-
«Adamlaryň maňlaýyna bellik goý»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
7, 8. Eli ýaragly adamlar ýumşuny nädip ýerine ýetirdi we görnüşiň ahyrynda näme boldy?
7 Eli ýaragly alty adama nähili ýumuş tabşyryldy? Hyzkyl Ýehowanyň olara syýa gaply adamyň yzy bilen gidip, maňlaýyna bellik goýulmadyklaryň baryny gyrmagy tabşyrandygyny eşidýär. Ýehowa «mukaddes mekanyndan başlamagy» buýurýar (Hyz. 9:6). Olar aýdylyşy ýaly, Iýerusalimiň merkezindäki, Ýehowanyň ýüz öwren ybadathanasyndaky adamlary gyryp başlaýarlar. Olar ilki bilen ybadathanada ýalan taňrylar üçin tütetgi ýakýan «Ysraýyl öýüniň» 70 ýaşulusyny gylyçdan geçirýärler (Hyz. 8:11, 12; 9:6).
-
-
«Adamlaryň maňlaýyna bellik goý»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
9, 10. Iýerusalim weýran edilende kimler halas boldy we näme üçin?
9 2 Taryh 36:17—20-nji aýatlary okaň. Hyzkylyň pygamberligi b. e. öň 607-nji ýylda wawilonlylar Iýerusalimi we ybadathanany derbi-dagyn edende ýerine ýetdi. Ýehowa «elindäki altyn käsesinden» gahar-gazabyny dökdi — wawilonlylar arkaly Iýerusalimi weýran etdi (Ýer. 51:7). Şonda adamlaryň bary gyryldymy? Ýok. Hyzkylyň pygamberliginde käbir adamlaryň wawilonlylaryň elinden aman galjakdygy aýdylýar (1 Mus. 18:22—33; 2 Pet. 2:9).
10 Rehaplar, efiopiýaly Abdymälik, Ýermeýa pygamber we kätibi Baruk ýaly Hudaýa wepaly galan ençeme adamlar halas boldy (Ýer. 35:1—19; 39:15—18; 45:1—5). Hyzkylyň görnüşinden bilşimiz ýaly, olar Iýerusalimde «edilýän ýigrenji işleri görüp, ahy-nala çeken» bolmaly (Hyz. 9:4). Olar şäher weýran edilmänkä-de zalymlygy ýigrenip, Hudaýa arassa sežde edýärdiler. Şonuň üçinem halas boldular.
11. Görnüşdäki eli ýaragly alty adam bilen syýa gaply adam kimi aňladýar?
11 Hudaýa wepaly adamlaryň maňlaýyna göni manyda bellik goýuldymy? Mukaddes Kitapda Hyzkylyň ýa-da başga bir pygamberiň Iýerusalime gidip, adamlaryň maňlaýyna bellik goýup çykandygy aýdylmaýar. Hyzkyl görnüşde adamlaryň görüp bilmeýän işlerini gören bolmaly. Görnüşdäki syýa gaply adam bilen eli ýaragly alty adam wepaly perişdeleri aňladýardy. Olar hemişe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýär (Zeb. 103:20, 21). Ýehowa Iýerusalimiň biwepa halkyna çykaran hökümini berjaý edende perişdeleri hem ulandy. Erbet adamlar bilen ýok bolmaz ýaly, olar maňlaýyna bellik goýlan adamlary halas etdiler.
-