilmedik derejede şöhratlandyrjakdygyna berk ynanyp bileris (Ylh. 7:14; Ezek. 38:23).

17 Gelejekki uly wakalara garaşmak bilen, geliň, biz mundan beýläk hem Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary yhlasly wagyz edeliň! Biz öýden-öýe wagyz edenimizde nähili kynçylyklara duşýarys we olary ýeňmäge näme kömek edýär? Bu soraglara indiki makalada serederis?

a Internet sapyhamyzyň salgysy www.watchtower.org.

b Ýowel 2:2: «Bu garaňky tümlük günüdir, bulutly we gap-garaňky günüdir. Ol dagda ýagtalýan daň şapagy kimindir». 7—9: «Olar güýçli adamlar ýaly ylgaýar, esgerler ýaly diwara çykýar. Olaryň her biri ýolundan çykman, öz ýolundan ýöreýär. Olar biri-birini itmän, sagdyn erkek adamyň öz ýoly bilen ýöreýşi ýaly ýöreýärler. Hatda biri okdan ýykylsa, beýlekileri öz ýolundan galmaýarlar. Olar şähere okdurlyp girýär, öýlere girýär we ogry kimin äpişgelerden girýär».

c Ezekiýel 9:1—6: «Soňra ol batly ses bilen şeýle diýdi, hatda menem eşitdim: «Şäheri ýok etmäge tabşyryk alanlaryň her biri elinde weýran ediji ýaraglar bilen gelsin! Demirgazyk tarapa seredip duran ýokarky derwezeden alty adam peýda boldy, gyrmak üçin her biriniň elinde ýaragy bardy; olar bilen zygyr köýnekli guşagynda mürzäniň syýa enjamy bolan adam bardy. Olar girip, misden ýasalan gurbanlyk edilýän ýeriň ýanynda durdular. Kerubileriň üstünde duran Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty öýüň bosagasyna geçdi we ol zygyr köýnekli guşagynda mürzäniň syýa enjamy bolan adamy çagyrdy. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Şäheri, Iýerusalimi, aýlanyp çyk onda bolýan ýigernç zatlardan ah çekýän we nalaýan adamlaryň maňlaýyna bellik goý». Soňra onuň beýlekilere şeýle diýenini eşitdim: «Onuň yzyna eýerip şähere gidiň we heläk ediň. Goý, gözüňiziň haýpy gelmesin we rehim etmäň. Gojany, ýigidi hem gyzy, çagany hem aýaly öldüriň we ýok ediň. Ýöne maňlaýynda belligi bolan adamlaryň hiç birine ýakynlaşmaň; mukaddes ýerimden başlaň». Olar-da öýüň öňünde bolan ýaşululardan başladylar».

d Ezekiýel 3:17—19: «Ynsan ogly, men seni Ysraýyl öýüne garawul goýdum. Sen meniň aýdan sözlerimi diňlemeli we meniň adymdan olara duýdurmaly. Eger men erbet adama: «Hökman ölersiň» diýsem, sen bolsa oňa duýdurmasaň, erbet ýolundan saklamak üçin, janyny halas etmek üçin oňa hiç zat aýtmasaň, onda ol erbet bolany üçin günäsinden öler, ýöne onuň ganyny senden soraryn. Eger sen erbet adama duýduran bolsaň, ol bolsa erbetlikden gaýtmasa, erbet ýolundan dönmese, onda ol eden günäsinden öler, sen bolsa janyňy gutararsyň».

e Eger grek talanty barada aýdylýan bolsa, onuň her doly dänesi 20 kilograma barabardyr.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Öýden-öýe wagyz etmek barada Mukaddes Ýazgylaryň haýsy aýatlarynda aýdylýar?

• Şu günler öýden-öýe wagyz gullugynyň wajyplygy nädip nygtalýar?

• Ýehowa özüni bagyş eden gullukçylarda näme üçin başgalara wagyz etmek borjy bar?

• Bize nähili uly wakalar garaşýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş