-
Danyýar pygamberiň göreldesine eýeriň!Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Awgust
-
-
6. Danyýara batyrgaý bolmaga näme kömek etdi?
6 Danyýara ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi? Ene-atasy onuň ýaş kalbyna Ýehowanyň kada-kanunlaryny guýupdy (5 Mus. 6:6—9). Ol diňe bir ysraýyllara berlen Musanyň on tabşyrygyny däl-de, Ýehowanyň kanunlaryny jikme-jik, ýagny nämäniň halaldygyny we nämäniň haramdygyny bilýärdib (3 Mus. 11:4—8; Dan. 1:8, 11—13). Şeýle-de ol ysraýyl halkynyň taryhy bilen tanyşdy. Danyýar Hudaýyň kanunlaryny äsgermezçilik edenlerinde halkyň başyna inen betbagtçylyklary bilýärdi (Dan. 9:10, 11). Onsoňam, Danyýar Ýehowanyň ençeme sapar goldandygyny gördi. Şonuň üçin hem nähili kyn ýagdaý bolsa-da, Allatagalanyň we onuň perişdeleriniň dadyna ýetişjekdigine ynamlydy (Dan. 2:19—24; 10:12, 18, 19).
-
-
Danyýar pygamberiň göreldesine eýeriň!Garawul diňi (Ýygnak üçin) 2023 | Awgust
-
-
b Belki, Danyýar üç sebäbe görä, Wawilon şasynyň saçagyndan iýen däldir. 1) Naharlar Musanyň kanunyndaky haram hasaplanýan haýwanlaryň etinden bişirilýärdi (5 Mus. 14:7, 8). 2) Haýwanlaryň gany doly çykarylmaýardy (3 Mus. 17:10—12). 3) Nahardan iýmek ýalan taňra sežde etmek hasaplanýardy (3 Musa 7:15 we 1 Korinfliler 10:18, 21, 22-nji aýatlary deňeşdiriň).
-